Türkmenistanyň häzirki zaman çäkleri köp medeniýetleriň we ösüşleriň dörän ýeri, Beýik Ýüpek ýolunyň merkezleriniň biri bolmak bilen, asyrlardan aşyp gelen ruhy we maddy medeniýetiň özboluşlylygy bilen syýahatçylary gyzyklandyrýar. Biziň ýurdumyzyň myhmanlarynda halk senetçilik sungaty, esasan hem türkmen halylary, uly gyzyklanma döredýär. Şonuň üçin hem daşary ýurtly myhmanlaryň syýahatçylyk ugurlaryna ajaýyp we gyzykly syýahatçylyk goşulaýr. Myhmanlaryň ajaýyň halynyň döreýän ýerlerini öz gözleri bilen görer ýaly olar Türkmen halysynyň milli muzeýi, ýurduň haly fabrikleri we beýlekiler bilen tanyşdyrylýar.
ХIV-ХV asyralryň Italýan galkynyş döwrüniň ussat suratkeşleriniň suratlarynda türkmen halylary şekillendirilýär. Timuridler eýýäminiň pars miniaturalarynda hem türkmen halylarynyň göllerini görmek bolýar. Orta asyrlarda Gündogaryň we Ýewropanyň bazarlarynda türkmen halylary iň nepis haryt hasaplanypdyr, olary çig malyň ýokary hilliligi, dok reňkliligi, gölleriniň sazlaşygy tapawutlandyrypdyr. Angliýaly öwreniji D.Lessing baryp 1979-njy ýylda wenesian, nemes we flamand hudožnikleriniň surat eserlerini synlamak bilen, olaryň köpüsiniň türkmen halylarynyň gölleridigini belläpdir.
ХIХ asyryň ahyrlaryndan başlap türkmen halylary Russiýanyň, Ýewropanyň, ABŞ-nyň köp şäherlerinde işjeň görkezilip başlanylýar. Türkmen halylarynyň iň göwy önümleri Leýpsigde, Parižde, Brýusselde geçirilen sergilerde altyn medala mynasyp bolýarlar. Parižiň sergileriniň birinde ýadigärlik ýazgy galdyrylýan kitapda “Bu täsinligi adam elleriniň döredendigine ynanmak örän kyn” diýlip ýazylypdyr. Ýigriminji asyryň altmyşynjy ýyllarynda Amerikanyň şäherlerinde türkmen halylarynyň elliden gowragy köpçülige aç-açan görkezilipdir. Bu gözellige baha berip bilýän adamlarda uly gyzyklanma döredipdir. Moskwanyň Bütinrussiýa amaly-haşam we halk sungaty muzeýiniň gaznasynda adaty bolmadyk taryhy sýužetli türkmen halysy häzirki güne çenli saklanylýar. Aşgabatda “Türkmensoýuzda” 1937-nji ýylda dokalan bu halyda (331-202 sm) 1935-nji ýylda Aşgabat-Moskwa aralygyna ahalteke atlary bilen geçirilen atly ýöriş beýan edilýär. Şonda atlylaryň otuzsy 84 günüň dowamynda çölüň, düzlükleriň we tokaýlygyň içi bilen 4300 kilometri geçýärler. Bu haly 1941-nji ýylda Nýu-Ýorkda geçirilen halkara sergisiniň eksponatlarynyň iň gowularynyň biri bolýar. Halynyň sýužeti we ýerine ýetirilişi, özüniň owadanlygy hem-de asyl nusgalygy bilen hemmeleri haýran galdyrýar .
Daşary ýurtlarda iş saparlarynda bolmak bilen, uly dükanlaryň tekjelerinde ýa-da bazarlaryň söwda nokatlarynda, firmalaryň edara jaýlarynda ýa-da kimdir biriniň öýünde türkmen halylaryna birnäçe gezek gabat geldik. Şular ýaly halatlarda “Bu biziň halymyz-a” diýip, biygtyýar aýdanyňy duýman galýarsyň. Şonda kalbyň aram tapýar, ýürek buýsançly urýar. Bu ýurtlaryň we kontinentleriň aralygyna ýekilen owadan köprä meňzeýär, bize el işleri sungatynyň nähili beýikdigini, dünýäniň dürli ýurtlarynyň adamlaryna özüniň nähili uly ähmiýete eýdigini ýatladýar. Şeýle hem bu öz halkyňa, ýurduňa, ussat halyçy gelin-gyzlaryň zehinine bolan buýsanjyňy artdyrýar.
Türkmen halyçylyk sungaty – bu örän uly täsinlik bolup, onda ussat halyçylaryň päk ýürekl bilen çeken zähmetlerini hala siňdirilen türkmen medeniýetiniň ruhy jemlenendir. Meşhur rus sungaty öwrenijisi, öz wagtynda Ermitažyň direktory bolan baron Armin fon Falkerzam ХХ asyryň başlarynda “Türkmenleriň haly önümleri barada aýdanyňda , onda olaryň beýlekilerden has owadandygy gürrüňsizdir... Gadymy türkmen halylarynyň gözelleigini diňe öz gözleri bilen synlan, olaryň sazlaşygyny, inçeligini we ýüpek ýaly öwüşginini duýan adamlar asyralr boýy kämilleşdirilip gelinen bu önümleriň owadanlygy barada düşünjä eýe bolup bilerdi” diýip, ýazýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanda halyçylyk sungatynyň gadymy däp-dessurlaryny gaýtadan dikeltmek üçin uly göwrümli işler alnyp barylýar. Aşgabatda – Türkmen halysynyň milli muzeýinde – iki müňden gowrak eksponatlar ýerleşdirilendir. Olaryň hatarynda uly taryhy gymmatlyklara eýe bolan ХV-ХХ asyrlaryň önümleri hem bar. Muzeýiň ylmy işgärleri gadymy haly suratlaryny we göllerini gaýtadan dikeltmek boýunça uly işleri alyp barýarlar, seýrek duş gelýän nusgalary tapmak üçin ýurduň uzakda ýerleşýän etraplaryna baryp görýärler.
Türkmenistanda haly resmi taýdan tassyklanan milli nyşanlaryň biri bolup durýar. Halynyň göli ýurduň baýdagynda we tugrasynda ýerleşdirilendir, her ýylda Türkmen halysynyň baýramçylygy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Şu günlerde bellenilip geçilýän baýramçylyk çärelerinde öz zähmeti we zehini bilen “daşdan gaty - gülden näzik” diýlip atlandyrylýan bu ajaýyp sungat önümlerini döredýän tapawutlanan halyçy gelin-gyzlara sylag-serpaý ýapylýar.
Köp sanly syýahatçylar Türkmenistanda bolanlarynda çogly türkmen güneşini, biziň ýurdumyzyň ilatynyň myhmansöýerligini ýatladýan ýadigärlik hökmünde özleri bilen türkmen halysyny alyp gidýärler. Olar öz öýlerine elten örän gymmat bu sowgady ertekilerdäki ýaly uçýan haly hökmünde garap, onuň haçan-da bolsa bir wagt olary ýene-de ajaýyp türkmen topragyna getirer diýip umyt edýärler.