Fransiýanyň INALKO Gündogar dilleri we siwilizasiýalar milli instituty Parižde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Magtymgulynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlap maslahat gurady.
Parižde geçirilen maslahatda INALKO institutynyň alymlarynyň eden çykyşlary türkmen kärdeşleriniň Magtymgulynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlap dürli ýyllarda ýazan işleri bilen ýakyndan tanyşdyklaryna şaýatlyk edýär. Magtymgulynyň fransuz diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň 1975 ýylda çap edilendigi bellärlikli ýagdaýdyr. Terjime Fransiýanyň meşhur türkşynaslarynyň ikisi - Lui Bazan we Pertew Nail Boratow tarapyndan amala aşyrylypdyr.
Maslahatda Magtymgulynyň döredijiliginiň köp ugurlaryna degilip geçildi. Onuň goşgulary türkmen diliniň we edebiýatynyň taryhynda rewolýusion ädim bolandygy, Magtymguly şahyr we akyldar hökmünde diňe bir türk poesiýasynda meşhurlyga eýe bolman, eýsem onuň dünýä poeziýasynda hem meşhurlyga eýe bolan şahyrdygy bellenip geçildi.
Magtymgulynyň goşgularynyň rewoýusionlygy şol wagtlar şahyryň döreden eserleri kitap-ýazuw diliniň bolmanlygyndaydyr we edebi derejä eýe bolmanlygyndadyr. Edebi dil çagataý dili bolupdyr we onuň soňky dürli görnüşleriniň biri bolsa türklerdir. Bu diliň dialektiki esasyny bolsa karluk-uýgur dialktleri düzýär. Ol dürli görnüşleri we beýleki türki diller toparalrynyň elementlerini özünde jemleýär. Çagataý dili köp möçberdäki arap-pars sözlerini özüne alyp, naddilektiki häsiýete eýedir. ХVI asyrdan başlap, ol bütin Orta Aziýanyň ähli çäklerinde umumy kabul edilen edebi dil hökmünde edebiýatda, diplomatiýada we hukukşynaslykda ulanylypdyr.
Magtymguly ilkinji bolup öz halkynyň dili bolan ene dilinde ýazyp başlapdyr. Bu babatda ol häzirki zaman türkmen ýazuw edebi dilini esaslandyryjy hasap edilýär. Bu eýýäm umumy türk ýa-da çagataý dili bolman, eýsem türkmen halkynyň hakyky dilidir. Hur şonuň üçin hem häzirki zaman türkmen edebi diliniň täze taryhy Magtymgulydan gaýdýar.
Magtymgulynyň goşgulary günbatar-oguz toparyna degişli bolan iň gowluklary we türkmen dili bilen sazlaşygy özünde jemleýär. Şeýle-de bolsa, Magtymgulynyň diliniň, ideýa taýdan çuňňurlygyna garamazdan, türkmenleriň ählisi üçin düşnükli we ýakyn bolandygy gürrüňsizdir. Ol diňe bir köne kitap dilini ret etmän, eýsem başda ýaýaran we umumy kabul edilen arap-pars goşgy düzüliş hem-de soňra türk usulyny kabul etmändir. Şol döwürde umumy kabul edilen arap-pars goşgy düzüliş ölçegleriniň jemini kabul etmedik Magtymguly halky kökleri bolan goşgy düzülşiniň bogun ölçeglerine gaýdyp gelipdir. Goşgy düzülşiniň bu görnüşi goşgyny sokdyryp okamagy göz öňünde tutýar hem-de halk aýdymlaryndan gözbaş alyp gaýdýar.
Goşgy düzülşiniň hut şu görnüşiniň saýlanyp alynmagy ýönelige däldir. Magtymguly goşgy düzülşiniň bu görnüşine onuň aýdym görnüşinde ýerine ýetirilmegi maksady bilen gaýdyp gelipdir hem-de ony halk üçin düşnükli bolar ýaly edipdir. Şahyr goşgularynyň köp bölegini türkmen dili, ritmi we rifmasy bilen sazlaşýan bu gadymy türk žanrynda ýazypdyr. Şeýlelik bilen, muny Magtymguly goşgy düzülşiniň halky görnüşlerini ýazuw edebiýatyna girizipdir we aýdym edip aýtmak üçin niýetlenen goşgulary sokduryp aýdylaýan ugra ýakynlaşdyrypdyr. Onuň goşgulary mistiki we filosofiki-etiki tüýdan çuňňur düşünmek, akyl ýetirmek üçin örän ýeňildir. Goşgularyň şahyrana bolmagy saza goşup aýdym aýtmak üçin örän oňaýlydyr. Bu bolsa onyň aňa çuňňur ýetirmegiň netijeliligini güýçlendirýär.
Aýdylanlardan netije çykaryp, Magtymgulynyň goşgularynyň saklanyp galmagynda we ýaramagynda halk bagşylarynyň hyzmatlary bilen bir hatarda, türkmen halk aýdym sungatynyň emele gelmeginde we ösdürilmeginde bahasyna ýetip bolmajak hyzmatynyň bardygyny gürrüňsizdir. Şonuň üçin hem Magtymguly täze dil we edebiýat giňişliginiň emele gelmeginiň, hut häzirki zaman türkmen edebi diliniň gözbaşynda durýandyr.