Ï Ganatly bedewler –üstünliklerimiziň we beýik işlerimiziň nyşany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ganatly bedewler –üstünliklerimiziň we beýik işlerimiziň nyşany

view-icon 4786
Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli dabaralar badalga alýar. 2014-nji ýyl gündogar senenamasy boýunça bedew ýyly bolup, onuň hormatyna geçiriljek dabaralar giň gerime eýe bolar. Türkmenistan rowaýata öwrülen ahalteke bedewiniň taryhy watany hökmünde halkara bileleşiginiň öňünde dünýä atçylygynyň iri merkezi bolup durýar. Bu ýerde behişdi bedewleri köpeltmegiň we ösdürip ýetişdirmegiň gadymdan gelýän däpleri döwlet maksatnamasy bilen baglylykda häzirk zaman ösüşine eýe bolýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ahalkete bedewi eziz Watanymyzyň döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine okgunlylygynyň, milli mirasyň yzygiderliliginiň ajaýyp beýanyna, türkmen halkynyň döredijilik zehininiň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Milli we dünýä medeniýetiniň taryhy ajaýyplygy bolup galmak bilen, ahalteke bedewi ýurdumyzyň üstünlikleriniň belent nyşany, ata-babalarymyzyň amala aşan arzuwynyň keşbi hem bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň atçylygyny we atçylyk mekdebini kämilleşdirmek, ony halkara pudaklaýyn senagata birleşdirmek hakynda uly tagallalar edýär.

2010-njy ýylda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňletmek üçin täze mümkinçilikleri açyp, behişdi bedewlerimizi dünýä ýüzüne ýaýratmaga ýardam etdi. Assosiasiýanyň ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşip, onuň başlyklygyna türkmen döwletiniň Baştutany saýlandy. Halkara ahateke atçylyk assosiasiýasynyň 24-nji aprelde paýtagtymyzyň kaşaň “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçiriljek IV maslahaty şol işiň jemlerine we geljekki gatnaşyklaryň mümkinçiliklerine bagyşlanar. Şol gün Aşgabatda sergi-ýarmarka we “Türkmen bedewi we dünýäniň atçylyk sungaty” atly VI halkara ylmy maslahaty açylar.

Şunuň ýaly forumlar her ýyl türkmen topragynda ahalteke bedewiniň bilermenlerini we muşdaklaryny, esasy ylmy hünärmenleri, öz işiniň ussatlaryny, şeýle hem dünýäniň dürli künjeklerinden atçylyk işiniň wekillerini ýygnamak bilen, türkmen bedewlerine bolan gyzyklanmanyň on ýyllyklaryň dowamynda gowşamaн, eýsem täze güýje eýe bolýandygyny ähli aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Milli Liderimiz Gürbanguly Berdimuhamedowyň atçylyk ulgamynda başyny başlaýan ägirt uly özgertmeleri munuň şeýle bolmagyna ýardam edýär.

Ahalteke bedewi – bu dünýäniň medeni atçylygynda başlangyç bolup durýar. Onuň taryhy gaýtalanmajak we özboluşly bolup, türkmen bedewiniň ajaýyp gözelligi ýaly gaýtalanmaz we özboluşlydyr. Şu pikir bilen ähli alymlar ylalaşyp, häzir Türkmenistanda tohum we sport atlaryny düýbünden täze derejä çykarmak üçin iň gowy şertleriň döredilenligi bilen ylalaşýarlar. Şol dereje ahalteke bedewiniň köpasyrlyk şan-şöhratyna mynasypdyr.

Türkmen wekiliýetiniň geçen ýyl Germaniýada we Belgiýada geçirilen halkara atçylyk sport sergilerine üstünlikli çykyşy munuň aýdyň subutnamasy boldy. Her ýylky şol gözden geçirilişler dünýäniň atçylygynyň ösüşiniň özboluşly görkezijisi bolup, onuň meýillerini we täzeliklerini şöhlelendirýär. Olar atçylyk pudagynyň ussatlaryny, bu ugurda ýöriteleşen iri kompaniýalary, tutuş dünýäniň atçylyk sportunyň çapyksuwarlaryny we muşdaklaryny özüne çekýär.

Häzirki dünýäniň köp künjeginde atçylyk zawodlarynyň, bu pudagyň ylmy we okuw binýadynyň, atçylyk sport klublarynyň, türkmen atçylygynyň däpleriniň dikeldilmegine uly gyzyklanma bildirilýär. Olaryň netijeliligi asyrlaryň synagyndan geçip, atlary türgenleşdirmegiň milli mekdebi ussatlaryň ünsüni özüne çekýär. Çünki türkmenler dünýä diňe ahalteke bedewi ýaly belent sungat eserini peşgeş bermek bilen çäklenmän, eýsem bu ajaýyp atlaryň arаssa ganlylygyny, olaryň ajaýyp gylyk-häsiýetleri bilen aýaýwly saklamagy başardylar.

