Ï Býujet maliýeleşdirilmegi: täze çemelelşmeler we ýörelgeler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Býujet maliýeleşdirilmegi: täze çemelelşmeler we ýörelgeler

view-icon 11573
Şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Mejlisi Býujet kodeksini kabul etdi. Bu – bütewi kanunçylyk namasy bolup, býujet ulgamynyň guralyşynyň we hereket edişiniň ýörelgelerini kesgitleýär, býujet işiniň we býujetara gatnaşyklarynyň esaslaryny kesgitleýär.

Býujet kodeksine girizilen täzeliklerden býujet üç döwür üçin dörediler, ýagny meýilleşdirmegiň we tassyklamagyň ortaça gyssagly ulgamyny görkezmek bolar. Bu býujet işiniň yzygiderliligini, meýilleşdirilýän döwriň ýyllar boýunça jemleriniň özara gatnaşygyny, döwlet tarapyndan maliýeleşdirmegiň netijeliligini ýokarlandyrmaga şert döreder.

Kodeksde Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň gurluş düzümini girdejileriň esasy çeşmeleriniň hasabyna döwletiň, şol sanda ýurduň sebitleriniň hem, maliýe mümkinçiligini kesgitlemegi göz öňünde tutýan döwlet pul maýalarynyň statikasynyň halkara ülňülerine laýyk getirilmegini göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň has kämil býujet klassifikasiýasynyň girizilmegi möhüm kada bolup durýar. Ol býujetiň ortaça gyssagly meýilleşdirilmegine, býujetleşdirmegiň programmalaýyn-maksatlaýynusuluna we buhgalter hasabatynyň hem-de maliýe hasabatynyň milli standartlarynyň borçlaryna jogap berýär. Täze gurluş düzüminiň girizilmegi býujet serişdelerini döretmek we harçlamak işleriniň aýanligyny üpjün eder.

Býujet serişdelerini netijeli planlaşdyrmak we peýdalanmak maksady bilen kodekse netijäni nazarlaýan programmalaýyn býujetleşdirmegiň elementleri girizilýär. Döwlet dolandyrylyşynyň derejesine baglylykda döwlet we ýerli býujet programmalary, çykdajylary göz öňünde tutulýar. Olaryň amala aşyrylyş degişli býujetde göz öňünde tutular.

Döwlet edaralaryny (guramalaryny) – döwlet býujet maksatnamalrynyň dolandyryjylaryny olaryň ortaça möhlete niýetlenen býujet maksatnamasynda kesgitlenen we degişli býujet maksatnamalary esasynda çykdajylary maliýeleşdirmek býujeti düzmegiň we ýerine ýetirmegiň täze kadasy bolup durýar. Býujet maksatnamalary birmeňzeş döwlet wezipeleri, ygtyýarlyklary we döwlet hyzmatlary ýa-da býujet maksatnamalryny dolandyryjylarynyň işiniň ugurlary boýunça toparlara bölünýär. Olarda durmuşa geçirilmeginiň göni (durmuşa geçirilýän döwlet wezipeleriniň we döwlet tarapyndan edilýän hyzmatlaryň möçberiniň mukdary) we ahyyrky netije ilatyň ýaşaýyş derejesiniň we hiliniň ýagdaýyny (ýagdaýynyň üýtgeşini), jemgyýetçilik howpsuzlygynyň üpjün edilşini, durmuş ulgamynyň, döwlet dolandyrylyşynyň beýleki ulgamlarynyň we ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüş derejesi göz öňünde tutulýar. Býujet maýa goýumlary hem döwlet, şeýle hem ýerli býujet maýa goýumlary, mundan hem başga döwlet ýuridik şahslaryň esaslyk maýasyna gatnaşmagy esasynda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar. Býujet maýa goýum taslamalary ykdysadyýetiň degişli pudagynyň (bölüminiň) ösüşiniň esasy ugurlaryna gabat gelmelidir. Ol Türkmenistanyň strategiki we maksatnamalaýyn resminamalarynda kesgitlen bolmalydyr. Onuň amala aşyrylmagy bilen ykdysady netije alynmmalydyr. Döwlet maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek Merkezleşdirilen býujetiň serişdeleriniň hasabyna, ýerli býujet taslamalaryny maliýeleşdirmek bolsa, ýerli býujetiň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

Maksatnamalaýyn býujetler boýunça býujetiň düzülmegi we ýerine ýetirilmegi Merkezleşdirilen we ýerli býujetleriň býujet maksatnamalarynyň dolandyryjysy tarapyndan onuň maksatlaryna we wezipelerine laýyklykda ölçelen işleriň jemlerine çykdajylarynyň ugurlaryny üpjün etmäge şert döreder. Başga söz bilen aýdylanda, çäklendirilen býujet serişdelerini ulanmak bilen, iň ýokary göni netijelerini almaga, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport, kommunal we durmuş hyzmatlary ulgamlarynda standartlara laýyk gelýän döwler hyzmatlaryny bermäge şert döredet. Bularyň barysy örän möhümdir. Sebäbi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda amala aşyrylýan býujet syýasatyna örän uly ähmiýet berýär.

