Ýakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýa uly üstünlikli tamamlanan döwlet sapary tutuş dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan içgin üns berlen esasy waka öwrüldi. Taraplaryň ykrar etmegine görä, bu döwlet sapary asyrlar boýy berk doganlyga, dostluga, ynama we özara hormat goýulmagyna mahsus gatnaşyklar bilen baglanyşýan beýik iki halkyň häzirki zaman taryhynda täze tapgyryň başlanmagyna badalga berdi.
Pekinde ýokary derejede geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyga taýýarlyk görlen mahalynda-da köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýola goýlan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň strategiki häsiýete eýedigine ünsi çekdiler hem-de Türkmenistanyň we Hytaýyň däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary we iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelmek arkaly, tutuş sebitde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetli ýagdaýa öwrülen özara peýdaly hyzmatdaşlygy işjeňlik bilen ösdürmegi maksat edinýändigini bellediler.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri sapar barada aýtmak bilen, 2013-nji ýylyň sentýabrynda HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň Merkezi Aziýa boýunça saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda strategiki hyzmatdaşlyga mahsus gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Bilelikdäki Jarnama gol çekendigini ýatladyp, taraplaryň hyzmatdaşlygyň täze, has ýokary derejä ýetirilendigini hem-de esasy ugurlaryň ählisinde hyzmatdaşlygyň ösüşine güýçli badalga berlendigini bellediler.
Meşhur elektron neşirleriň köpüsi Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaýa şu saparynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2007-nji ýylda döwlet Baştutanynyň wezipesine girişen pursadyndan bäri dördünji sapar bolup durýandygyny nygtadylar. Hususan-da, şu günlerde ýaýradylan makalalarda “Ýokary derejedäki şeýle gatnaşyklaryň ýygjamlaşmagy Türkmenistanyň we Hytaýyň has ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýändigine we geljekde gatnaşyklary täze derejä ýetirmegi göz öňünde tutýandygyna şaýatlyk edýär” diýlip bellenildi.
Hytaýyň paýtagtynda ýokary derejede geçirilen gepleşikler baradaky habarlar HHR-iň çap edilýän ähli neşirleriniň diýen ýaly, şol sanda has meşhur “Ženmin žibao” gazetiniň birinji sahypalarynda ýerleşdirildi hem-de dünýäniň esasy habarlar agentlikleriniň teswirlemelerinde beýan edildi.
Daşary ýurtlaryň metbugatynda ýokary derejedäki nobatdaky ikitaraplaýyn duşuşugyň öz gatnaşyklaryny deňhukukly strategiki hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine görä guraýan Türkmenistanyň we Hytaýyň arasynda däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary we özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda täze taryhy ädime öwrülendigi nygtaldy.
Hytaýyň iri “Sinhua” habarlar agentligi “dostlukly iki döwletiň baştutanlarynyň müdimilik dostlukly gatnaşyklary ösdürmek hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, içgin gatnaşmak, uzakmöhletleýin ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň sagdyn we durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça karara gelendigi” baradaky täzeligi dessine ýaýratdy.
Dünýäniň esasy çap edilýän we Internet neşirleri resmi türkmen we hytaý metbugatynyň habarlaryna salgylanmak bilen, soňky birnäçe ýylyň dowamynda iki döwletiň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmek arkaly, şu ugurda uly üstünlikleri gazanandygyny nygtadylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bellemegine görä, diňe bir 2007-2013-nji ýyllarda Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky haryt dolanyşygy 20 esse artdy we geçen ýylyň netijeleri boýunça ABŞ-nyň 10 milliard dollaryna golaý boldy.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň daşary söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda Hytaý haryt dolanyşygy boýunça birinji orny eýeleýär, mümkinçilikleriň barha artýanlygyny göz öňünde tutanyňda, ýakyn bäş ýylyň dowamynda bu görkezijini iki esse artdyryp, ikitaraplaýyn söwda dolanyşygyny ABŞ-nyň 20 milliard dollaryna ýetirmek üçin ähli şertler bar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideriniň iki ýurduň döwlet edaralary bilen birlikde, hususy telekeçileri has işjeň çekmek hem-de welaýatlaryň derejesinde iki döwletiň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak baradaky teklibi Hytaý tarapynda uly gyzyklanma döretdi.
Hytaýyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň: “Hytaý Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa etmek arkaly ösdürilmegini oňlaýar. Biz uzakmöhletleýin geljekde biziň hyzmatdaşlygymyzyň kdalay ösdürilmegi üçin ikitaraplaýyn söwdanyň gerimini giňeltmeli, söwda degişli düzümi gowulandyrmaly. Ýüpek ýoluna ykdysady zolagynyň bilelikde gurulmagy biziň ýurtlarymyz üçin täze taryhy mümkinçiligi döreder. Bizde ýollary gurmak, döwletara gatnawlary we gumanitar gatnaşyk boýunça örän uly mümkinçilikler bar” diýen sözlerine salgylandylar.
Metbugatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategiki ugry diýlip hasaplanýan neditgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga içgin üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, gysga möhletlerde gurlan Türkmenistan –Hytaý gaz geçirijisiniň möhüm ähmiýetlidigini hem-de häzirki wagtda bu gaz geçiriji arkaly türkmen topragyndaky ýangyja baý tebigy ýataklardan tebigy gazyň durnukly, uzakmöhletleýin esasda Hytaýa iberilmegi üpjün edilýär. Yklymdaky bu örän uly gaz geçirijiniň üçünji şahasynyň gurluşygynyň tamamlanmagy we dördünji şahasynyň gurulmagyna batly depgin bilen girişlilmegi “mawy ýangyjyň” iberilýän möçberlerini ylalaşylan derejä, has takygy, ýylda 65 milliard kub metre ýetirmäge mümkinçilik berer diýlip bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň HHR-e döwlet saparynyň öňüsyrasynda Türkmenistanda Hytaýyň “СNPС” milli nebigaz korporasiýasy tarapyndan “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn sebitde gazy gaýtadan işleýän ikinji zawodyň ulanmaga berilmegi hem-de dünýädäki iri “Galkynyş” gaz käninde gazy gaýtadan işleýän ýene-de bir toplumyň düýbüniň tutulmagy we hytaýly hyzmatdaşlaryň bu ýatagy özleşdirmegiň ikinji tapgyryna-da gatnaşmagy möhüm ähmiýete eýedir. Bu çäreleriň ähliisi eýýäm ýakyn wagtda türkmen gazynyň Hytaý Halk Respublikasyna iberilýän möçberlerini has-da artdyrmaga mümkinçilik berer.
Dünýäniň habarlar agentlikleriniň habarlary yzygiderli täzelenilip, abraýly halkara bilermenleriniň teswirlemeleri bilen üsti ýetirildi. Olar möhüm ähmiýetli we giň gerimli taslamalaryň birnäçesi, ilkinji nobatda iki ýurt üçin strategiki ähmiýete eýe bolan gaz ulgamyndaky taslamalar bilen berkidilen döwletara hyzmatdaşlygynyň sazlaşykly ösdürilmegini bellediler.
Husüsan-da, “Neft Rossii” atly belli pudaklaýyn internet-gazet Türkmen döwlet habarlar gullugynyň –TDH-nyň maglumatyna salgylanyp: “Türkmenistan we hytaý gaz ulgamynda özara arkalaşykly hereket etmek boýunça biri-biri üçin uly hyzmatdaşlar bolup durýarlar, şol hyzmatdaşlygyň binýady berkdir we geljekde ony ösdürmek üçin örän giň mümkinçilikler bar” diýip habar berdi.
Parahatçylykly maksatlar üçin kosmos giňişligini öwrenmek we ondan peýdalanmak, şeýle hem häzirki ählumumy şertlerde uly ähmiýet berlip ösdürilýän ulag we aragatnaşyk ulgamy döwletara hyzmatdaşlygynyň täze we geljegine uly umyt baglanýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şeýle hem gumanitar-medeni ugur, ilkinji nobatda, bilim ulgamy boýunça ýola goýlan gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigine üns berildi. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde –Pekiniň ylym we tehnologiýa uniwersitetinde, Pekiniň nebit uniwersitetinde, Şanhaýyň Tongži uniwersitetinde, Huažongyň ylym we tehnologiýa uniwersitetinde we mugallymçylyk uniwersitetinde, Guançžou şäheriniň Nanfang lukmançylyk uniwersitetinde we beýlekilerde talyplaryň müňden gowragy okaýar.
