Şu ýyl beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy giňden we dabaraly bellenilip geçilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2012-nji ýylyň martynda dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna giren Magtymguly Pyragynyň baý medeni mirasyny bütin dünýäde wagyz etmek hem-de ylmy esasda öwrenmek maksady bilen, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyny baýram etmek baradaky Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, toý dabaralaryny geçirmek boýunça guramaçylyk komiteti döredildi.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we daşary ýurtlarda beýik şahyryň we akyldaryň doglan gününe gabatlanan çäreler geçirilýär. Türkmenistanyň ministrliklerinde we pudak edaralarynda, kärhanalarda, ylmy edaralarda, okuw mekdeplerinde hem-de medeniýet öýlerinde maslahatlar, duşuşyklar, çeper okaýyşlar, ýygnaklar, hünär bäsleşikleri we beýleiki çäreler guralýar. Şeýle çäreleriň esasy maksady Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny mundan beýläk-de giňden wagyz etmekden, bu babatda ylmy barlaglary çuňlaşdyrmakdan, halkara ylmy-edebi jemgyýetçiliginiň ünsüni beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň şygryýet hem-de pelsepewi dünýäsine çekmekden ybaratdyr. Şahyryň öçmez-ýitmez eserleri, goşgularda beýan edilen ynsanperwerlik garaýyşlary diňe bir XVIII-XIX asyrlarda ýaşan türkmenleriň durmuşyna däl, eýsem, Gündogaryň ähli halklarynyň durmuşyna uly täsirini ýetiripdir.
Ýörite toý dabaralaryna gabatlanylyp şahyryň döredijiligini öwrenmegiň esasy ugurlaryny hödürleýän ylmy we ylmy-köpçülikleýin neşirler taýýarlanyldy. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan beýik nusgawy şahyra bagyşlanan “Sözüm saňa, Pyragy”, “Magtymguly Pyragy”, “Magtymguly we Gündogar edebiýaty”, “Magtymguly Pyragy hakyndaky rowaýatlar”, “Magtymguly –ylham çeşmesi”, “Magtymgulynyň golýazmalarynyň derňewi” atly kitaplar, “Köňül gözgüsi” atly makalalar ýygyndysy neşir edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň nusgawy şahyryň ömri we döredijiligi, pelsepewi garaýyşlary hakyndaky pikirleri, aýdan sözleri “Ynsan kalbynyň öçmejek nury” atly kitapda ýerleşdirildi we bu kitap türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edildi. Şeýle hem “Magtymguly” atly operanyň, şahyryň sözlerine döredilen aýdymlaryň, oňa bagyşlanan goşgularyň ýazgysy ýerleşdirilen audio we wideo
diskleri, mekdep okuwçylary üçin beýik şahyryň doglan gününiň 290 ýyllygynyň nyşany we şahyryň suraty şekillendirilen harytlaryň dürli görnüşlerini taýýarlamak meýilleşdirildi.
Beýleki ýurtlarda geçirilýän duşuşyklar toý dabaralarynyň arasynda aýratyn orun eýeleýär. Jemgyýetçilik işgärleri we alymlar, edebiýaty öwrenijiler we Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň muşdaklary onuň beýikligine, çeperçilik taýdan kämilligine, şahyryň şygryýetiniň köpugurlylygyna, eserleriniň çuň many-mazmunlylygyna uly sarpa goýýarlar.
Golaýda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň gatnaşmagynda beýleki ýurtlaryň hem birnäçesinde, şol sanda Belarusda, Gazagystanda, Ukrainada ylmy-amaly maslahatlar geçirildi. Her gün diýen ýaly dünýäniň dürli şäherlerinde jemgyýetçilik işgärleriniň we alymlaryň, edebiýatçylaryň we Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň muşdaklarynyň beýik şahyra bagyşlanan duşuşyklara, maslahatlara we beýleki çärelere gatnaşýandygy baradaky habarlar gelip gowuşýar.
Minsk şäherinde hem bu şanly sene giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi. Golaýda bu ýerde Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanan “Magtymguly Pyragy – beýik şahyr we akyldar” atly halkara ylmy maslahaty hem-de döredijilik agşamyny gurady.
Belarusyň Ýazyjylar öýünde geçirilen foruma Belarus Respublikasynyň hökümetiniň we daşary syýasat edarasynyň, Medeniýet ministrliginiň, Minskde işleýän diplomatik düzümiň we halkara guramalarynyň, Ýazyjylar birleşiginiň wekilleri, şeýle hem Belarus Respublikasynda okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar. Maslahata gatnaşmak üçin dostlukly döwletiň paýtagtyna türkmen wekiliýeti ugradyldy. Onuň düzümine Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary, “Galkynyş” folklor-etnografiki tans topary girdi. Maslahatyň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň belarus dilinde neşir edilen ýygyndysynyň tanyşdyryş dabarasy we türkmen halylarynyň sergisi guraldy.