Býujetara gatnaşyklar we olary düzgünleşdirmegiň görnüşleri kodeksiň ikinji bölüminde görkezilýär. Döwlet dolandyryş derejesiniň arasyndaky paýlanylmanyň borçlaryna laýyklykda amala aşyrylýan býujetara gatnaşyklaryň düzgünleşdirmegiň görnüşleri bolup durýar, girdejileriň paýlanylmanyň kadalyk ölçegleri, býujetara grantlar we subsidiýalar bilen düzgünleşdirmek kodeks tarapyndan kesgitlenendir.

Kodeksde Býujet düzülmegi Türkmenistanyň we sebitleriň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlarynyň çaklamasynyň, Türkmenistanyň maýa goýum maksatnamasynyň esasynda amala aşyrylýar diýlip aýdylýar. Kodekse laýyklykda, býujeti düzmegiň barşynda meýilnama döwri üçin “Türkmenistanyň Döwlet býjeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy, ýerli häkimiýetiň wekilçilikli edarasynyň ýerli býujet hakynda çözgüdiniň taslamasy, şeýle hem döwlet edaralarynyň orta möhletli meýilnamasy we býujet maksatnamalarynyň taslamasy işlenilip düzülýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýa-da ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli guramasy tarapyndan tassyklanan bu taslamalar Türkmenistanyň Mejlisine ýa-da ýerli häkimiýetiň wekilçilikli guramasyna tassyklamak üçin berilýär. Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň tassyklanan hukuk kadasy Türkmenistanyň Kanunynda kesgitlenendir, ýerli býujetler – ýerli häkimiýetiň degişli wekilçilikli guramalarynda kesgitlenendir.

Býujetiň ýerine ýetirilişine, býyjetiň girdejileriniň gelip gowuşmagy babatda çaklamalaryň düzülşine we çykdajyalryň ýerine ýetirilişine, girdejileriň býujete öz wagtynda gelip gowuşmazlygynyň sebäpleriniň ýüze çykarylyşyna, borçnamalaryň kabul edilşine we býujet maksatnamalary boýunça tölegleriň geçirilişine gözegçilik etmek maksady bilen, býujetiň ýerine ýetirilişi barada maglumatlaryň ulgamlaýyn toplanylmagy we olaryň seljerilmegi býujete gözegçilik (monitoring) geçirmek bolup durýar. Şeýle hem býujeti takyklamagyň düzgünini, sekwestr geçirilmegini kesgitleýän kadalar göz öňünde tutulandyr.

Türkmenistanyň Býujet kodeksi Ýeke-täk gazna hasaby arkaly býujetiň ýerine ýetirilişi boýunça, şol sanda maksatlaýyn döwlet gaznasy boýunça hem, işleriň amala aşyrylyşyny üpjün edýän ýeke-täk kassa ulgamynyň girizilmegini göz öňünde tutýar. Maksatlaýyn döwlet gaznalary raýatlaryň pensiýa üpjünçiligine, işsizlik ýagdaýynda durmuş goragyna, saglygyny goramaga we saglygy goraýyş hyzmatyna bolan konstitusion hukuklaryny durmuşa geçirmek üçin niýetlenilýär, olar Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň düzüminde döredilip biliner. Ýeke-täk kassa ulgamynyň girizilmegi maliýe düzgünleriniň talaplaryna laýyklykda býujetiň gürrüňsiz ýerine ýetirilmegini, býujeti ýerine ýetirmek boýunça işleriň aýanlygyny we netijeliligini üpjün eder.

Býujet serişdelerini dolandyrmak, grantlary meýyilnamalaşdyrmak, çekmek we peýdalanmak, buhgalter we býujet hasaby we hasabaty, döwlet maliýe gözegçiligini amala aşyrmak, şeýle hem býujet maksatnamalaryny amala aşyrmak boýunça kesgitli maksatlaýyn çykdajylary amala aşyrmaga ýuridiki şahsalara şertleri döretmegiň düzgünleri bellenilýär.

Türkmenistanyň “Türkmenistanyň Býujet kodeksini tassyklamak we herekete girizmek” hakyndaky Kanunyna laýyklykda, býujet işleri tapgyrlaýyn amala aşyrylar. 2016-2017 ýyllar üçin döwlet býujetiniň düzüminde, ony Türkmenistanyň “Býujet ulgamy hakynda” Kanunyna laýyklykda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar, aýry-aýry ministrlikler boýunça pilot taslamasy täze düzgünler boýunça amala aşyrylar. Eýýäm Türkmenistanyň 2018-2020-nji ýyllar üçin Döwlet býujeti (meýilnama döwri üçin) Türkmenistanyň täze Döwlet kodeksine laýyklykda işläp taýýarlamagy göz öňünde tutýar. Býujet kodeksiniň kabul edilmegi döwlet maliýe serişdelerini dolandyrmagyň hukuk esaslarynyň gowlandyrylmagyny üpjün eder, býujetiň pullarynyň göýberilmeginiň netijeliligini we berilýän döwlet hyzmatlarynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam eder.