Ýeňiş baýramynyň öň ýanynda paýtagtyň muzeýlerinde 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gahrymanlarça söweşen türkmen ýygytlerine bagyşlanan sergiler açyldy
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde uruş ýyllarynda gahrymanlarça söweşen gahryman türkmenistanlylar barada gürrüň berýän ekspozisiýalar açyldy.
Eksponatlaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň atasy, 748-nji atyjylyk polkunyň ýefreýtory, 2-nji Ukrain frontunda söweşen Berdimuhamet Annaýewiň fotoportreti hormatly orny eýeleýär.
Bu ýere gelýänleriň her biri özleriniň mukaddes borjy hasaplap, arasynda Şöhrat ordeniniň dokuz derejesiniň hem eýeleri bolan türkmenistanyly gahrymanlaryň sanawynyň öňünde durup geçýärler.
Sergide giňden görkezilen fotosuratlar taryh üçin şöhrat gazanan türkmenistanly gahrymanlaryň, meşhur serkerdeleriň we ýönekeý esgerlriň, Ýeňiş üçin gara başlaryny goýan tankçylaryň we pyýada goşunyň esgerleriniň keşplerini saklap galypdyr.
Üç burç kagyzdaky esger hatlary, suratlary, şol ýyllaryň fotosuratlary, esger kitaplary, planşetler, dürbiler, Beýik Watançylyk urşy döwrüniň ordenleri we medallary, “Esger ykballary”, “Hakyda” we “Şöhrat” kitaplary, TürkmenTAG-ň plakatlary we çagyryşlary, öz aýanja zatlaryny Ýurduň goranyş gaznasyna tabşyran kolhozçy zenenlaryň suratlary... Bu resminamalaryň ählisi taryhyň sahypalaryny açyp görkezýar, urşa gatnaşyjylaryň we ýeňiş üçin tylda arman zähmet çeken adamlaryň aýry-aýry ykballary barada gürrüň berýär. Bu ýere gelýänler Sowet Soýuzynyň Gahrymany Gurban Durdynyň şahsy durmuşyna degişli zatlary aýratyn gyzyklanma bilen synlaýarlar, Mämmetnur Orazmuhammedowyň öz ýakynlaryna uruşdan iberen goşgy görnüşinde ýazan hatlaryny tolgunma bilen okaýarlar.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde esgerleriň beýik ýeňşine bagyşlanyp guralan sergi türkmen ussatlarynyň surat we skulptura eserleriniň çeper polotnolaryndan ybarat boldy. Eksponatlaryň arasynda A.Meredowyň “Esgeriň enesi”, A.Şeteniniň “Ýeňiş”, M.Ýuzbaşewiň “Garaşmak” we “Habar”atly heýkelleri has özüne çekiji.
Hudožnik N.Çerwýakowyň “Düşelgede”, “Weteranlar” ýaly täsirli polotnolary esgerler barada gürrüň berýär. Ýa.Annanurowyň we D.Hudaýgulynyň döreden suratlarynda esgerleriň watan goragyna ugradylşy we olaryň ata watana gaýdyp gelýän pursatlary dolulygyna beýan edilipdir. Hemişelik ýaşlygyna galan atanyň ýagty ýadigärligine A.Muhadowyň “Esger atanyň portreti – 1943 ý.” suraty bagyşlanypdyr.
Ýa.Baýramowyň “Ýeňiş” atly suraty we G.Babikowyň ýeňiş gazanylan baharyň güli bolan sireni suratlandyrýan suratlary dyrmyşy ykrara edýän eserlerdir.