Iki ýurduň Liderleri yzygiderli gatnaşyklaryň hem-de türkmen we hytaý wekiliýetleriniň iki ýurtda geçirilýän dürli halkara medeni çärelerine –forumlara, festiwallara, ylmy-amala maslahatlara, okuw maslahatlaryna, syýahatçylyga degişli sergilere we sport ýaryşlaryna gatnaşmagynyň oňat däbe öwrülendigini kanagatlanma bilen bellediler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň geljekde-de iki döwletiň arasyndaky gumanitar-medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine ýardam berjekdigini aýdyp, hytaý tarapyna beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň Türkmenistanda we daşary ýurtlarda giňden bellenilýän 290 ýyllygy mynasybetli çäreleriň guralandygy üçin aýratyn minnetdarlyk bildirdi.
Pekinde geçirilen duşuşyklaryň çäklerinde iki ýurduň hökümetleriniň möhüm ähmiýetli sport ulgamynyň ösdürilmegine uly üns berilýändigini hem-de ilaty köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak boýunça giň gerimli işleriň geçirilýändigini öz öňünde tutmak arkaly, bu ugurdaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda geçiriljek Aziada-2017-ä ykjam taýýarlyk görýän Türkmenistanyň Hytaýda uly halkara sport ýaryşlaryny guramak we geçirmek boýunça baý tejribäni öwrenmek maksady bilen, hytaýly esasy hünärmenler bilen gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygyny aýtdy.
Dünýäniň habar beriş serişdelerinde Türkmenistanyň we Hytaýyň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl-de, eýsem köptaraplaýyn esasda hyzmatdaşlygy maksadaokgunly ösdürýändigi bellenilip, iki ýurduň dünýä bileleşiginiň jogapkär agzalary bolmak bilen, sebitleýin hyzmatdaşlygyň netijeli gurallarynyň döredilmegine uly goşant goşýandygy we şu ugra degişli netijeli başlangyçlary oňlaýandygy nygtalýar. Habarlar agentlikleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşyna salgylanyp, “iki döwletiň daşary syýaýat boýunça garaýyşlarynyň, maksatlarynyň we wezipeleriniň meňzeşdigini, munuň taraplara halkara deerjesinde, şol sanda iri halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-nyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilik döredýändigini bellediler.
Ýeri gelende aýtsak, dostlukly iki döwletiň Baştutanlary türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň many-mazmunly häsiýete eýe bolmagynyň özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary we geljekki mümkinçilikleri, şeýle hem bütin dünýädäki ösüşe mahsus ýagdaýlar boýunça garaýyşlarda özara düşünişilmegi bilen şertlendirilendigini birnäçe gezek bellediler. Türkmenistanyň we Hytaýyň häzirki döwürdäki derwaýys meseleler boýunça garaýyşlary biri-birine ýakyndyr ýa-da meňzeşdir, iki ýurt häzirki döwürde ählumumy howplara we wehimlere netijeli garşy durmak ugrunda dünýä bileleşiginiň tagallalaryny dolulygyna oňlaýarlar, munuň özi olara halkara derejesinde, iri halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk etmäge, birek-birege hemmetaraplaýyn goldaw bermäge, netijeli başlangyçlary we teklipleri öňe sürmek we amala aşyrmak üçin syýasy-diplomatik tagallalary birikdirmäge mümkinçilik berýär.
Russiýanyň iri habarlar agentlikleriniň biri bolan “ITAR-TASS” Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýyň paýtagtynda çäkli we giňişleýin düzümde gepleşikleri geçirendigini, onuň netijeleri boýunça gaz pudagynda, söwda, oba hojalygy, maliýe, medeniet we bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hakyndaky resminamalara gol çekilendigini belleýär. Şeýle hem taraplar sebitleriň, şäherleriň we kärhanalaryň derejesindäki hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda ylalaşyklaryň birnäçesinde gol çekdiler.
