Ï Ýurdumyzyň welaýatlarynda binagärlik açylyşlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň welaýatlarynda binagärlik açylyşlary

view-icon 1039
Şu gün Sarahs etrabynyň dolandyryş merkezinde täze 350 orunlyk sport mekdebiniň açylyşy mynasybetli dabara boldy. Bu täze desganyň işe girizilmegi şu günler bütin ýurdumyzda geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çäreleriniň biraýlygy mynasybetli aýratyn mana we dabara eýe boldy.

Sport mekdebiniň binalarynda türgenleşikler we sportuň dürli görnüşleri-- woleýbol, basketbol, gimnastika, göreş, boks boýunça sport ýaryşlaryny geçirmek üçin giň zallar ýerleşýär. Aýratyn türgenleşik zaly, şeýle hem küşt we şaşka oýnamak üçin ýörite otaglar bar. Açyk sport meýdançalarynda abadanlaşdyrylan howluda ýeňil atletika, futbol, uly tennis bilen meşgullanmak üçin şertler döredilipdir. Lukmançylyk bölümi, egin-eşik çalşyrylýan jaý we suwa düşülýän ýer häzirki zaman talaplaryna laýyklykda enjamlaşdyrylypdyr. Sport mekdebiniň ähli bölümleri sport we beýleki zerur enjamlar bilen üpjün edilipdir.

Welaýat we şäher häkimlikleriniň, sport komitetleriniň wekilleri, türgenler, sport hereketiniň weteranlary, hormatly ýaşulular, ýaşlar, Sarahsyň ýaşaýjylary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän durmuşy ugurly syýasaty netijesinde döwletimiziň sport ulgamyny ösdürmäge, şol sanda häzirki zaman sport-sagaldyş desgalaryny gurmaga, bu ulgamda bar bolan desgalary döwrebaplaşdyrmaga, ilatymyzyň saglygyny pugtalandyrmak üçin şertleri döretmäge maýa goýumlaryny gönükdirýändigini buýsanç bilen nygtap geçdiler. Ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda bolup geçen nobatdaky açylyşlar ägirt uly ykdysady kuwwata, durmuşyň ähli ugurlarynda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijeliligine şaýatlyk edip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň häsiýetli alamaty boldy.

Täze sport mekdebiniň dabaraly açylyşynyň barşynda iň oňat gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy, dabaranyň soňy aýdym-sazly uly baýramçylyga utgaşdy.

*** Şu gün ýurdumyzyň gündogar welaýatynda obada ýaşaýan çagalaryň öňünde ýene-de bir täze, şu aýda hasap boýunça üçünji çagalar bagy gapylaryny giňden açdy. Onuň dabaraly açylyşy Amyderýanyň sag kenarynda, ýagny Hojambaz etrabynyň ‘Ýeňiş’ daýhan birleşiginiň Eleç obasynda boldy. Şu günler şeýle açylyş dabaralary Halaç etrabynyň Täze maksat we Farap etrabynyň Toýgun obalarynda boldy. Häzirki zaman mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ählisi Lebap welaýatynyň häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy boýunça ýerli hususy kärhananyň gurluşykçylary tarapyndan aýjayp binagärlik keşbinde guruldy.

Däp boýunça baýramçylyk nyşanlary bilen bezelen çagalar şäherçesiniň açylyşy çagalaryň ýerine ýetirmeginde aýdymlar we tanslar bilen utgaşdy. Täze desganyň ulanmaga berilmegi bilen bagtyýar körpeleri we olaryň ata-enelerini gutlamak üçin welaýat we etrap dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulular, ýaşlar geldiler. Dabarada çykyş edenler ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän bu çagalar bagynyň açylyşynyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan iri möçberli milli maksatnamasyny depginli hem-de üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýene-de bir aýdyň subutnamasydygyny aýratyn bellediler. Şol maksatnamada ösüp gelýän ýaş nesliň sazlaşykly terbiýelenmegini we bilim almagyny ösdürmek üçin ähli şertleri döretmäge aýratyn üns berilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz aladasy netijesinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda durmuş ugrunyň beýleki desgalary ýaly, döwrebap çagalar baglarynyň we mekdepleriň biziň günlerimiziň aýdyň alamaty boldy. Bu ýere ýygnananlar milli Liderimize mähriban halkymyzyň abadançylygy hakynda ýadawsyz alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Oýlanyşykly ýerleşdirilişi we özboluşly binagärlik bezegi bilen tapawutlanýan täze iki gatly çagalar bagynda ähli zatlar obanyň körpeleriniň has oňaýly dynç almagy, sazlaşykly ösüşi we başlangyç bilim almagy üçin niýetlenendir. Has oňaýly, owadan, ýumşak mebel bilen üpjün edilen ýatylýan otaglar, giň oýun oýnalýan otaglar, aýdym-saz we sport zallary, suwa düşülýän howuz, lukmançylyk bölümi, azyk toplumy körpeleriň ygtyýaryndadyr. Kompýuter tehnikasy we lingafon abzallary bilen üpjün edilen ýöriteleşdirilen okuw synplary çagalaryň kompýuter sowatlylygyny öwrenmegine we daşary ýurt dilleriniň başlangyç bilimlerini almagyna gönükdirilendir. Zähmet okuwy otagy bolsa mekdebe çenli ýaşly çagalar üçin hakyky barlaghana bolar, olar bu ýerde surat çekerler, şekiljikleri ýasarlar, kinniwanja iş gurallarynda işlemegiň inçe tilsimlerini özleşdirerler. Durmuş üpjünçiliginiň özbaşdak ulgamy, şol sanda howany şemallatmak ulgamy otaglarda has oňaýly şertleri üpjün eder.

Çagalar şäherçesiniň açyk meýdançasynda oýnamak we meşgullanmak çagalarda ägirt uly höwes döredýär, şol ýerde owadan bezelen dynç alynýan ýerler, bölümler, typylýan ýerler, hiňňillikler, telärler gurlupdyr. Şol çäkler göwnejaý abadanlaşdyrylypdyr, şol ýerde bu gün şanly waka mynasybetli dabara gatnaşyjylar çagalar bilen bilelikde ýaş agaç nahallaryny oturtdylar.

Açylyş dabarasynda täze binany guran iň gowy gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.