Beýuk şahyryň keşbi nesiller üçin saklanyp galmandyr. Ýöne bu adamlary elmydama tolgundyrypdyr. Häzir eýýäm biziň üçin adaty bolan Magtymgulynyň 66 ýyl mundan ozalky döredilen keşbi şu wagtkysy ýaly bolmandyr.
Ony her kim özüçe göz öňüne getiripdir. Kimdir birine ol arzuw eden gyzy Meňlä düzen goşgusyny okaýan ýaş oglanyň keşbinde göz öňüne getiripdir, kimdir biri üçin ol ýer ýüzüne syýahat edýän şahyr hökmünde bolupdyr. Mundan üç ýüz ýyl öň ýaşap geçen, öz goşgulary bilen türkmen poeziýasyny ýurduň çäklerinden daşarda şöhratlandyran hem-de bütindünýä genji-hazynasyna örän uly goşznt goşan, ady rowaýata öwrülen bu ýaş şahyryň keşbi nähili bolupdyr? Bu sorag bilen döredilik hünäriniň köp wekilleri – ýazyjylar, şahyrlar, artistler gyzyklanypdyrlar. Olar şahyryň keşbini hyýaly göz öňüne getirip bilerdiler. Hudožnikler bolsa şahyryň öz boluşy ýaly ony ýurduň medeniýetiniň döwrini beýany hökmünde, Magtymgulynyň ömürlik goşgularyny şahyry janlandyrýan ýaly ruhda ýaňlanar ýaly döretmegi arzuw edipdirler. Elbetde, beýik şahyryň kanoniki keşbini döretmek ýeňil iş däl. Ol hudožnikden ene topragyň taryhyny, edebiýaty, türkmen halkynyň medeniýetini çuňňur bilmegi talap edýär.
1947-nji ýylda Aşgabatda Magtymgulynyň kanoniki keşbini döretmek boýunça döredijilik bäsleşigi yglan edilýär. Türkmenistanyň köp sanly hudožnikleri üstünlige bolan ynam bilen bäsleşikde öz başarnyklaryny synap görýärler. Moskwanyň Surikow adyndaky çeperçilik mekdebiniň 3-nji ýyl talyby Aýhan Hajyýew hem bäsleşige gatnaşýar. Şahyryň keşbini suratlandyrmak bilen ol ajaýyp şahsyýet hökmünde Magtymgula bolan çäksiz söýgüsini, onuň umman ýaly döredijiligine bolan çäksiz söýgasini beýan etmek isledi.
Aýhan Hajyýew Magtymgulynyň keşbini döretmek baradaky arzuwyny bäsleşikden has öň kalbynda göterip gezdi. Entek Aşgabadyň çeperçilik mekdebinde okap ýörkä ol söýgüli şahyrynyň döredijiligini jikme-nik öwrendi, müňlerçe eskizleri döretdi. Ýaş hudožnik Magtymgulynyň doglan ýeri bolan dag obasy Gerkezde boldy, bu ýerde ol şahyryň daşgyn garyndaşlary bilen duşuşdy. Olar bilen söhbetdeşlikde Aýhan Hajyýew Magtymguly bilen bagly zatlaryň ählisi bilen gyzyklandy. Obanyň ýaşulylary özleriniň ata-babalaryndan eşiden şahyryň durmuşy, häsiýeti, endikleri, geýimleri barada gürrüňlerini oňa gürrüň berdiler. Hudožnik üçin hemme zat wajypdy. Ol ähli maglumatlary dür däneleri ýaly edip ýygnady. Şahyryň hakyky keşbini beýan etmek üçin suratçy onuň garyndaşlaryndan portret zarisowkalaryny taýýarlady.
Aýhan Hajyýewiň öňünde şahyryň joşgunly keşbini döretmek, millionlarça adamyň ony görüp, Magtymguly hut şeýle bolupdyr diýip ynanar ýaly hakykaty döetmek meselesi durdy. Portreti döretmekde suratkeşe döwürdeşleriniň ýatlamalary, şahyryň döredijilik mirasyny, onuň filosofiki garaýyşlaryny öwrenmegi örän uly kömek etdi. Türkmen üçin Magtymgulynyň goşgulary wyždanyň owazy, paýhaslylylygyň çeşmesi, ahlaklyk meselelerinde şeksiz abraýy bolup durýar
Aýhan Hajyýew 1947-nji ýylda Magtymguly portretiniň üstünde işlemegi tamamlaýar. Ynha-da tomaşaçylaryň öňünde joşgunly döredijilik pusatyndaky keşpde beýik türkmen şahyrynyň keşbi ilkinji sapar görkezilýär. Türkmen ak öýüniň garaňkydylan fonunda ýagty başlangyçlaryň beýanynda şahyryň nurana keşbi görünýär. Onuň hyjuwly bakyşy edil ýagty geljege ymtylýan ýaly görünýär, ol dolulygyna şygyra ýugurlupdyr, goşgy ýazylyp, pessejik stolda ýatan togarlanan kagyz bolsa şahyrana pikirleriň döredilendigine şaýatlyk edýär. Magtymgulynyň ajaýyp keşbi bu filosofyň, eden etdiligiň ýowuz we uruş döwründe ýaşan hem-de türkmen halkynyň ýagty geljegi, öz Watany üçin aladalanýan şahyryň we akyldaryň çylşyrymly içki dünýäsini aňladýar. Köp sanly ussatlar üçin Magtymgulynyň ýaş žiwopisçi Aýhan Hajyýew tarapyndan 1947-nji ýylda döredilen kanoniki portreti žiwopisde, skulpturada, grafikada, teatrda we kinematografiýada beýik şahyryň bu keşbini beýan etmäge esas bolup hyzmat etdi.
