Buharada (Özbegistan Respublikasy) beýik şahyr hem-de akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllyk ýubileýniň hormatyna dabaralar geçirildi
Buharada dünýä ylmynyň we edebiýatynyň baky ýyldyzyna öwrülen Gündogaryň akyldarlarynyň köpüsi bilim alypdyrlar. Kükeldaş medresinde Magtymguly hem okap, bilim alypdyr. Muňa Pyragynyň ömri we döredijiligi barada gürrüň berýän rowaýatlar şaýatlyk edýär.
Magtymguly Pyragynyň ýubileýine bagyşlanyp geçirilen halkara ylmy-maslahaty Sadreddin Aýni adyndaky teatrda geçirildi. Özbegistan Respublikasynyň Halkara medeni merkezi, “Özbegistan-Türkmenistan” dostluk jemgyýeti, Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçihanasy, Ylymlar akademiýasy, Ýazyjylar birleşmesi we Özbegistan Respublikasynyň Türkmen medeniýet merkezi bu maslahatyň gurnaýjylary bolup çykyş etdiler.
Türkmen we özbek alymlary Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi boýunça täze gözlegleriň jemleri, terjime işleriniň aýratynlyklary we şahyryň özbek dilindäki goşgular ýygyndysynyň neşiriniň taryhy barada gürrüň etdiler. Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň täze neşiri türkmen wekilýetiniň agzalaryna sowgat berildi.
Teatryň eýwanynda ajaýyp türkmen şahyrynyň ömrine we döredijiligine bagyşlanyp sergi guraldy. Bu ýerde ylmy işler we Pyragynyň özbek dilindäki eserleriniň neşiri görkezilýär. Magtymgulynyň ilkinji neşir edilen eserleriniň biri hut Buharada 1910-njy ýylda “Hezreti Magtymgulynyň diwanlary” ady bilen neşir edilendigini belläp geçmelidireis.
Özbek artistlerini we Özbegistan Respublikasyndaky türkmen wekilýetiniň gatnaşmaklarynda geçirilen konsert bu ylmy maslahata gatnaşyjylaryň ruhlaryny belende galdyrdy. Olaryň ýerine ýetirmeklerinde Magtymgulynyň goşgularyna döredilen aýdymlar özbek we türkmen dillerinde ýaňlandy.