Ï Çaganyň hukuklarynyň we gyzyklanmalarynyň kepillikleri güýçlendirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çaganyň hukuklarynyň we gyzyklanmalarynyň kepillikleri güýçlendirildi

view-icon 11469
Türkmenistanda “Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda” täze Kanun kabul edildi. Bu ýeke-täk normatiw hukuk namasy bolmak bilen, BMG-niň çagalar baradaky Konwensiýasynyň düzgünlerini we kadalaryny doly möçberde özünde jemleýär hem-de türkmen jemgyýetinde kabul edilen ahlak, milli däp-dessurlary, durmuş gymmatlyklaryny beýan edýär.

Biziň ýurdumyzda demokratiki gymmatlyklar we institutlar durmuşyň ähli ugurlaryna sazlaşykly girýär, onuň aýrylmaz bir bölegi bolup durýar. Bu Türkmenistanyň 1994-nji ýylda ratifisirlän çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasynyň ýörelgelerine we kadalaryna degişlidir.

Täze kanun bu babatda BMG-niň Konwensiýasynyň düzgünlerine laýyk gelýän esasyny düzýän we ýeke-täk hukuk namasydyr. Çagalaryň hukuklary babatda kanunda berkidilen standartlar kesgitlenen halkara hukularyna we düzgünlerine laýyk gelýär hem-de çaganyň gyzyklanmalaryna doly hyzmat edýär.

“Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda” Kanununyň işlenilip taýýarlanylmagy we kabul edilmegi halkara we içerki faktorlar bilen şertlendirilendir. Iş tejribesiniň görkezişi ýaly, 2002-nji ýylda kabul edilen kanun biziň jemgyýetimiziň we döwletimiziň täze ýegdaýlaryna we maksatlaryna laýyk gelmeýär.

Kabul edilen Kanun çaganyň hukuk, durmuş, ykdysady we çagany goramak ulgamynyň döwlet syýasatynyň guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. Kanunyň uly maddasy çaganyň dürli hukuklarynyň kepilliklerini kesgitlemäge bagyşlanandyr, beýleki bölegi bolsa olary üpjün etmegi ýuridiki taýdan kepillendirýär.

Kanunyň maksady Türkmenistanda ýaşaýan her bir çaganyň milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, durmuş we emläk ýagdaýyna, özüniň we ata-enesiniň ýaşaýan ýerine, diline, bilimine, dine garaýşyna, dogluş ýagdaýyna, saglygyna ýa-da beýleki ýagdaýlaryna garamazdan, hukuklarynyň we azatlyklarynyň deňligini kepillendirmek bolup durýar. Bu görkezijileriň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär diýlip, Kanunda bellenilýär. Çaganyň hukugynyň bozulan halatynda, kanunda olary dikeltmegiň netijeli usuly işlenilip taýýarlanylypdyr. Bu alamatlar boýunça hukuk bozulmalaryna ýol berilmezligi BMG-niň çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasynyň halkara talaplarynyň esasy ugurlary bolup durýar. Döwlet syýasatynyň esasy ugurlary kanunyň 6-njy maddasynda berkidilýär. Olar öz içine çaganyň durmuşynyň ähli ugurlaryny – saglygyny, bilimini, ukyplarynyň öçdürilmegini,beden, akyl-paýhas, ruhy we ahlak taýdan terbiýelenemgini, jemgyýetçilik-syýasy durmuşa gatnaşmagyny, taryhy we milli däplere, türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklaryna we dünýä medeniýetiniň gazananlaryna goşulmagyny, maşgalada ýaşamagyny we terbiýe almagyny, ekologiki taýdan arassa, ýokary hilli we howpsuz azyk önümlerini ulanmagyny, çaganyň saglygyna zyýan ýetirýän zyýanly maglumatlardan goralmagyny we ş.m. öz içine alýar. Döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri hem – çaganyň sazlaşykly ösmegi üçin maşgala goldaw bermäge, çaganyň terbiýelenmeginde we ösmeginde maşgalanyň ornunyň ýokarlandyrmagy bolup durýar. Çaganyň hukugyny goramak ulgamynda döwlet syýasatyny anyklaşdyrmak bilen, kanun degişli döwlet maksatnamalaýyn maksatnamalary, şeýle hem eneligi, atalygy we çagalygy goldamak üçin maksatnamany işläp taýýarlamak üçin hukuk binýadyny döredýär,

Gurluş babatda täze kanunyň öňki bilen deňeşdirilende has kämilleşdirilendigini belläp geçmelidiris. Birinjiden, kanun düşnükili apparaty: çaga, çagalyk, çaganyň hukugynyň goraglylygy, ýetim çaga, ene-atasynyň ýa-da beýleki kanuny wekillerniň hossarlygyndan galan çaga, maýyp çaga, çaganyň kanuny wekillerini kesgitleýär. Ikinjiden, kanun çaganyň, şol sanda bosgun çaganyň, Türkmenistanyň raýaty bolmadyk çaganyň hem hukugyny we azatlygyny anyk kesgitleýär.

Kanun çaganyň sagdyn gurşawa bolan hukugyny, mynasyp terbiýe almagyny, işde ulanylmagyndan goralmagyny döwlet tarapyndan kepillendirýär. Kanun her bir çaganyň mirasa bolan hukugyny, şeýle hem eýeçilige bolan hukugyny kepillendirýär. Kanun çagany neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň bikanun ulanylmagyndan, temmäki önümlerini sarp edilmeginden goraýar. Kanun maýyp çaga Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we beýleki kanunlarda berkidilen durmuş-ykdysady, şahsy hukuklarynyň we azatlyklarynyň ählisini kepillendirýär. Şeýle hem Döwlet ýetim çagalaryň we ata-enäniň hossarlygyndan galan çagalaryň eklenip saklanmagyny we terbiýelenmegi bilen üpjün edýär. BMG-niň çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyndaky çaga jogapkärçilige çekilen halatynda kada möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle hem döwlet çaganyň islendik maksat bilen we islendik görnüşdäki ogurlanmagynyň hem-de onuň söwdasynyň öňüni alynmagy üçin zerur bolan ähli çäreleri görýär.

“Ata-enäniň çagany terbiýelemäge we ösdürmäge bolan hukuklary we borçlary” baradaky 46-njy madda kanunyň täzeçilligi bolup durýar. Bu jogapçilik her bir ata-enäniň üstüne ýüklenýär. Eger-de ata-eneler öz borçlaryny ýerine ýetirmedik ýagdaýynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

Öz nobatynda kanunyň 32-nji maddasy çaganyň borçlaryny kesgitleýär. Olaryň hatarynda kanunlaryň berjaý edilmelidigini, döwlet nyşanlaryna we milli däp-dessurlara hormat goýulmalydygyny, Watany söýmelidigini, daşky gurşawy aýawly saklamalydygyny, bilimleri almalydygyny, özüňi zähmete we jemgyýete peýdaly başga işe taýýarlamalydygyny, öz ata-eneňe hormat goýmalydygyny, öz saglygyň barada alada etmelidigini we beýlekileri görkezmek bolar.

Kanunyň 34-nji maddasy döwlet häkimiýet we dolandyryş, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň çaganyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitlerini goramagyň çygryndaky ygtyýarlyklaryny kesgitlemek bilen, döwlet kepilliklerini belleýär.