Ï Keramikadaky bezegler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Keramikadaky bezegler

view-icon 1397
Türkmenistanyň günortasynda ekerançylaryň we maldarlaryň gadymy änew medeniýetiniň ýadygärlikleriniň ylmy taýdan öwrenilip başlananyna göni 110 ýyl geçdi. Şu döwrüň içinde arheologlar tarapyndan dürli döwürlerde – heolit döwründen başlap bürünç eýýamyna çenli döwre degişli bolan onlarça ýadygärlikler öwrenildi. Olaryň geçiren gözleg işleri haçan-da bir wagtlar Günorta Türkmenistanyň dag etek zolaklarynda ýaşan adamlaryň medeni taýdan ösüş derejesiniň ýokary bolandygyna şaýatlyk edýän täze açyşlary etmäge mümkinçilik berdi.. Gadymy obalarda geçirilen gazuw-agtaryş işleri biziň pederlerimiziň däp-dessurlary hazirki zamanda hem ýaşap gelýän maddy medeniýetiniň ajaýyp dünýäsine aralaşmaga mümkinçilik berdi.

Gazuw-agtaryş işleri geçirilen döwründe tapylan tapyndylaryň iň gowulary häzirki wagtda biziň ýurdumyzyň dürli muzeýalriniň ekspozisiýalayny bezeýär. Biziň eramyzdan öňki IV- III müňýyllyklaryň sepgidinde amalay-haşam sungaty, aýratyn hem keramiki önümler, aýratyn gülläp ösüşe eýe bolýar. Şol döwrüň obalaryndan arheologlar tarapyndan çylşyrymly geometriki bezeg bilen bezelen keramiki gap ýüze çykaryldy. Reňkleriň birnäçe görnüşleri bilen reňklenen gap aýratyn tapawutlanýar. Şular ýaly keramaika Namazgadepe, Altyndepe, Ýylgynlydepe we beýleki ýadygärliklerden hem tapyldy.


Toýundan ýasalan bu gap göksüýri usulyndaky keramika diýip at aldy. Keramikanyň göksüýri usulyndaky geometriki bezegi atanaklardan, basgançakly piramidadan ybaratdyr, egri çyzyklary türkmen halylarynyň göli bilen örän meňzeşdir. Hat-da alymlaryň arasynda gadymy haly önümlerinden keramika üçin gölleriň geçirilen bolmagy mümkindir diýen düşünje hem bar. Elbetde arheologiýa – çaklamalar ylmy bolup durýar, ýöne, eger-de çak etseň hem, keramiki gabyny bezemek üçin haly gölleri hyzmat edipdir, bu barada söhbet açýan köp sanly galtaşýan nokatlary tapyp bolar.

Şunlukda, gabyň ýokary böleginiň ugry bilen keseligine bezeýän jähekler inedördüli ýa-da romby emele getirýan göni we basgançakly çyzyklardan durýan bir ýa-da birnäçe usullaryň gaýtalanmagyny düzýär. Şunuň ýaly ýazgylaryň meşhur usullary diwar suratlarynda hem gabat gelýär.

Gadymy keramiki önümleriň haly bezegleriniň ikinji mahsus alamaty – basgançakly ugurlar usulydyr. Adatça şunuň ýaly nagyş ot ýa-da saman örülende emele gelýär. Üçünji alamaty bolsa gölleriň ikitaraplaýyn bolmagydyr. Bu ýagdaýda keramikadaky geometriki göller bir nyşanyň iki ýüzüni görkezýär. Bu delil örme önümleriniň çuň kökleriniň bardygyna şaýatlyk edýär.

Bu döwrüň obalarynda arheologiki gazuw-agtaryş işleriniň geçirilmegi pola düşelýän iki reňkli gamyşdan örülen boýranyň galyndylaryny tapmaga mümkinçilik berdi.Dokmaçylyk senedine gürrüňsiz degişli bolan enjamlar – dokma stanogy üçin agramlyklar, şeýle hem ýüň sapaklary taýýarlamak üçin egriji gural tapyldy. Bularyň barysy Günorta Türkmenistanda gadym döwürlerde mis-daş asyrynda (enolit) b.e öňki IV müňýyllykda örme we mata önümleriniň bolandygyna, olaryň nagyşlarynyň bolsa keramika önümlerine geçirilendigine şaýatlyk edýär.