16-njy aprelde Almaty şäherinde, Alymlar öýüniň maslahatlar zalynda “Magtymguly we türki dilli edebiýat” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Foruma Türkmenistanyň Golýazmalar institutynyň, Gazagystan Respublikasynyň Milli Ylymlar akademiýasynyň ylmy institutlarynyň-R.B.Suleýmenow adyndaky Gündogary öwreniş institutynyň, A.Baýtursynow adyndaky Dili öwreniş institutynyň, Edebiýat we sungat institutynyň, Filosofiýa institutynyň, Syýasaty we dini öwreniş institutynyň ýolbaşçylary, şeýle hem dostlukly ýurduň Ýazyjylar birleşiginiň agzalary gatnaşdylar. Magtymgulynyň goşgularynyň gazak dilinde neşir edilen kitabynyň tanyşdyryş dabarasy tamamlanandan soň, ylmy foruma gatnaşyjylara bu edebi-çeper neşiri gowşurmak çäresi boldy. Maslahatyň çäklerinde türkmen suratkeşleriniň döreden suratlarynyň, türkmen halylarynyň sergisi geçirildi hem-de Türkmenistanyň we Gazagystanyň medeniýet işgärleriniň çykyşlary guraldy.
Beýik şahyryň we akyldaryň türkmen nusgawy edebiýatynyň ösmegine ýetirýän täsiri uludyr. Şoňa görä-de, onuň döredijiligi indi onýyllyklaryň dowamynda düýpli seljerilýär we öwrenilýär. Häzirki türkmen döwletiniň parahatçylyk, ösüş ýolunda gazananlary nukdaýnazaryndan Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynyň giňden wagyz edilişi şu ýylyň 15-nji aprelinde Kiýewiň Taras Şewçenko adyndaky milli uniwersitetinde geçirilen “Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyny baýram etmegiň çäklerinde türkmen-ukrain medeni gatnaşyklary” atly maslahatda öz beýanyny tapdy.
Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy tarapyndan hem-de Kiýewiň Taras Şewçenko adyndaky milli uniwersitetiniň Filologiýa intsitutynyň türkologiýa kafedrasy tarapyndan guralan maslahata Ukrainanyň jemgyýetçilik işgärleri, Ukrainada işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň, Medeniýet ministrliginiň, şol ýerde ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, professorlar we mugallymlar, talyplar gatnaşdylar.
Hödürlenen çykyşlarda ukrain alymlarynyň Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bolan garaýyşlary beýan edildi. “Magtymgulynyň eserleriniň Ukrainada kabul edilişi”, “Magtymgulynyň şygryýetiniň usullarynyň aýratynlyklary” , “Magtymgulynyň döredijiliginiň äheňleri”, “Magtymgulynyň döredijiliginiň türki şygryýetdäki orny”, “Rus we ukrain edebiýatlary bilen baglylykda Magtymgulynyň döredijiligine garaýyşlar” atly mowzuklaýyn çykyşlar we beýlekiler maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Şeýle hem maslahatyň çäklerinde “Magtymguly. Şygryýet” atly kitabyň tanyşdyrylyşy boldy. Bu kitap beýik türkmen şahyrynyň ukrain diline terjime edilen eserleriniň ýygyndysydyr.
Ozal habar berlişi ýaly, aprel aýynyň ilkinji günlerinde Stambulyň Fatih uniwersitetinde “Magtymguly we dünýä edebiýaty” atly ylmy maslahat geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasyna Türkmenistanyň alymlaryndan we medeniýet işgärlerinden düzülen wekiliýet ugradyldy. Beýik şahyra bagyşlanan bu maslahaty Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Halkara uniwersitetler birleşigi, Fatih uniwersiteti we Halkara türkmen-türk uniwersiteti guradylar we geçirdiler.
Ylmy forumyň geçirilýän ýeri hökmünde Fatih uniwersitetiniň seçilip alynmagy tötänden däldir. Bu ýerde dünýäniň dürli ýurtlaryndan talyplar okaýarlar, köpsanly sebit we halkara maslahatlary, ylmy-barlag, medeni we sport çäreleri yzygiderli geçirilýär. Uniwersitet dünýäniň köpsanly ylmy institutlary we ýokary okuw mekdepleri, şol sanda Türkmenistanyň okuw mekdepleri bilen ysnyşykly gatnaşyklary saklaýar. Bu abraýly ýokary okuw mekdebinde türkmen alymlarynyň hem-de medeniýet işgärleriniň gatnaşmagynda ylmy maslahatlar we dabaralar ençeme gezek geçirildi. Fatih uniwersiteti türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem Türkiýäniň bu iri ýokary okuw mekdebiniň hormatly doktory bolup durýandygyny ýatladýarys.
