Ï Türkmenistanyň Gazagystanda Medeniýet günleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Gazagystanda Medeniýet günleri

view-icon 1004
Biziň ýurdumyzyň wekilleriniň gatnaşmagynda döredijilik forumy – şu hepdäniň içinde Almaty şäherinde üstünlikli geçen Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Medeniýet günleri iki goňşy döwletiň arasyndaky berkeýän dostlukly gatnaşyklaryň asylly nyşanyna öwrüldi.

Ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň çäklerinde geçirilen medeni çäre hakyky baýramçylyga öwrülip, iki doganlyk halkyň medeni däpleriniň ýyl ýazgysyna aýdyň sahypa bolup girdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň doganlyk Gazagystan bilen hoşniýetli gatnaşyklarymyz giňelip, täze mazmun bilen baýlaşýar. Şunda biziň ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň esasy wezipesi şol gatnaşyklary has çuňňur häsiýete eýe etmekden ybarat bolup durýar.

Döredijilik duşuşygynyň 2014-nji ýylda Türkmenistanda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygyna gabat gelmegi bellärliklidir. Öçmez-ýitmez şygyrlarynda parahatçylygyň, hoşniýetliligiň we dostlugyň maksatlaryny wasp eden türkmen topragynyň beýik ogluny hormatlamak çäreleri dünýäniň ençeme ýurtlarynda şahyryň täze neşirleri bilen tanyşdyryş dabaralarynyň we sergileriň çäklerinde geçirilýär. “Magtymguly we türki dilli edebiýat” atly halkara ylmy-amaly maslahat beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň döredijilik mirasynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň subutnamasyna öwrüldi. Bu maslahat aprel aýynyň ortasynda Almaty şäherinde geçirilip, oňa Türkmenistanyň Ylymlar akadesiýasynyň alymlary gatnaşdylar. Ylmy maslahatyň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň täze neşirleri, dünýäniň ençeme dillerine neşir edilen ömür we döredijilik ýoly hakynda ylmy-köpçülikleýin kitaplarynyň tanyşdyryş dabarasy boldy.

Gazagystanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri hem şanly senä gabat gelip, oňa uly döredijilik wekiliýeti iberildi. Onuň düzümine medeniýet we sungat işgärleri, ýazyjylar we şahyrlar, kitaphana we muzeý işgärleri girdiler.

Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy Jambul adyndaky Gazak döwlet filarmoniýasynyň konsert zalynda geçirildi. Onuň sahnasynda biziň ýurdumyzyň artistleriniň we döredijilik toparlarynyň uly konserti boldy. Beýik Pyragynyň goşgularyna düzülen ajaýyp aýdymlar, sahnalaşdyrylan çykyşlar minnetdar almatylylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Ýurdumyzyň milli medeniýetiniň günleriniň çäklerinde Gazagystanyň Merkezi döwlet muzeýinde amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklarynyň sergisi geçirildi. Şol günde hem Gazagystanyň merkezi kitaphanasynda türkmen wekiliýetiniň agzalary özleriniň gazak kärdeşleri bilen döredijilik duşuşygyny geçirdiler, Gazagystanyň ýazyjylar birleşmesinde bolsa “tegelek stoluň” başynda iki doganlyk halkyň ýazyjylary we şahyrlary duşuşdylar.

Tanyşdyrylyşa gatnaşyjylar paýhasyň egsilmez gözbaşyna ýakynlaşmaga mümkinçilik berýän Magtymgulynyň döredijilik mirasyny öwrenmegiň ähmiýetini aýratyn nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, dünýä ösüşiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolan milletiň täsin medeni mirasynyň goralyp saklanmagynda, çuňňur öwrenilmeginde we giňden wagyz edilmeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan işiniň uly ähmiýeti bellenildi. Döwlet Baştutanymyzyň howandarlygynda beýik şahyryň ömri we döredijiligi barada täze maglumatlary gözläp tapmak, bu babatda halkara ylmy gatnaşyklary ösdürmek boýunça uly işler alnyp barylýar.

Medeniýet günleriniň dabaraly ýapylyş gününde Almaty şäheriniň “Kazahkonsert” Döwlet birleşiginiň konsert zalynda iki dostlukly ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda geçirilen bilelikdäki konsert jemleýji dabara öwrüldi.

Hoşniýetli goňşuçylygyň köpasyrlyk däpleri, taryhy we ruhy däpleriň umumylygy iki doganlyk halklaryň has-da ýakynlaşmagyna, özara düşünişmegiň pugtalanmagyna ýardam edýän türkmen-gazak döwletara özara gatnaşyklarynyň möhüm şerti bolup durýar. Muňa Astanada Türkmenistanyň döredijilik wekiliýetine bildirilen mähirli kabul edişlik aýdyň şaýatlyk etdi.

Almaty şäherinde bolmagynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary Merkezi döwlet muzeýiniň gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Garaşsyzlyk ýadygärligine gül goýdular, şeýle hem sport toplumyna hem-de Gazagystanyň iň owadan şäherleriniň biriniň beýleki ajaýyp ýerlerine baryp gördüler.