Ï Garagumyň ajaýyp künjekleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Garagumyň ajaýyp künjekleri

view-icon 1588
Häzirki zaman syýahatçylaryny dünýäniň tebigy taýdan güýçli bolan künjekleri has uly gyzyklanma döredýär. Ýer togalagynyň şeýle ýerleriniň biri hem dünýäniň iri sähralarynyň biri bolan Garagum sähralygydyr. Iňlis syýahatçysy A.Berns 19-njy asyryň birinji ýarymynda “Ahyrsyna göz ýetmeýän çägelik ummany bilen deňeşdireniňde beýleki çöller hiç zatdyr ...” diýip ýazypdyr. Garagum häzirki döwrüň syýahatçylarynda hem şeýle düşünjäni oýarýar. Dogrudan hem, Garagumyň çägeliklerinde garaşylmadyk, düşündirip bolmajak zatlara gabat gelmek bolýar. Şonuň üçin hem ol aýratyn özüne çekiji bolup durýar. Bu ýerde tebigy taýdan ajaýyp ýerler örän köp bolup, ol ekolgiýadan başlap ýokary derejä çenli syýahatçylygyň dürli görnüşli täsin desgalary bolup biler.


Derweze kraterleri

Garagumy merkezinde, Derweze diýlip atlandyrylýan ýerde, meşhur çöketlik bolup, ondan oduň dili alawlaýar, bu ýeri suwdan doldurylyp, ondan gaz möwç urýar. Çägelik çöllükde bu çöketlik nädip döredi? Haçan-da çöli gurşap barýan alagaraňkylykda bu ot alawyny göreniňde bu soragy bereniňi duýman galýarsyň. Bu ýerde gören zatlaryň seni gaýran galdyrýar: Diametri 70 metr krateri we çuňlugy 20 metr bolan çuňlukdan ýalyn sütüni atylyp çykýar. Bu ýanýan tebigy gaz. Haýran galdyryjy tomaşa garyşyk duýgulary – gorkyny, bilesigelijiligi, gizlin syrlary emele getirýär. Bu hyýaly zatlar rahatsyzlandyrýar hem-de öz gözleri bilen görmäge we surata düşürmäge höwes bildirýän köp sanly syýahatçylarda hakyky gyzyklanma döredýär. Geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň kandidaty Anatoliý Buşmakin tebigatyň bu täsinligini şeýle düşündirýär:

-Ýarym asyr gowrak mundan ozal, haçan-da Merkezi Garagumda ýerasty baýlyklary ýaňy gözlenilip başlananda, çöketligiň döremegine sebäp bolan waka bolup geçdi. Bu gözlegleri geçiren geologlar, uly gazly gurluşy ýüze çykardylar. Onuň aýratynlygy onuň merkezi böleginde buraw işleri arkaly köp sanly partaýyş pozulmalar we kartsowyý boşluk ýüze çykaryldy. Çöketligiň biriniň emele gelmegi guýyny gurluş-profil burawlamak bilen bagly boldy. Ondan güýçli akymly ilkinji senagat akymly gaz alyndy. Haçan-da guýy mel karbanawtly gatlaga ýetende, ondan gaznebitli çüwdürim atyldy. Biraz soňra dag magdanlarynyň pozulmagy we topragyň ýumrulmasy netijesinde wyşkanyň buraw enjamlaryny we gurluşlaryny sökmeli boldy. Şeýle-de bolsa, bu guýynyň güýçli gaz çüwdürimi, şeýle hem gurluş ölçegleri boýunça örän uly gazyň köp mukdarda ýüze çykmagy bu gazly sebtiň gelejegine ýokary baha bermäge şertleri döretdi. Onuň yzy bilen, hut şu ýerde , ýatagy senagat taýdan gözleg işlerine başlandy, emele gelen çöketlik bolsa çägeli çöllügiň ajaýyp ýerine – tebigatyň ajaýyp ýadigärligine öwrüldi.


Akjagaýa çöketligi: taryhdan öňki döwrüň deňziniň düýbünde

Derweze çöketliginden başga hem, Garagum onuň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän böleginde Akjagaýa has çuňňur çöketligi bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Çägeli düzlükde 200 metr çuňlukda bolýandygyňa ilkibaşda oňa ynanasyň hem gelmeýär. Ýöne, awtomobil ýolundan sowlup, az-owlak ýöräp, tekiz belentlige çykmak bolýar. Bu ýerde nal görnüşindäki egrilikde belent kertli örän uly çöketlik ýerleşýär. Ynha-da saňa ady rowaýata öwrülen Akjagaýa çöketligi!

Meşhur barlag geçiriji-geograf W.Mirzoýew ilkinji sapar onuň düýbüne düşdi hem-de barometriň işleýşine gözegçilip edip başlady, ol şonda öz gözlerine ynanmady: enjamyň dili deňiz derejesinden 100 ýüz metr çuňlugy görkezýärdi. Şeýle çuňluk gury ýerde örän seýrek duş gelýän ýagdaýdy. “Men Leningratda gutarnykly hasap geçenimde , günorta çöketlik deňiz derejesinden 92 metr aşakda ýerleşýär – diýip, alym öz ýatlamalarynda ýazýar. – Bu bolsa ol öz çuňlugy boýunça Orta Aziýada ikinji ýeri eýeleýär. Akjagaladan çuňlukda Kaspi deňziniň golaýynda ýerleşýän diňe Mangyşlakdaky Karagiýe çöketligi ýerleşýär. Bu şorluk ýer minus 132 metrde ýerleşýär. Şeýle-de bolsa ýaňy-ýakyna çenli hem minus 45 metr çuňlukda ýerleşýän Sarygamyş çöketligi sebtiň iň pes çöketligi hasap edilýärdi. Bize ilkinji sapar çöketligiň çuňlugyny kesgitlemek başartdy, ol 200 metre deňdir”.