Metbugat serişdeleri Türkmenistanyň Prezidenti bilen HHR-iň Başlygynyň gol çeken Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamany, Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek we çuňlaşdyrmak hakynda Bilelikdäki jarnamany we Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň 2014-2018-nji ýyllar üçin Ösüş maksatnamasyny kabul etmek hakyndaky Beýannamany görkezdiler.
Nygtalyşy ýaly, geçirilen gepleşikleriň barşynda baglaşylan şertnamalar, şeýle hem gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumy türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ägirt uly mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine kuwwatly itergi berdi we onuň strategik häsiýete eýedigini hem-de anyk netijeleri nazarlaýandygyny tassyklady.
Şeýle hem Internet ulgamynyň köp millionly peýdalanyjylaryna iki döwlet baştutanlarynyň resmi duşuşyk we Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara peýdaly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin binýady has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlandan soň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine ýüzlenmelerinden parçalary hödürlediler.
Şonda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy öz çykyşynda iki döwletiň arasynda strategik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan bäri hyzmatdaşlygyň ähli ulgamlarynda gazanylan netijelere ýokary baha berdi we ikitaraplaýyn hem-de sebitleýin hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça gepleşikleriň örän netijeli we işjeň ýagdaýda geçendigini belledi.
Ýokary derejede geçirilen nobatdaky türkmen-hytaý duşuşygynyň jemleri barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz gezeginde döwletara türkmen-hytaý gatnaşyklaryna mahsus bolan birek-birege ynanyşmak, açyklyk we özara düşünişmek ýagdaýynda geçen gepleşikleriň netijeli bolandygyny belledi.
“Ýokary derejede geçirilen şu günki duşuşyk Türkmenistanyň we Hytaýyň netijeli hyzmatdaşylgy giňeltmäge bolan meýillerini äşgär etdi. Bu gepleşikler geljekki onýyllyklara gönükdirilen strategiki ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň many-mazmunyny kesgitledi we iki ýurduň halklarynyň özara peýdaly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklady” diýip, habar beriş serişdeleri milli Liderimiziň sözlerini getirdiler.
Türkmenistynň Prezidentiniň we HHR-iň Başlygynyň duşuşygynyň örän netijeli bolandygyny bellemek bilen, žurnalistler bu gezekki gepleşikleriň döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany ýazandygyny we olaryň ikitaraplaýyn bolşy ýaly, döredijilik, durnukly ösüş we rowaçlyk babatda umumy maksatlara laýyk gelýän işjeň we netijeli hyzmatdaşlygyň nusgasyna öwrülendigini bellediler.
Türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösüşiň täze derejesine çykaran iki döwletiň Liderleriniň taryhy duşuşygyna yzygiderli çap edilen köpsanly makalalarda aýratyn orun berildi. Emma beýleki möhüm duşuşyklar we çäreler hem ünsden düşürilmedi, olar Türkmenistanyň wekiliýetiniň dostlukly ýurtda saparda bolmagynyň çäklerinde geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet saparynyň öň ýanynda Pekinde, Hytaýyň ministrliklerinde we pudak edaralarynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi, olaryň çäklerinde hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, iki ýurduň döwlet düzümleriniň we işewür toparlarynyň wekilleri ozal kabul edilen pudaklaýyn meýilnamalaryň we türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň maksatnamalarynyň çäklerinde döwletara gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini ara alnyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet guşy” atly kitabynyň hytaý dilindäki neşiriniň tanyşdyryş dabarasy Hytaýyň paýtagtynyň medeni we jemgyýetçilik durmuşynda täsirli waka boldy we ýerli metbugatyň sahypalarynda öz beýanyny tapdy. Bu kitabyň hytaý dilinde neşir edilmegi Hytaýyň okyjylarynyň millionlarçasyna döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ösüşe we abadançylyga tarap ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan barada has köp zatlary bilmäge ýardam berer.
Hytaýyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, ilkinji nobatda bolsa merkezi telewideniýe, köpsanly Internet – saýtlar we meşhur gazetler döwlet saparynyň jemleýji gününiň esasy wakalarynyň biri bolan - Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa “Pekiniň adaty hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň Hormatly professory” adynyň dakylmagyna bagyşlanan dabarany giňden beýan etdiler. Bu ýokary okuw mekdebi Hytaýyň iň öňdebaryjy okuw merkezleriniň biri bolup, hytaý lukmançylygy ulgamynda, şeýle hem keselleriň öňüni almak we bejermek ulgamynda ylmy-barlag işleri bilen meşgullanýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýar.
Bu şanly waka ömrüniň aglaba bölegini lukmançylyk ylmynyň we tejribesiniň ösdürilmegine bagyşlan türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki döwürde türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, demokratiýanyň we halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly şahsy goşandynyň ykrar edilmegine öwrüldi.
Şunuň bilen baglylykda, halkara synçylar Türkmenistanyň Prezidentiniň saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegini amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitläp, ylmy işi dowam etdirýändigini hem-de birnäçe ajaýyp ylmy işleriň, şol sanda HHR-iň ylmy toparlarynda giň seslenme döreden “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly endiklopedik işiň awtory bolup durýandygyny bellediler.
Mälim bolşy ýaly, 2011-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Pekiniň abraýly uniwersitetiniň Hormatly professory diýen at dakyldy, munuň özi iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagyna badalga berdi.
12-nji maýda Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýanyň göçme mejlisiniň geçirilmegi-de iki ýurduň arasynda medeni-gumanitar hyzmatdaşlygyň yzygiderli ýagdaýda üstünlikli ösdürilýändigini görkezýän subutnama öwrüldi.
Bu wekilçilikli forumyň öňüsyrasynda, aprel aýynyň başynda şu ýerde, Pekinde “Ahalteke bedewi—parahatçylygyň ilçisi” diýen şygar bilen dabaranyň geçirilendigini ýatladasymyz gelýär. Bu dabara Hytaýda we tutuş dünýäde meşhur bedewleriň tohumlarynyň şan-şöhratyny wagyz etmek we ahalteke atçylygynyň ösüşine ýardam bermek maksady bilen, şu aýda Hytaýda geçirilýän Ahalteke bedewiniň baýramçylygyna badalga berdi. Hytaýyň atçylyk assosiasiýasy we Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan guralan dabara ýüzlerçe adamlar, şol sanda bu ýurduň işewür we jemgyeýtçilik toparlarynyň wekilleri, dürli döwletleriň diplomatlary, medeniýet işgärleri gatnaşdylar, meşhur aktýor we režissýor—dünýä kinosynyň ýyldyzy Žekki Çan hormatly myhman boldy.
Türkmen Lideri Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýanyň şu göçme mejlisini taryhy waka diýip atlandyrdy. Şu ýyllarda bu assosiasiýa dürli ýurtlaryň arassa ahalteke atlaryny köpeltmek, bu bedewleriň tohumlaryny we ajaýyp häsiýetlerini kämilleşdirmek boýunça ýöriteleşdirilen atçylyk kärhanalarynyň gyzyklanma bildirip gepleşik geçirýän ýerine öwrüldi.
Döwlet Baştutanymyz şu assosiasiýany döretmek arkaly, ahalteke bedewleriniň arassa tohumyny aýawly saklamak we kämilleşdirmek, sanyny artdyrmak, şeýle hem etalon diýlip hasaplanýan behişdi bedewleri wasp etmek we dünýäde şan-şöhratyny artdyrmak üçin göwnejaý binýadyň döredilendigini belläp, assosiasiýanyň köpsanly agzalarynyň öňündäki ilkinji nobatdaky wezipäniň dünýädäki arassa ahalteke bedewleriniň tohumlarynyň halkara kitabyny (Stud-buk) döretmekden ybarat bolup durýandygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan meşhur ahalteek bedewlerine ünsi çekmegiň Hytaýa şu döwlet saparynyň möhüm ähmiýetli maksatlarynyň biridigini belledi. Munuň şol gün Taýmýao seýilgäh toplumynda “Ahalteke bedewleriniň agşamy” atly uly tomaşada öz beýanyny tapmagy ýöne ýerden däldir.
