Ï Gerkezde geçirilen baýramçylyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gerkezde geçirilen baýramçylyk

view-icon 748
Şahyryň dogduk obasy Gerkezde medeni ýadygärlikler toplumynyň we Magtymguly muzeýiniň düýbi tutuldy.

Magtymguly Pyragynyň dogaln gününiniň 290 ýyllygy baýramçylygynyň öň ýanynda gurluşyga dabaraly ýagdaýda badalga berildi. Bu dabara ýurduň meşhur medeniýet işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, okuwçylar, Magtymguly etrabynyň obalarynyň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar. Şeýle hem, ýakynda Eýranyň Aktokaý obasynda ýerleşýän Magtymgulynyň we onuň kakasy Döwletmämmet Azadynyň aramgähleri guburlaryna zyýarat eden türkmen wekilýeti gatnaşdylar.


Medeni ýadigärlikler toplumynyň we Magtymguly Pyragy mezeýiniň gurluşygy ýurduň “Hilal Mermer” hususy kärhanasyna ynanyldy. Bu desgalary 2015-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Soňra obanyň merkezinde Magtymgulynyň heýkeliniň açylyş dabarasy boldy. Dabara Gerkeziň golaýyndaky owadan jülgede dowam etdi. Bu ýerde hakykatdan hem gündogar obasy ýaýbaňlandyryldyryldy. Bu ýerde zergärler we halyçy gelin gyzlar, suratkeşler we artistler bu ýere ýygnanlary öz sungatlary bilen tanyşdyrdylar. Gadymy türkem durmuşyna degişli bolan muzeýiň ekspozisiýalary we şahsy toplanan zatlar, amaly-haşam sungatynyň ajaýyp nusgalary görkezildi. Pälwanlaryň tutan milli göreşleri tomaşaçylaryň köp sanlysyny ýygnady.

Balkan welaýatynyň aýdym, tans, folklor toparlarynyň uly konsertde eden çykyşlary baýramçylygyň jemleýji tapgyry boldy.