Stambuldaky maslahata gatnaşmak üçin iberilen türkmen alymlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Magtymguly Pyragynyň şygryýetiniň orny we ähmiýeti, onuň mirasynyň öwrenilişi hem-de şahyryň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçirilýän dabaralar barada gürrüň berdiler. Nygtalyşy ýaly, türkmen halkynyň isleg-arzuwlaryny beýan edijiler, taryhy aýawly saklaýjy bolan türkmen edebiýatynyň görnükli şahyrlary belent ahlak gymmatlyklaryny saklaýjylar hökmünde ykrar edilip, adamlaryň dünýägaraýşyna, olaryň ahlak nukdaýnazarlaryna we jemgyýetiň maksatlaryny kemala getirmäge ägirt uly täsiri bolupdyr. Söz ussatlaryna uly hormat goýmak bilen, türkmen halky olaryň atlaryny taryh üçin, nesiller üçin aýawly saklap geldi.
Alymlar we jemgyýetçilik işgärleri Magtymguly dünýä möçberindäki şahsyýet bolmak bilen, ençeme asyrlar mundan öň bolşy ýaly, bu gün hem dünýäniň halklaryny umumyadamzat ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän şygryýetiň belent ruhy bilen birleşdirýän jebisleşdiriji güýç hökmünde çykyş edýär diýip nygtadylar. Biziň hemmämizi Magtymguly, onuň asyrlaryň jümmüşinden geçen şygyrlarynyň çuňňur many-mazmuny we öçmejek nury birleşdirdi diýip, dabara gatnaşyjylar aýtdylar.
Şeýle hem şu aýda Seulda Magtymguly Pyragynyň koreý dilinde neşir edilen goşgularynyň ýygyndysynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Täze kitap koreýaly okyjylara ajaýyp sowgat bolar. Munuň özi şol okyjylar üçin beýik türkmen şahyrynyň döredijiliginiň ummasyz dünýäsini açar. Bu biziň halklarymyzy ruhy taýdan ýakynlaşdyrmakda uly ähmiýete eýe bolup, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna ýene-de bir uly goşant bolar. Soňky ýyllarda iki dostlukly ýurduň köptaraply hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry hökmünde gumanitar gatnaşyklaryň işjeň ösdürilýändigini bellemelidiris.
Tanyşdyryş dabarasyndan soň, dünýä edebiýatynyň ajaýyp nusgawy şahyrynyň döredijilik mirasyny öwrenmäge we eserleriniň terjimelerine, türkmen we koreýa edebiýatynyň deňeşdirme seljermesine bagyşlanan meseleler boýunça okuw maslahaty geçirildi. Iki ýurduň edebiýatlarynyň ösüşinde folklor däpleri, halk döredijiligi möhüm orun eýeleýär. Şol däpler häzirki wagtda hem milli medeniýetleri baýlaşdyrmagyny dowam edýär. Bu okuw maslahaty beýik türkmen şahyrynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanyp şu ýerde, Seulda geçirilen maslahatyň bir bölegine öwrüldi.
Şol maslahatyň işine Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň we bu ýurtda işleýän diplomatik korpusyň, Koreýa Respublikasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky dostluk assosiasiýasynyň, ylmy intelligensiýanyň wekilleri gatnaşdylar. Bellenilşi ýaly, türkmen nusgawy şahyrynyň goşgulary we garaýyşlary koreý halkynyň şygryýet we pelsepewi dünýäsine çalymdaşdyr. Türkmen halky ýaly, koreý halky hem özüniň milli däp-dessurlaryna we mirasyna uly sarpa goýýar. Munuň özi häzirki zaman şertlerinde medeniýetara gatnaşyklar üçin oňat esasdyr. Häzirki döwürde ählumumy ösüş üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklaryň hem-de umumadamzat ýörelgeleriniň ähmiýeti has-da artýar.
Magtymguly Pyragynyň şygryýet mirasy türkmen halkynyň dünýä edebiýatyna goşan uly, ajaýyp we özboluşly goşandydyr. Bu miras diňe bir türkmen halkynyň milli buýsanjy bolmak bilen çäklenmän, eýsem dünýäniň ähli halklarynyň çeperçilik gymmatlygyny düzýär. Şoňa görä-de, beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanan dabaralaryň çägi günsaýyn giňelýär. Bu şanly baýramçylyga daşary ýurtly dostlarymyz, öçmez-ýitmez eserlerinde türkmen halkynyň azatlyk, parahatçylyk we dostluk ýörelgelerine ygrarlydygyny beýan eden beýik Pyragynyň zehinine sarpa goýýanlar we onuň döredijiliginiň muşdaklary goşulýarlar.