Şu gün Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergi merkezinde türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da artdyrmak maksady bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň esaslandyran döredijilik işleriniň bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy.
Däp bolşy ýaly, aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramynyň hormatyna geçirilýän bäsleşigi “Türkmen atlary” döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Çeperçilik gaznasy, Türkmen döwlet neşirýat gullugy we “Türkmenhaly” döwlet birleşigi bilelikde guradylar.
Umuman, sergide ýurdumyzyň paýtagtyndan we welaýatlaryndan sungatyň dürli žanrlarynyň giňden belli we ýaş ussatlarynyň döredijilik işleriniň 500-e golaýy görkezildi. Ahalteke bedewleriniň ajaýyp keşpleri şekillendirilen işleriň arasynda žiwopis suratlary, grafika, çeper suratlar, haly önümleri, keramika, heýkeller, bedewler üçin altyndan we kümüşden ýasalan, gymmat bahaly daşlar bilen bezelen zergärçilik esbaplary bar.
Uly täsir galdyrýan baýramçylyk sergisiniň eksponatlary asyrlaryň dowamynda ady äleme dolan ajaýyp bedewlere bolan tükeniksiz söýgi bilen birleşendir. Olar žanr we tematikasy boýunça dürli-dürli ajaýyp eserleriň ýordumlarynda tomaşaça ussatlaryň işleriniň baş gahrymanlary bolup görünýär. Awtorlaryň işleri beýik milli nyşanymyz bolan ahalteke bedewiniň türkmen halkynyň durmuşyndaky, ykbalyndaky, taryhyndaky eýeleýän belent ornuny äşgär edýär.
Dürli öwüşginli bäsleşik ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleriniň tebigy gözelligini we syratlylygyny, wepaly gylyk-häsiýetini, ösen düşünjesini we täsin zehinini özünde jemledi. Işleriň her birine aýratyn üns bilen garalyp, bäsleşigiň emin agzalarynyň ussat garaýşy bilen baha berildi. Onuň düzüminde ýurdumyzyň we dünýäniň beýleki döwletlerinden gelen atçylyk hünärmenleri, orta-ýörite we ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary, şu döredijilik bäsleşiginiň guramaçylyary hökmünde çykyş eden döwlet edaralarynyň wekilleri we beýlekiler bar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergi merkezinde guralan baýramçylyk bäsleşigi oňa gatnaşyjylara döredijilik hyýalynyň baý mazmunly öwüşginini açyp, ady belli, şeýle hem sungatda işine täze başlan awtorlaryň ýokary ussatlygynyň gözden geçirilişine öwrüldi.
Asyrlaryň dowamynda şan-şöhrady äleme dolan bedewlere bagyşlanan döredijilik çärelerini geçirmek soňky ýyllarda ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Tejribäniň görkezişi ýaly, ahalteke bedewleriniň gözelligini şekillendiriş, amaly-haşam we beýleki sungat eserlerinde çeperçilik taýdan beýan etmek döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmäge hem-de sungatyň dürli žanrlarynyň ussatlarynyň mümkinçiliklerini has-da artdyrmaga itergi boldy.
Baş gahrymanlary behişdi bedewlerimiz bolan, her ýyl geçirilýän bu döredijilik bäsleşigi medeniýetiň dürli ulgamlaryndan gatnaşyjylaryň has köp sanlysyny öz hataryna çekýär. Olaryň arasynda şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň wekilleri, neşirýat işiniň hünärmenleri, jemagatşynaslar, fotosuratkeşler, teležurnalistler we beýlekiler bar. Köpugurly döredijilik eserleri gadymy döwürlerden bäri gözelligi bilen haýran galdyran behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratynyň ýylsaýyn artmagyna ýardam edýär.
Ahalteke bedewleriniň gözelligini çeperçilik taýdan şekillendirmek boýunça nakgaşlaryň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratkeşleriň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda geçirilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy Türkmen bedewiniň baýramynyň hormatyna geçirilýän dabaralaryň barşynda geçiriler.