Dünýä metbugatynda meşhur “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň täsirli çykyşy joşgunly seslenmeleri döretdi. Bu toparyň çykyşy köp sanly märekede uly täsir galdyrdy. At üstündäki oýunlaryň ussatlyk bilen ýerine ýetirilmegi tomaşaçylara behişdi bedewleriň kämil gözelligine, görmegeýligine we nepisligine syn etmäge ýardam berdi. Ahalteke atlary köp asyr mundan ozal ýurdumyzyň çäklerinden daşynda-da şan-şöhrata eýe boldy.
Hormat goýmagyň we iki ýurduň arasyndaky hakyky dostlugyň nyşany hökmünde, ähli türkmenistanlylaryň adyndan hytaýly dostlara Pudak diýen ajaýyp ahalteke atynyň sowgat berilmegi-de žurnalistleriň ünsüni çekdi. Bu bedew indiden beýläk Türkmenistanyň we Hytaýyň arasynda barha berkeýän gatnaşyklaryň we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň ýene bir ajaýyp nyşany bolar.
Şeýle hem türkmen döwletiniň Baştutanynyň saparyna gabatlanyp 13-nji maýda pekin şäheriniň Fenşan etrabynda ahalteke atçylygyna bagyşlanyp uly seýilgähiň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Ägirt uly atçylyk toplumy seýilgähi doly we hemmetaraplaýyn düzümden ybarat bolup, 540 gektara golaý meýdany eýelär. Taslamany 2018-nji ýyla çenli amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.
Ählumumy Internet ulgamyndaky köpsanly makalalar we aýry-aýry teswirlemeler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýyň aerokosmos ylmy we senagaty korporasiýasynyň (CASIC) merkezi edarasyna barmagyna we milli Liderimiziň ikitaraplaýyn duşuşygyna, şol sanda Hytaýyň Halk wekilleriniň Ählihytaý Ýygnagynyň Hemişelik Komitetiniň Başlygy jenap Çžan Deszýan we Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri jenap Li Kesýan bilen duşuşyklaryna bagyşlandy.
Köpsanly habarlarda Çžeszýan welaýatynyň dolandyryş merkezi Hançžou şäherine barylmagy barada aýratyn gürrüň berildi. Bu ýerde türkmen döwletiniň Baştutany Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň welaýat komitetiniň sekretary Sýa Baolun bilen duşuşdy hem-de şäheriň esasy gözel künjegi hasaplanýan Sihu kölüne baryp gördi. Bu köl Hytaýyň belli gözel tebigy künjekleriniň biri bolup, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de resmi adamlar suwdaky tomaşany synladylar. Dünýäde suw üstündäki iň gowy tomaşa hasaplanýan bu ajaýyp çykyşyň awtory belli režissýor Çžan Imou bolup, onuň “Uçan hanjarlaryň öýi” atly filmi Oskara, beýleki ençeme abraýly kino baýraklaryna mynasyp boldy. Şeýle hem ol Pekinde geçirilen Olimpiadanyň açylyş we ýapylyş dabaralaryny sahnalandyrdy.
Şu teswirlemäni jemläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu döwlet saparynyň diýseň täsirli bolmagynyň, şol günlerde dürli derejelerde geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijeliliginiň öňden bäri döwrüň synagyndan geçen strategiki iki hyzmatdaşyň –Türkmenistanyň we Hytaýyň milli we ählumumy ösüşiň belent maksatlaryna laýyk gelýän hyzmatdaşlygy düýpgöter täze görnüşde guramaga gyzyklanma bildrýändigini we taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklandygyny bellemek gerek.
Taraplaryň bellemegine görä, durmuşda örän möhüm ähmiýete eýe bolan, özara peýdaly we uzakmöhletleýin esasda guralýan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda ýene-de bir wajyp ädim ädildi. Onuň netijeleri baryp Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen bäri kemala gelen hem-de häzirki taryhy eýýamda täzeden badalga berlen ykdysady we medeni ýörelgeler arkaly örän berk bagly bolan dostlukly iki halkyň köpasyrlyk dostlugynyň pugtalandyrylmagyna goşulan önjeýli goşanda öwrüldi.