Ï Bahar paslynyň ajaýyp pursatlaryny janlandyrýan surat eserleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bahar paslynyň ajaýyp pursatlaryny janlandyrýan surat eserleri

view-icon 1015
Çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda “Ýaz peýzažy” ady bilen talyplaryň işleriniň ekspozisiýasy açyldy.

Haçan-da daş-töweregiň tizlik bilen özgerýän döwri bolan bahar paslynda – tebigatyň janlanyp, zeminiň gök otluga bürenip, läle-reýhana öwrülýän döwrüni - bu ajaýyp pursatlaryň has uzagrak dowam edenini isleýärsiň. Bu ata watanyň giňişliklerini öz surat eserlerinde beýan edýän talyplara başardypdyr: gök otluga beslenen meçdanlar we baglar, dag jülgeleri hem-de şaglawuklar, şillirdäp akýan çeşmeler we goralýan ýerlerde erkana otlaşyp ýören keýikler – bularyň barysy talyplaryň eserlerinde giňden beýan edilipdir.


Şäher peýzažy Aşgabat şäheriniň ajaýyp künjekleri bolan “Ylham” seýilgähi, Botanika bagy, Garajaoglanyň ýadigärliginiň ýanyndaky şaglawugyň, saýaly bagly seýilgähler hem-de şäheriň köçeleriniň bezegi bolan güller ekilen köçeleriniň mysalynda beýan edilýär.

Surat eserlerinden başga hem bahar paslynyň äheňleri sergide görkezilen gobelen eserleriniň, keramika we zergärçilik önümleriniň içinden eriş-argaş bolup geçýär. Olar dürli-dürliligi, ideýalylygy we kompozision çözgütlere özboluşly çemelenişleri bilen tapawutlanýar.