Türkmen halysynyň baýramçylygynyň öňisyrasynda paýtagtyň Çagalar we ýetginjekler köşgünde ýaş halyçylaryň Döwlet bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrligi we “Türkmenhaly” Döwlet birleşigi tarapyndan guraldy.
Bäsleşige orta bilim berýän mekdepleriň 4-7-nji synp okuwçylary, okuw mekdepleriniň ýanyndaky döredijilik gurnaklarynyň we BAE Prezidenti şeýh Zaid bin Sultan Al-Nahaýýan adyndaky “Döwletliler” köşgünde terbiýelenýänler gatnaşdylar. Paýtagtda we welaýatlarda mundan öňki geçirilen bäsleşikleriň ýeňijileri bu jemleýji bäsleşige gatnaşdylar.
Guramaçylaryň pikirlerine görä, bäsleşige gatnaşygy ýaşajyk gyzjagazlar türkmen zenanlarynyň adaty senetçilik hünäri bolan haly dokamagyň inçe syrlaryny dowam etdirdiler.
Köşükler toplumynda aýratyn döredijilik ýagdaýlary birnäçe sagatlap höküm sürdi. Gyzjagazlar bu ýere ýygnanlaryň gözleriniň alnynda owadan nagyşly we gölli ajaýyp uly bolmadyk halylary döretdiler. Şeýle hem bäsleşige gatnaşyjylar özleriniň ýazuw işlerinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagynda ýerleşýän gölleriň görnüşini we ähmiýetini beýan etdiler. Bäsdeş gyzjagazlar döredijilik tapgyrynda aýdym aýtdylar, tans etdiler, goşgy okadylar we haly dokamak sungatyna bagyşlanan sahna kompozisiýalaryny görkezdiler.
Bäsleşigiň jemleýji sanynda bäsleşige gatnaşyjylar ýüplügi taýýarlamagyň adaty usullary, ýyllar geçse-de reňki barha lowurdaýan tebigy reňkler bilen tanyşdyrdylar. Gyzjagazlar haly dokamak bilen baglanyşykly halk rowaýatlaryny hem-de hekaýalaryny emin agzalaryna aýdyp berdiler.
Emin agzalarynyň düzüminde öz hünärine ussat halyçylaryň bolmagynyň ähmiýeti uly boldy. Bäsleşigiň jemi jemlenende olaryň pikirleri aýratyn gymmatly boldy.
Birinji orna Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň 8-nji orta mekdebiniň okuwçysy Gülsenem Magtymgulyýewa mynasyp boldy. Çagalar we ýetginjekler köşgüniň gurnagyna gatnaýan Ogulşat Meläýewa ikinji orna düşdi. Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynyň umumy bilim berýän 2-nji orta mekdebiniň okuwçysy Oguljan Saparmyradowa üçünji orny eýeledi. Bäsleşigiň ýeňijilerine diplomlar we gymmat bahaly baýraklar gowşuryldy. Bäsleşigiň beýleki gatnaşyjylaryna höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy
Çagalar folklor toparlarynyň görkezme çykyşlary bäsleşigiň şowhunyny has-da artdyrdy. Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýesi paýtagtyň Ruhabat etrabynyň 158-nji çagalar bagynyň “Gülälek” folklor toparynyň çykyşy aýratyn ýatda galyjy boldy. Çagalar bu ýere ýygnanlary özleriniň sahna zehinleri bilen begendirdiler, ýörite ekspozisiýada nusgalary görkezilen sowgatlyk haly önümlerini taýýarlamak boýunça “ussatlyk sapagyny” geçirdiler.
Bäsleşigiň çäklerinde bäsleşige gatnaşylar tarapyndan ýerine ýetirilen haly önümleriniň sergisi geçirildi, paýtagtyň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň okuwçylarynyň çeken haly nagyşlarynyň suratlary we eskizleri görkezildi.