Türkmenistanyň Ýewropada geçirilýän halkara sergilerine gatnaşmagy biziň ýurdumyzyň dünýäniň atçylyk senagatynyň giňişligine, bu ugurda netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga tarap ugurda nobatdaky ädim boldy. Türkmen atşynaslarynyň we çapyksuwarlarynyň ençeme nesilleri tarapyndan toplanan bu baý tejribe bu gün dünýäniň köp ýurtlarynda zerur bolup durýar, diýmek, ol gadymdan gelýän atçylyk däplerini häzirkizaman, innowasion esasda ösdürmek üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär.

2013-nji ýylyň oktýabrynda Moskwada geçirilen Sirk sungatynyň Bütindünýä festiwalynda ýeňiş gazanan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan ajaýyp üstünligini ýatlaman geçmek bolmaz. Şonda Türkmenistanyň atçylaryna ussatlaryna bäsleşigiň ähli ugurlary boýunça baş baýraklar, şol sanda “Altyn idol” baýragy gowşuryldy. Monte-Karlodaky halkara sirk festiwalyna çakylyk hem şol baýraklaryň biri boldy.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy tarapyndan neşir edilýän “Ganatly bedewler” atly ýöriteleşdirilen žurnal, şeýle hem Internet ulgamynda açylan Türkmen döwlet habarlar gullugynyň adybir web-saýty dünýäde ýurdumzyň atçylyk sungatyny giňden wagyz etmäge gönükdirilendir. Ol türkmen bedewleriniň gözelligine haýran galýan dünýäniň onlarça ýurtlaryndan bolan okyjylaryň ünsüni özüne çekýär.

Türkmen bedewiniň baýramynyň öň ýanynda Aşgabat şäherinde ady rowaýata öwrülen Ýanardag bedewine bagyşlanan ýadygärligiň açylyş dabarasy bolar. Türkmenistanyň Döwlet tugrasyny bezeýän ady belli bedewiň hormatyna bina edilen ajaýyp heýkel halkymyzyň öz behişdi bedewlerine bolan çäksiz söýgüsiniň, ýurdumyzda olar baradaky ägirt uly aladanyň nobatdaky nyşanyna öwrüler. Atçylyk işiniň ýagdaýy, onuň düzümi Türkmenistanyň ruhy-medeni we durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň aýdyň görkeziji bolup durýandygyny ynamly aýtmak bolar.

Bedewiň täze ýerleri özleşdirmekde, söweş meýdanlarynda garşy durmagyň meselesini çözmekde adamlara kömek eden döwründen bäri wagt geçdi. Ýöne bedewiň orny diňe şunuň bilen çäklenmeýär. Onuň gözelligi deňsiz-taýsyz bolmagynda galýar. Atçylyk sporty hem öz ähmiýetini ýitirmedi, ol barha köp janköýerleri özüne çekýär.

Şu günler meýilleşdirilen Halkara atçylyk-sport toplumynda päsgelçiliklerden bökmek boýunça däp bolan ýaryş, Ahalteke atçylyk toplumyndaky dabaralar hem 2014-nji ýylyň Türkmen bedewiniň baýramynyň aýdyň wakalary bolar. Şonda ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry, sungat işgärleriniň arasynda ahalteke bedewleriniň gözelligini iň oňat çeper beýany hökmünde ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçiriler.

Gadymy wagtlardan bäri, şahyrlar we sazandalar öz eserlerinde bedewe bolan söýgini, onuň wepalylygyny, gelşikliligini, akyl-paýhasyny, çakganlygyny wasp etdiler. Sungat wekilleri, ýagny suratkeşler, heýkeltaraşlar, zergärler we beýleki ussatlar mähriban bedewimizi şekillendirip, diňe bir tebigatyň bu gudratynyň keşbini däl, eýsem, halkyň başarnygyny hem ebedileşdirýärler, şonuň üçin hem şeýle kämil tohumyň ösdürilip ýetişdirilmegi munuň özi ençeme nesilleriň döredijiliginiň, biliminiň, sabyr-takatlylygynyň we çäksiz döredijilik mümkinçilikleriniň netijesidir.

Öňde boljak açylyşlaryň hatarynda Aşgabadyň atçylyk-sport toplumynyň täze okuw merkeziniň açylyşy bar. Halkara atçylyk-sport toplumynda baýramçylygyň jemleýji daralary bolar, şol ýerde iň özüne çekiji tomaşa bolan at çapyşyklary geçiriler. Sebäbi diňe ýaryşlarda onuň estetiki gözelligine, deňsiz-taýsyz çakganlygyny, kuwwatyny we erk-islegini, maksada okgunlylygyny hem-de ýadamazak häsiýetini, ýagny tejribeli seýisleriň uly alada bilen olarda kemala getirýän hem-de çapyksuwarlar tarapyndan ösdürilýän ähli häsiýetleri beýan edýän ahalteke bedewleriniň deňsiz-taýsyz artykmaçlyklarynyň ählisi ýüze çykýar.

