Ï Türkmenistanda halkara teatr festiwaly tamamlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda halkara teatr festiwaly tamamlandy

view-icon 697
Şu gün türkmen paýtagtynda “Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty” atly II halkara festiwaly tamamlandy. Türkmenistanyň döwlet medeni merkeziniň Mukamlar köşgünde bolan dabara wekilçilikli teatr gözden geçirilişiniň jemleýji çäresi boldy.

Ozal habar berlişi ýaly, bu uly döredijilik gözden geçirilişi myhmansöýer türkmen topragynda dünýäniň 14 döwletinden, şol sanda Hytaýdan, Russiýadan, Türkiýeden, Germaniýadan, Eýrandan, ABŞ-dan, Efiopiýadan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Gazagystandan, Ukrainadan, Ermenistandan, Täjigistandan, Fransiýadan dünýäniň dürli yklymlarynyň artistlerini birleşdirdi.

Teatr festiwaly ýurdumyzyň jemgyýetçilik-medeni durmuşynda şanly waka, umumadamzat ruhy gymmatlyklarynyň, parahatçylyk taglymlarynyň, döredijilik maslahatyny geçirmegiň başlangyjynda beýan edilen hoşnýetliligiň we döredijiligiň ajaýyp hem-de ynandyryjy beýany boldy. Ol häzirki wagtda oňyn halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de döwrüň möhüm meselelerini çözmek üçin medeni diplomatiýanyň ähli mümkinçiliklerini üstünlikli peýdalanýan Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň parahatçylygy üpjün ediji wezipesini ýene-de tassyklady.

Halkara teatr gözden geçirilişiniň maksatnamasy teatr toparlarynyň 16-synyň çykyşyny özünde jemledi. Ýurdumyzyň esasy teatr toparlary türkmen sungatyna wekilçilik etdiler. Üç günüň dowamynda aşgabatlylar we türkmen paýtagtynyň myhmanlary festiwalyň ruhy peşgeşlerine—täsin, döredijilige, baý açyşlara we unudylmaz duşuşyklara, dostluk baýramçylygyna haýran galdylar. Artistleriň ähli çykyşlary türkmen paýtagtynyň iň oňat sahnalarynda geçirildi. Hytaý Halk Respublikasynyň opera teatrynyň we Efiopiýanyň Milli teatrynyň toparlary Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň sahnasynda hem çykyş etdiler. Şeýlelikde, türkmenistanlylar dünýäniň halklarynyň teatr sungaty, dürli teatr toparlarynyň artistleri, režissýorçylyk we sahna işleri bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Festiwalyň çäklerinde kärdeşleriň duşuşyklarynyň barşynda teatr sungatyny ösdürmegiň häzirki zaman ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwrebap teatr sungatynyň innowasiýalardan çetde durmaýandygy gizlin zat däldir. Häzirki zaman teatry örän çylşyrymly we köptaraply ýagdaýdyr. Teatr tomaşaçylary çekmek üçin öňdebaryjy tehnologiýalary we ylmy--tehniki ösüşiň gazananlaryny giňden peýdalanyp, batyrgaý synaglary geçirip, sahna materialyny beýan etmegiň täze görnüşlerini agtarýar. Bu gün sahna sungatynyň mümkinçilikleri uly möçberli çäreleri, şol sanda sport çärelerini geçirmekde hem peýdalanylýar, munuň özi Aziada 2017-ä taýýarlyk görülmegi mynasybetli ýurdumyz üçin aýratyn möhümdir.

Şunuň bilen birlikde, durmuşy ykrar edýän ruhy galkynyş sahna eseriniň žanryna we görnüşine garamazdan üýtgewsiz bolmagynda galýar, ol teatr sungatynyň gönüden-göni tomaşaça ýüzlenmegini, parahatçylygyň, hoşniýetliligiň we adalatlylygyň taglymlaryny wesýet edijiniň ornuny özünde jemleýär. Munuň şeýledigini teatr toparlary--Aşgabadyň teatr festiwalyna gatnaşyjylar tassykladylar. Olaryň sahna oýunlary doly döredijilik başarnygy hem-de ak ýürekliligi, çuňňur özboluşlylygy, keşpleri beýan etmegiň özüne çekijiligi, islendik dilde baky we düşnükli bolan taglymlarda abraýa we borja, söýgä hem-de dostluga, ahlak tämizligine hem-de ynsan mertebesine, durmuşyň ýokary many-mazmunyna we beýlekilere ygrarlylygy bilen tapawutlandy. Festiwalda milli we dünýä nusgawy eserleriniň hazynalaryndan eserler, häzirki zaman dramaturgiýasy, sazly we gurjak oýunlary, tansyň hem-de pantomimanyň dilinde oýunlar görkezildi.

Başarjaň artistleriň her bir çykyşy öz halkynyň köpasyrlyk däplerine söýgä hem-de hormat goýmaga ýugruldy we şu gün Mukamlar köşgünde bolan “Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty” atly II halkara festiwalynyň dabaraly ýapylyşyna artistleri mähirli garşylan köpsanly türkmen teatr muşdaklarynyň ýüreklerinde seslenme tapdy.

Ajaýyp zalda asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeni däplere we döwlet ösüşiniň dürli ugurlarynda häzirki döwürde gazanylanlara baý ýurt hökmünde halkara jemgyýetçiligine açylýan mähriban Watanymyza bagyşlanylan aýdym belent we ruhubelent ýaňlandy.

Ähli teatr toparlarynyň wekilleri sahna çykýarlar. Teatr gözden geçirilişine gatnaşyjylary sylaglamak dabarasy başlanýar, olara döredijilik maslahatynyň diplomlary we gül desseleri gowşurylýar.

Biziň myhmanlarymyz festiwaly guraýjylardan hem sowgatlary aldylar, şol sowgatlar olara Türkmenistanda geçirilen günleri hakynda uzak wagtlap ýatladar.

Myhmanlaryň türkmenistanlylara hoşallygynyň döredijilik görnüşinde şu hoşlaşyk agşamda beýan edilendigi doly kanunalaýyk ýagdaýdyr. Olar halklaryň parahatçylygyny we dostlugyny, döredijilik agzybirligini wasp edýän aýdymlary aýtdylar. Iri möçberli teatr gözden geçirilişiniň başyny başlaýjy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, dünýäniň dürli ýurtlaryndan artistleri mähirli kabul eden ähli türkmenistanlylaryň adyna ençeme hoşniýetli sözler we mähirli arzuwlar ýaňlandy.

Sylaglamak dabarasy tamamlanandan soň “Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty” atly II halkara festiwalyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip türkmen döwletiniň Baştutanyna milli medeniýeti ösdürmek, ýurdumyzda hemmetaraplaýyn döredijilik işi üçin örän amatly şertleri döretmek hakynda ýadawsyz alada edýändigi üçin, şeýle hem dürli ýurtlaryň sungaty bilen duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdiler.