Ï Zehiniň aýdyň beýany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Zehiniň aýdyň beýany

view-icon 817
Paýtagtyň döredijilik ýokary okuw mekdebinde – Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik mekdebinde sergileriň ikisi bir wagtda geçirildi. Olaryň birini türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününi 290 ýyllygyna baglanan Aşgabadyň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň döreden işleri düzdi.


Çagalar Magtymgulynyň durmuşyndan pursatlary çekmek bilen, akyldar şahyryň goşgularyna aýratyn garaýarlar. Bu garaýyşlar özüniň sadalygy we ýürekdeşligi bilen örän gymmatlydyr. Bu ýerdäki eserleri synlamak bilen, köp nesilleriň söýgüli şahyry barada giden bir hekaýalary düzüp boljak. Suratlarda şahyryň goşgularyny mähirlilik bilen hem-de watany söýji şahyryň trkmen halkyny agzybirlige çagyrýan joşgunly goşgularyny beýan edilýär. Segide görkezilen eserleriň ählisi Magtymgulynyň durmuşa bolan gyzyklanmasyna, dünýä ýüzünde türkmen poeziýasyny dabaralandyran beýik şahyryň we filosofyň döredijiligine bolan söýgüsine siňdirilipdir.


Ikinji sergi beýle bir uly bolmasa-da ol Lebap welaýatynyň ýöreteleşdirilen sungat mekdebini şu ýyl tamamlaýan okuwçylaryň baý surat eserleriniň ekspozisiýasyny görkezýär. Okuwçylaryň halypasy Alymjan Işangulyýewiň düşüdürşi ýaly, Aşgabatdaky sergi üçin tematikany has aýdyň beýan etmek, talyplaryň ukyp başarnyklaryny seljermek, Lebabyň ýüzüni görkezmek üçin dürli ugurly işler saýlanyp alyndy. Bu ýerde peýzažlar, natýumortlar, bedewleriň şekilleri, meşhur suratlaryň nusgalary görkezilýär. Sergä suratlary çeken awtorlaryň özleri hem gatnaşdylar. Olar eýýäm ruhy taýdan akademiýa aralaşdylar, çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyplary bilen tanyş boldular we söhbetdeş boldular. Öz nobatynda olar Lebaply ýaş suratçylaryň ukyp-başarnyklaryna baha berdiler.


A.Işangulyýew hem bu sergide öz işlerini görkezdi. Türkmen halkynyň durmuşynyň ajaýyp pursatlary, milli oýunlar we baýramçylyklar esasan hem gratografiýanyň çylşyrymly usuly arkaly ýerine ýetirilipdir. Sungatyň bu görnüşine suratkeşleriň käbirleri ýüzlenýär. Sebäbi ol örän uly erjelligi we kanagatlylygy talap edýär. Onda ilki bilen kagyzyň gara tagtasyna inçe iňňe bilen surat çyzylýar. Işangulyýewiň işleri örän eksklýuziw bolup, ol türkmen şekillendiriş sungaty üçin häs gymmatlydyr.