1957-nji ýylda, Magtymgulynyň doglan gününiň 225 ýyllygynyň öň ýanynda, A.hajyýaew beýik şahyryň keşbine täzeden ýüzlendi. 1959-njy ýylda geçirilen respuklikan sergide “Magtymguly-zergär”ady bilen täze surat görkezildi. Gadymýetde zergärler diňe bir zenanlary bezemek üçin bezeg şaý-seplerini ýasamak bilen meşgullanman, eýsem ene topragy goraýjylar üçin ýarag hem ýasapdyrlar. Şonuň üçin hem zergärçilik sungaty harby edermenlik bilen deňelipdir. Bu suratda suratkeş ussatlygy, sungaty, däp-dessury bir ýere jemläp, şähyr-zergäri görkezipdir. 1969-njy ýylda bolsa ýene-de bir – “Gaýduwsyz” atly surat tomaşaçylara hödürlendi. Onda şahyryň keşbi has çuňlaşdyryp we baýlaşdyrylyp görkezilýär. Onda hudožnik beýik Magtymgulynyň buýsanjaň, boýunegmezek ruhyny dabaralandyrýar, onuň watana bolan beýik söýgüsini we türkmen halkyny ezijilere garşy gazaply ýigrenjini görkezýär.
Aýhan Hajyýewiň Magtymgulynyň döredijiligine köp taraplaýyn çemeleşmesi, şahyryň filosofiki pikirleri hudožnigi ýene-de bir suraty “Bir maşgala bolup” (1983) atly suraty döretmäge ruhlandyrdy. Şahyryň ruhy taýdan ýitililigi, ötgür sözleri onuň şygyrlarynyň muşdaklaryna örän uly täsir edýär. Magtymguly watandaşlaryny birleşmäge çagyrýär, şonda jem bolan halka her-hili howplaryň hem täsir edip bilmejekdigini aýdýar.
Ýene-de bir beýik şahyr bilen baglanyşykly surat sýužeti – ol hem “Magtymgulynyň gubrunda” (1991) diýlip atlandyrylýar. Eýranyň Aktokaý obasyndaky beýik şahyrlar Azadynyň we Magtymgulynyň guburlaryna biziň döwürdeşlerimiz – alymlar, ýazyjylar, medeniýet we sungat işgärleri hormat we sylag hökmünde zyýarat edýärler.
1993-nji ýylda bolsa A.Hajyýew ýene-de bir kanoniki keşpleriň birini döretmek bilen şöhratlandy. Bu sapar ol şahyryň şahsyýetine hem-de aň-bilim wagyz ediji Döwletmämmet Azada – beýik Magtymgulynyň kakasyna ýüzlendi. Bäsleşigiň emin agzalary bu keşbi beýan edendigi üçin Aýhan Hajyýewe birinji baýragy berdiler, ýörite komissiýa bolsa hudožnigiň döreden keşbini kanoniki eser diýip ykrar etdi.
Hudožnigiň döredijiliginde dürli temalara bagyşlanan ajaýyp işleriň ýýüzlerçesi bolsa-da, hat-da 66 ýyl mundan ozal döredilen Magtymgulynyň kanoniki portreti onuň ýeke-täk işi bolan bolsa-da halk hudožniginiň ady, professoryň, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidatynyň, Magtymguly adyndaky baýragynyň eýesi Aýhan Hajyýewiň ady bary bir adamlaryň ýadynda we şekillendiriş sungatynyň taryhynda türkmen halkynyň beýik oglunyň, özüniň ajaýyp goşgy düzüş sungaty bilen öz Watanyny bütin dünýäde tanadan beýik şahyryň ajaýyp keşbini dörediji hökmünde galardy.