Ï Asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan sungat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan sungat

view-icon 902
Goňur mozaikalarynyň gaýtadan dikeldilen bölekleri Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gadymy artefaktlar ekspozisiýalarynda görkeziler.

Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrliginiň Gaýtadan dikeldiş döwlet ylmy-gözleg institutynyň hünärmenleri Natalýa Kowalýowa we Galina Wereseskaýa indi birnäçe ýyl bäri bu muzeýiň rejeleýiş bölüminde işleýärler. Meşhur arheolog, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýesynyň homatly akademigi Wiktor Iwanowiç Sarianidiniň (1929-2013) başlangyjy bilen, olar Murgap derýasynyň gadymy hanasynyň ugrunda ýerleşen Goňurda geçirilen gazuw-agtaryş işleriň netijesinde tapylan patyşa guburlaryndaky žiwopis elementli diwar mozaika pannosyny gaýtadan dikeldýärler. Gadymy Marguş döwletini ilkinji açyjy W. I.Sarianidi ömrüniň soňky günlerine çenli Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadigärliklerini goramak, öwrenmek we rejeleýiş boýunça milli müdirliginiň we Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň antropologiýa we etnologiýa instituynyň bilelikdäki taslamasy bolan Margiana ekspedisiýasyna ýolbaşçylyk etdi.



Häzir rejeleýjileriň we beýleki hünärmenleriň tagallalary bilen bu mozaikalaryň taýýarlanyş usullary öwrenilýär. Görlüp oturylsa ,onuň taýýarlanyşynda köp usullar ulanylypdyr. Mümkin, hudožniklerde we mozaikaçylarda haýsydyr bir suratlar kompozisiýasy ýa-da iň bolmanda onuň käbir aýratyn elementleri bolandyr. Muňa kesgitli ölçeglerdäki daş bölekleriniň köp babatda ussalar-daş kesijiler tarapyndan taýýarlanadygy hem şaýatlyk edýär. Ussalar olary daşyň görnüşine laýyklykda, onuň akdan çal, sarymtyl reňkine çenli saýlap bilipdirler, soňra bolsa ol nirede gerek bolsa suratyň gerek ýerinde başarnykly ulanypdyrlar.



Bu mozaikalaryň ilkinji rejelenen bölekleri birnäçe ýyl mundan ozal paýtagtyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde, şeýle hem, Mary welaýat muzeýinde görkezildi. Golaý wagtda bolsa goňur mozaikalarynyň rejelenen bölekleri bu muzeýiň gadymy sungat zalynyň ekspozisiýalarynyň üstüni ýetirer.