Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Ynsan kalbynyň öçmejek nury” atly täze neşiriň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu kitap Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýyl 290 ýyllyk ýubileýi halkara derejesinde bellenilýän türkmen we dünýä edebiýatynyň nusgawy wekili Magtymguly Pyragy hakynda aýdan pikirleriniň ýygyndysydyr.
Täze neşiriň tanyşdyrylyş dabarasyna ýurdumyzyň hökümet agzalary, medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, döredijilik işgärleri, alymlar, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
“Ynsan kalbynyň öçmejek nury” atly kitap üç dilde, türkmen, iňlis we rus dillerinden neşir edildi. Bu ýerde milli Liderimiziň ýurdumyzda giňden bellenilýän Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasyebtli türkmen halkyna iberen gutlaglaryndan, döwlet Baştutanymyzyň beýik şahyryň saýlanan eserlerinden ybarat neşirlerine giriş sözlerinden we hormatly Prezidentimiziň çykyşlaryndan parçalar beýan edilýär.
Dabara gatnaşyjylar öz çykyşlarynda täze neşirde Pyragynyň ruhy – edebi mirasyna goýulýan çuňňur sarpanyň, onuň eserleriniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki ähmietiniň we şahyryň öz goşgularynda arzuwlan eýýamynyň beýany ýokary derejede şöhlelendirilýär diýip bellediler.
“Magtymguly Pyragy öz döredijiliginde türkmen jemgyýetiniň aýrylmaz bölegi bolan möhüm syýasy – pelsepewi, durmuşy, ynsanperwerlikli we ruhy – ahlak garaýyşlary öňe sürýär”.
Tanyşdyryş dabarasyna gatnaşyjylaryň çykyşlarynda Magtymgulynyň paýhas çeşmesine çuňňur aralaşmaga mümkinçilik berýän döredijilik mrasynyň öwrenilmeginiň uly ähmiýetiniň bardygy aýratyn bellenildi. Çykyş edenler dünýä medenietiniň esasy bölegi bolan milletiň ajaýyp medeni-mirasynyň saklanmagynda, çuňňur öwrenilmeginde we onuň giňden wagyz edilmeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn tagallasyny bellediler. Häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda beýik şahyryň ömri we döredijiligi hakynda täze maglumatlary gözlemek, bu babatda halkara ylmy gatnaşyklaryny ösdürmek babatda ägirt uly işler alnyp barylýar.
Mälim bolşly ýaly, şöhratly türkmen şahyrynyň hormatyna guralýan ýubileý babaralary Magtymgulynyň döredijiligini onuň filosofiki garaýyşlaryny, şahyryň eserleriniň milli we dünýä edebiýatynyň baýlaşmagyndaky ornuny ylmy taýdan öwrenmek, Pyragynyň eserlerini wagyz etmek, şol sanda onuň dünýä dillerine terjime edilmegini ýola goýmak babatda maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Şeýle çäreler biziň ýurdumyzda bolşy ýaly, daşary ýurtlarda hem guralýar. Olarda şahyryň daşary ýrt dillerine terjime edilen täze eserler ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabaralary guralýar, şeýle hem maslahatlar, sergiler, Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyrylýar.
Hormatly Preidentiniň Kararyna laýyklykda şu ýylyň maý aýynda “Magtymguly Pyragy we umumyadamzat medeni gymmatlyklary” atly Halkara ylmy maslahatyny geçirmek meýilleşdirildi. Bu çäre türkmen nusgawy edebiýatynyň türkmen halkynyň durmuşy, Gündogaryň ylmy – medeni taryhy ýagdaýlar bilen aýrylmaz baglanyşygyny açyp görkezmäge onuň eserlerini ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň we halkara ylmy-medeni jemgyýetçiliginiň arasynda wagyz etmäge gönükdirilendir.
Magtymguly Pyragynyň baý döredijilik mirasy türkmen halkynyň ruhy gymmatlygynyň, onuň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir. Üç ýüz ýyla golaý mundan ozal döredilen eserler häzirki döwürde hem öz wajyplygyny we şahyryana ähmiýetini ýitirmeýär. Olar dünýä halklarynyň dillerinde ýaňlanýar we ynsan kalplarynda ajaýyp duýgulary oýarýar we her bir adamyny parhsyz goýmaýar.
Milli Liderimiz Magtymgulyny ynsan kalbynyň tenekary diýip atlandyrýar. Nusgawy şahyryň döredijiligi bilen tanyş bolan her bir adam munuň şeýledigine göz ýetirer. Pyragynyň goşgularyna köpsanly aýdymlar döredildi. Olar diňe bir halk aýdymlary bolmak bilen çjklenmän, eýsem häzirkizaman saz sungatynda hem möhüm orun eýeleýär. Şahyryň keşbi we onuň gymmatly setirleri ýazyjylary, kompozitaorlary, suratkeşleri, heýkeltaraşlary we kinematografiýaçylary ruhlandyrýar.
Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan taýýarlanylan we köpçülikleýin neşir edilen “Ynsan kalbynyň öçmejek nury” atly kitap gündogar äheňinde, göze gelüwli derejede bezelipdir. Bu kitap hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözleri bilen beýik söz ussadyna bolan türkmen halkynyň çirksiz söýgüsini ýakyndan duýmaga mümkinçilik berýär.
“Magtymgulynyň şahyrana mirasy biziň üçin özboluşly terbie mekdebi bolup durýar: biziň halkymyz asyrlaryň dowamynda beýik akyldaryň ynsanperwerlikli ýörelgeleri esasynda nesillerini terbiýeläpdir”.
Şeýlelikde, halkyň nusgawy mirasy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýokary ruhy galkynyşy we milli ylmyň, medenietiň, sungatyň täze durmuşyny, täze öwüşgünini alamatlandyrýar.
Tanyşdyryş çäresine gatnaşyjylar we hökümet agzalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna “Ynsan kalbynyň öçmejek nury” atly täze kitabynyň neşir edilmegi mynasybetli gutlaglaryny iberdiler we milli Liderimize ylmyň we medeniýetiň meselelerine, milli mirasy öwrenmäge we wagyz etmäge içgin üns berýändigi, türkmen halkynyň ruhy hazynasyny gorap saklamak we artdyrmak baradaky hemmetaraplaýyn tagallasy üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.