Ï Türkmenistan-ABŞ: medeni miras ulgamynda hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-ABŞ: medeni miras ulgamynda hyzmatdaşlyk

view-icon 805
Abraýly halkara guramalary we gaznalary bilen, şol sanda “Medeni mirasy gorap saklamak boýunça ABŞ-nyň ilçisiniň gaznasy” bilen hyzmatdaşlyk milli taryhy we medeni ýadygärlikleri gorap saklamak hem-de dikeltmek babatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň goldaw bermeginde soňky iki ýylda Daşoguz welaýatynda orta asyra degişli iki sany binagärlik ýadygärliklerinde dikeldiş işleri geçirildi, olar medeniýet babatda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň nobatdaky desgalary boldy. Dikeldiş işleri Taryh we medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, öwrenmek we dikeltmek boýunça Türkmenistanyň Milli müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan amala aşyryldy.

Birinji taslama XIV asyryň özboluşly sungat ýadygärligini, ýagny maýolik mazar daşyny we Köneürgençde Nejmeddi Kubranyň kümmetinde bolan hem-de bir ýarym asyrdan gowrak mundan öň merkezi zalynyň üstündäki gümmeziň ýumrulmagy netijesinde weýran bolan dört gyraňly bezeg sütünini dikeltmegi maksat edinýär. Ýadygärligiň esasyny düzýän bu iki bölek özboluşly muzeý gymmatlygyndan ybarat bolan sungat eserleridir.

Ilki başda dikeldiş işleri maýolik syrçanyň saklanyp galan parçalaryny tükellemek, olary resminamalaşdyrmak we taslamanyň ylmy taýdan esaslandyrylan maksatnamasyny işläp taýýarlamak bilen geçirildi. Dikeldijileriň öňünde mazar daşynyň görnüşiniň we öňki ýagdaýyna getirmek bilen prizmalarynyň durkuny täzelemek wezipesi durýar, ýöne olaryň üst tarapyny örtmek ýitirilen böleklerini relýefde görkezmek bilen diňe maýolit plitalarynyň hakyky galyndylary bilen çäklenýär.

Şol bir wagtda synag hökmünde mazar daşynyň uçastoklarynyň biriniň ýüzüni örtmek üçin orta asyra degişli syrçaly keramikanyň nusgasyny dikeltmäge synanyşyk edildi. Kenotafyň daşky görnüşini we sütünleri doly derejede durkuny täzelemek hem-de olaryň daş örtükleriniň saklanyp galan ähli uçastoklaryny dikeltmek taslamanyň netijesi bolup durýar, munuň özi indi ýadygärligi giň köpçülige hödürlemäge we ony mundan beýläk-de ylmy taýdan öwrenmek üçin elýeterli etmäge mümkinçilik berýär. Mundan başga hem orta asyr türkmen ussatlarynyň bu owadan eserini ilki başdaky görnüşine çenli durkuny täzelemegiň reňkli nusgasy döredildi.

Ikinji taslama Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda Ysmamyt atanyň ýadygärlikler toplumyny dikeltmegiň nobatdaky tapgyrydyr.

Öň gaznanyň serişdelerine eýýäm ýadygärligiň zeper ýeten bölegi kem-käsleýin dikeldildi, indi dikeldijiler onuň esasy bölegini tamamladylar. Alymlar bu tutuş çylşyrymly, köp düzümli toplumyň bir bitewi pikir bilen gurulmandygyny, eýsem, köp ýyllaryň dowamynda kem-kemden barha täze we täze gurluşyklar bilen emele gelendigini anykladylar. Ýedi gümmez bilen üsti örtülen uzyn däliziň diňe bir bölegi has gadymy bolup durýar, ol Daşköçedir. Bu ýerde baryp orta asyrda wagtyň geçmegi bilen üsti ýapyk galereýanyň bir bölegi bolan kümmet gurlupdyr. Toplumyň galan bölekleri kümmetinden has täzedir. Ilkinji nobatda, munuň özi burçunda dört sany kelýalar bolan we çuňňur eýwanyň esasy girelgeçine galtaşýan inedördül görnüşdäki metjitdir. Ysmamyt ata toplumyny dikeltmegiň taslamasynyň awtorlary iň heläkçilikli we has gadymy böleklerinden başlamak bilen, toplumyň tapgyrma-tapgyr durkuny täzelemegi maksat edindiler. Indi bu iş tamamlandy we gadymy desganyň ömri uzaldyldy.

Mälim bolşy ýaly, Ysmamyt ata toplumy Nejmeddin Kubranyň kümmeti ýaly diňe bir döwlet tarapyndan goralýan binagärlik ýadygärligi bolman, eýsem, ol ýurdumyzyň demirgazygynda has meşhur dini mukaddeslik bolup durýar. Bu ýerlere zyýaratçylaryň we syýahatçylaryň gelýän yzygiderli akymy degişli düzümleri we olaryň tehniki ýagdaýyna gözegçiligi talap edýär, şol işler UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýän “Köneürgenç” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň güýçleri bilen amala aşyrylýar.

Daşoguz welaýatynda täze dikeldiş taslamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy gumanitar ulgamda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň netijeliligine şaýatlyk edýär. Ähli ýerine ýetirilen işleri berk ylmy esasda, soňra ýörite hem-de köpçülikleýin çap edilen işlerde beýan etmek bilen resminamalaşdyrmak, şeýlelikde, ony bütin dünýäde wagyz etmäge ýardam etmek bilen Türkmenistanyň egsilmez taryhy-medeni mirasy hakyndaky düşünjeleri baýlaşdyrýar.