Türkmenistanda taryhy-medeni mirasy aýawly saklamak meselesi döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurduň Prezidenti tarapyndan tassyklanan “2012-2016-njy ýyllarda medeniýet ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň” degişli bölümleri halkyň medeni mirasyny gorap saklamaga we wagyz etmäge, ony halkara syýahatçylyk älemine goşmaga gönükdirilendir.
Soltan Sanjar kümmeti we Uly Gyzgala, Gutluk-Timur minarasy we Törebeg hanymyň kümmeti, Akrabat we Daýahatyn kerwensaraýlary, Dehistan minarasy, Mäne Baba we Abu-Fazl kümmetleri we beýleki medeni ýadigärlikler bu günki gün Türkmenistanyň ýüzi bolup durýarlar. Şeýle hem türkmen topragy Altyn depe, Ulug depe, Namazga depe, Goňur depe, Ýylgynly depe, Jeýtun, Dam-dam çeşme ýaly arheologiki ýadigärliklere hem baýdyr. Ýöne bular, dünýä arheologiýasynda mynasyp orny eýelän türkmen topragynyň ajaýyp ýadigärlikleriniň sanawynyň hemmesi däldir, olaryň senenamasy adamzadyň gadymy döwürlerine uzap girýär.,
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurtly ýadigärlikleri öwrenijileriň üçüsine – W.Pilipko (Russiýa), B.Kaýma (Polşa) we K.Lippolise (Italiýa) Türkmenistanyň iň abraýly baýraklarynyň biri bolan Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny gowşurmagy ýurduň durmuşynda uly waka boldy. Bu meşhur alymlar türkmen halkynyň baý medeni mirasyny öwrenmekde uly goşant goşandyklary üçin ýokary baýraga mynasyp boldular.
Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadigärliklerinde halkara ylmy-gözleg ekspedisiýalarynyň birnäçesi işleýär. Olaryň düzüminde türkmen alymlary we hünärmenleri bilen bir hatarda Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Polşanyň, Ispaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň iri ylmy merkezleriniň hünärmenleri gözleg işlerini alyp barýaralr.
Türkmenistanyň Hökümetiniň we Türkiýe Hökümetiniň hyzmatdaşlyk we ösüş baradaky guramasynyň gol çeken protokolyna laýyklykda, Merwdäki Ashablar kümmetinde - orta asyr arhitektura toplumynda, şeýle hem merw harabaçylyklarynyň çäklerinde türkmen-seljuk hökümdarlygynyň soltany, meşhur hökümdar we serkerde Alp Arslanyň mazaryny gözlemek boýunça arheologiki gözleg işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar.
Milli arheologiki ekspedisiýalar hem işleri üstünlikli alyp barýarlar. Olardan Baýramaly etrabynyň çäklerinde ýerleşýän Uly Gyzylgala ýadigärliginde geçirilen netijeli gözlegleri görkezmek bolar. Bu ýerde geçen ýylyň bahar paslynda Taryhy we medeni ýadigärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky milli müdirliginiň we “Gadymy Merw” Döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň hünärmenleri täsin tapyndylaryň birbäçesini ýüze çykardylar. Arheologiki gazuw-agtaryş işleriniň geçirilişiniň barşynda ýüze çykarylan tapyndylar muzeýe gowuşmazdan ozal olara ilkini rejeleýiş işleri geçirilýär. Bu ýerde Türkmenistanyň Medeniýet institutynda rejeleýjileri taýýarlaýandygyny belemek zerurdyr. Degişli kafedranyň talyplary we mugallymlary arheologiki ekspedisiýanyň düzüminde iş tejribesini geçýärler. Bu ugurda türkmen rejeleýjileriniň hem uly üstünlikler gazanýandyklaryny belläp geçmelidiris. Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadigärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky milli müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan Köneürgençdäki ХIV asyrda gurlan Nejimetdin Kubranyň gubrunyň ylmy taýdan konserwirlenmegi we bölekleýin rejelenmegi, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tary institutynyň hünärmenleriniň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň çäklerinde ýerleşýän Ysmamyt ata aritektura ýadigärliginde bölekleýin ýerlerini berkitmek we gaýtadan dikeltmek boýunça amala aşyran işleri ýokary baha mynasyp boldular.
Şu ýylyň tomsunda Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadigärliklerini goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky milli müdirliginiň döredilenine 20 ýyl dolýar. Şu döwrüň içinde uly işler amala aşyryldy. Bu arheologiki, arhitektura we taryhy desgalarynyň ýagdaýlaryny döwlet tarapyndan yzygiderli hasaba alynmak we gözegçilik edilmek bolup duraýr. Olaryň sany bolsa 1400-e golaýlaýar. Şeýle hem ýadigärlikleri öwrenmek boýunça resminamalaryň ählisini toplamak we onuň elektron görünişini toplamak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem ýadigärlikleriň köpüsinde ýerli, daşary ýurtly hünärmenleriň güýçleri bilen ÝUNESKO-nyň degişli resminamalarynda berkidilen halkara ülňülerine laýyk gelýän ylmy rejeleýiş işleri dowam etdirilýär.