Ï Beýik şahyryň döredijiligini öwreniji beýik alym
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Beýik şahyryň döredijiligini öwreniji beýik alym

view-icon 1278
Magtymguly Pyragy – poeziýa sungatynda deňi-taýy bolmadyk söz ussady. Onuň goşgulary halkyň hakydasynda aýawly saklanan türkmen folklorynyň diline örän ýakyn bolup, soňky nesilleriň ählisi üçin hakyky pähim-paýhasyň çeşmesine we şahyrana ylhamyna öwrüldi.

Beýik türkmen şahyrynyň goşgularynyň paýhasly setirleriniň köpüsi ganatly pähim-paýhasa öwrüldi. Durmuşyň ähli ugurlaryna degip geçmek bilen, bu paýhasdan doly sözlemler gepleşik dilinde nakyl we atalar sözi hökmünde ulanylýar.

Magtymgulynyň goşgularyna bolan gyzyklanma we söýgi ýylsaýyn gowşaman, eýsem ol Magtymguly Pyragynyň şahsiýetine, manydan doly goşgularyna, ajaýyp şahyryň durmuşyna we ykbalyna uly hormat goýulmak bilen,barha artýan uly güýje eýe bolýar. Biziň döwürdeşlerimiz üçin alymlaryň Magtymgulynyň döredijiligine, onuň ömür ýoluna, beýik akyldaryň şaýat bolan taryhy wakalaryna bagyşlap ýazan işleri gymmat bahaly bolup durýar.

Magtymgulyny öwrenijileriň arasynda ömrüni beýik akyldaryň umman ýaly düýpsüz mirasyna bagyşlanlaryň biri hem türkmen alymy, edebiýaty öwreniji akademik Baýmuhammet Garyýewdir. Magtymgulynyň döredijiligi onuň ylmy gözlegleriniň esasy temelerybyň biri boldy. B.Garryýewiň Magtymguly, onuň durmuş ýoly hakyndaky düýpli işlerinde şahyryň akyldarlygy we şahyrana zehini hemme taraplaýyn açylyp görkezilýär.

Dürli ýurtlaryň arhiwlerinde işlemek bilen, argynsyz türkmen gözlegçisi ХIХ asyryň başlarynda Magtymgulynyň goşgularyna ilkinji sapar üns beren syýahatçylar we daşary ýurt alymlary hakynda maglumatlary ýygnady hem-de bu maglumatlary türkmen okyjylaryna ýetirdi. Ýurtda we daşary ýurtlarda türkmen edebiýatyny we folkloryny giňden we işjeň wagyz edijileriň biri B.Garryýew togsan töweregi işini Magtymgula bagyşlady. Alym bu işlerinde şahyryň köp ugurly döredijiliginiň dürli nukdaýnazaralryny açmagy başardy. Bu işler ylmy edebiýatyň altyn gaznasyna girdi hem-de olar häzirki günler hem özüniň ähmiýetini ýitirmän gelýär. Çap edilen işlerden “Magtymguly hakynda halk hakydalary”, “Magtymgulynyň syýahaty”, “Magtymguly magaryfçydyr”, “Magtymguly we onuň watany söýjüligi” monografiýasyny, “Magtymguly we onuň çeper dili” ýaly iki jiltden ybarat bolan gözleglerini görkezmek bolar. Bu işler dünýä belli gçndogary öwrenijiler tarapyndan ýokary baha eýe boldy.

Magtymgulynyň döredijiligini öwrenmnekde B.Garryýewiň bitiren hyzmatlary örän ulydyr. Ol beýik Pragynyň köp sanly goşgularyny rus diline eden awtordyr. Alym Magtymgulynyň döredijiligi bilen 15 ýaşyndan başlap meşgullanyp başlady.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy bellenilýän ýylynda beýik akyldaryň we şahyryň döredijiligi bilen öz halkyny hem-de dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyran bu alymyň 100 ýaşy dolýar. Türkmen edebiýatyny we Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmekde bahasyna ýetip bolmajak goşan goşandygy üçin Baýmuhammet Garryýew (merhum) Magtymguly adyndaky Halkara baýragyna mynasyp boldy.