Türkmen bedewiniň baýramçylygy şunuň bilen tamamlanmaýar, ol ýylsaýyn dürli ýurtlardan Türkmenistana gelýän wekilleriň düzümi boýunça hem, daşary ýurtlarda “behişdi bedewleriň” hormatyna geçirilýän çäreler boýunça hem öz çägini giňeldýär.

Şu ýyl dabaralaryň estafetasyny Hytaý kabul edýär. Şol ýerde maý aýynda ahalteke bedewiniň baýramy bellenip geçiler. Bu çäre Hytaýda we bütin dünýäde bedewleriň şöhratly tohumyny wagyz etmegi we ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek pudagyny ösdürmäge ýardam etmegi maksat edinýär.

Hytaý Halk Respublikasynyň atçylyk assosiasiýasy 2011-nji ýyldan bäri ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy bolup durýar. Şu ýyl Pekinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdan daşary maslahatyny geçirmek bellenildi we Türkmenistan bilen HHR-iň arasynda atçylyk babatda hyzmatdaşlygyň ýollary kesgitlendi.

Bu wakalaryň öňüsyrasynda, aprel aýynda HHR-iň paýtagtynda, Pekindäki Zähmetkeşler medeniýet köşgünde “Ahalteke bedewi --parahatçylygyň ilçisi” diýen şygar astynda dabara boldy. Bu çäräni Hytaýyň Atçylyk assosiasiýasy we Türkmenistanyň HHR-däki ilçihanasy ýurduň oba hojalyk we medeniýet ministrlikleriniň goldaw bermeginde gurady.

Dabara adamlaryň ýüzlerçesi, şol sanda birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, bu ýurduň işewür we jemgyýetçilik toparlarynyň wekilleri, GDA ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalarynyň ilçileri we işgärleri, Pekiniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary, şeýle hem Hytaýyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dabaranyň hormatly myhmany hökmünde dünýä kinosynyň ýyldyzy, meşhur kino aktýory we režissýory Jeki Çan çagyryldy.

Bu ýere ýygnananlaryň öňünde Hytaýyň atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Ýuý Gaufen gutlag sözi bilen çykyş etdi. Ol özüniň ýolbaşçylyk edýän guramasynyň işi, tutuşlygyna alnanda, atçylyk pudagyny kämilleşdirmek we ösdürmek hakynda gysgaça gürrüň berdi.

Ahalteke atçylygyny ösdürmek meselelerine onuň taryhy watanynda möhüm döwlet wezipeleriniň derejesini beren Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň görnükli orny aýratyn bellenildi. Olaryň üstünlikli çözülmegi hem dünýäniň atçylyk ulgamyna goşulyşmak bilen bagly bolup durýar. Ýuý Gaufen hytaý halkynyň we HAA-nyň agzalarynyň adyndan türkmen halkynyň Liderine atçylyk sportuny ösdürmäge, ahalteke bedewleriniň dünýäde tanalmagyna, şeýle hem atçylyk babatda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny giňeltmäge goşýan goşandy üçin ägirt uly hoşallyk bildirdi.

Pekiniň Zähmetkeşler medeniýet köşgüne ýygnananlara ahalteke atçylygy babatda Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri, pudagy täze derejä çykarmak üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda görülýän çäreler barada gürrüň berýän wideofilmler görkezildi.

Zala ýygnananlaryň şowhunly elçarpyşmagynda köşgüň sahnasyna altynsow-mele ahalteke bedewleriniň 7-si çykaryldy. Türkmen sazynyň owazy astynda atlaryň bu ajaýyp çykyşy tomaşaçylarda uly şatlyk duýgusyny döpretdi. Jeki Çanyň ahalteke bedewine atlanyp, mähelläniň öňüne çykmagy hakyky sowgat boldy. “Şunuň ýaly ajaýyp bedewe atlanamda men özümi hakyky jigit ýaly duýdum” diýip, meşhur aktýor özünde galan täsirleri tomaşaçylar bilen paýlaşdy.

Çäräniň çäklerinde HAA-nyň, “Mažulon” maýa goýum kompaniýasynyň we medeniýeti ösdürmek boýunça “Peo Iton” kompaniýasynyň arasynda ylalaşyga gol çekmek dabarasy boldy. Bu kompaniýalar maý aýynda ahalteke bedewiniň şanyna Pekinde geçiriljek baýramçylyk dabaralarynyň esasy hemaýatkärleri hökmünde çykyş edýärler.

Deňsiz-taýsyz bedewleriň hormatyna geçirýän biziň baýramçylygymyz çäklerini has giňeltdi we geljekde beýleki ýurtlaryň ençemesiniň oňa goşulyşjakdygyna bil baglamaga ähli esas bar. Biz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täsin “behişdi bedewleriň” öçmejek şöhraty olaryň gözelligine we gelşikliligine laýyk täze öwüşginler bilen şugla saçjakdygyny biz buýsanç bilen nygtap geçip bileris.