Bu örän uly çöketligiň düýbi bilen ylgap geçmek diňe lezzet berýär, töwerek-daşyň giň takyrlyk hem-de şorluk, ýöne bu ýerleri suwsuz tozap ýatan ýerler. Bu ýere derýalar akmaýar, bu ýerde çeşmeler, guýylar ýok. Geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynda gidrogeologlar bu ýerde guýyny burawladylar. Bu guýydan häzire çenli hem güýçli minerallaşan az-owlakdan ýyly suw akýar.

Başga bir howa şertlerinde, elbetde, bu çöketlik ýagyş suwundan dolardy. Çöketlik özüni gowy saklapdyr. Çöketligiň diwarlary amfiteatry ýatladýar. Açyk reňdäki dag jynyslary kertlerde gowy görünýär. Gök, ak, gyzyl, gülgüne toýunlar, hekler, mergeller mese-mälim görünýän lentany emele getirýärler. Geologlar aşaky gözýetimiň ýagty toýunlaryndan onlarça million ýyllar ýatan akula balygynyň dişlerini tapdylar.


Çöl düzlügini gaýtadan dikelden köl

Çöketlikden demirgazykda ýene-de bir täsin ýer – ajaýyp Zeňňibaba köli ýerleşýär. Gadym döwürlerde bu belentlikde bir keramatly adam mal bakypdyr. Haçan-da çopan bu dünýädän ötende, ony bu ýerde jaýlapdyrlar. Indi bu düzlük we köl onuň adyny göterýär. Ýüz ýyldan gowrak mundan ozal bu ýerde suw howdany bolupdyr, wagtyň geçmegi bilen ol gurapdyr, soňra bolsa ol Şasenem massiwiniň çalt depginler bilen özleşdirilmegi netijesiinde gaýtadan dikeldildi.

Gaplaňgyr döwlet goraghanasyna degişli bolan Şasenem çäkli goraghanasynyň çäklerinde ýerleşýän kölüň gaýtadan dikeldilmegi bu örän uly çäklerde ekologiki deňagramlylygy dikeltmek üçin güýçli itergi berdi. Häzirki wagtda kölüň kenarlaryny tutýan 2000 gektar gowrak meýdanda ösümlikleriň onlarça görnüşi ösýär. Kölden uzak bolmadyk ýerde sazak tokaýlygy ýerleşýär. Çölüň bu daragtynyň sütüniniň nähili kuwwatly bolýandygyny onuň ýakynyndan synlanyňda göz ýetirýärsiň.


Bu çäkli goraghana köp sanly haýwanlaryň we guşlaryň ýaşaýan ýerine öwrüldi. Kölde guşlaryň uçup geçýän döwürlerinde sakarbalaklaryň, dürli görnüşli ördekleriň, gotanlaryň, gyzylinjikleriň, çarlakalryň, jübtünleriň müňlerçesi dynç alýarlar. Jerenlerdir gulanlar heb bu ýere suwa gelýärler. Göçýän döwürlerinde saýgaklar hem bu suw howdanyna gelýärler. Kenar ýakasyndaky ösümlikleriň içinde karakallar, oklukirpiler, medoedler ýaşaýarlar. Köl balyklara hem baýdyr. Bu ýerde lakga, kepir, töp ýaly balyklar ýaşaýarlar.

Golaý geljekde suwsuz ýatan Gaplaňgyr düzlügi iri emeli suw howdanlary bilen gurşalar. Goralýan çäklerde eýýäm Uzenşor köli emele geldi. Goraghananyň günbatar serhediniň golaý ýerinden ýene-de bir örän uly suw howdany – Türkmen köli ýanaşyk ýerleşer. Bu demirgazyk sebti Hazar deňzine alyp barýan uçup geçýän guşlaryň ugry bolup durýar. Elbetde, bu suw howdanlary suw-batgalyk ýerlerde ýaşaýan guş sürüleriniň köp barýan ýeri bolar, bu guşlaryň bir bölegi bolsa bu ýerde hemişelik ýaşamaga galarlar.


Garagum boýunça syýahatçylyk etmek bilen, çölüň ajaýyp dünýäsi bilen tanyş bolýarsyň: Akjagaýanyň örän uly çöketligine düşýärsiň, Gaplaňgyryň belent kertlerine çykýarsyň, Uzboýuň gurap galan hanalaryny kesip geçýärsiň. Süýji suwlu Ýazhanyň suwundan ganýarsyň, Zeňňibaba emeli kölüniň töweregindäki sazak tokaýlygyna baryp görýärsiň, ahyrynda gaz krateriniň örän uly çukuryna haýran galýarsyň. Bularyň ählisi – bütindünýä gymmatlygyna eýe bolan örän uly çölleriň biriniň ekoulgamydyr.