Ertir - 1-nji iýunda Türkmenistan tutuş dünýä bileleşigi bilen birlikde Çagalary goramagyň halkara günini belleýär, bu gün döwletimiziň BMG-niň çagalaryň hukuklary we bähbitleri baradaky esasy ýörelgelere ygrarlydygyny hem-de ýaş nesil barada içgin alada edýändigini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde, resmi tertipde milli baýramçylyklaryň sanawyna goşuldy.
Bu ýörelgeler BMG –niň Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýasynda berkidildi. Türkmenistan hem bu konwensiýany tassyklap, öz has ýaş raýatlary üçin durmuşda örän oňaýly şertleriň döredilmeginiň üpjün edilmegine degişli meselelere döwlet derejesinde jogapkärçilikli çemeleşýändigini görkezdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bellemegine görä, şol syýasatyň özeni ynsanperwerlik gymmatlyklara, türkmen jemgyýetiniň ruhy ýörelgelerine we etiki garaýyşlaryna esaslanýar, bular Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne mahsus bolan başlangyçlar we maksatlar bilen baýlaşdyrylýar.
Häzirki wagtda bu ýörelgeler durmuş kepilliklerinde, eneligiň we çagalygyň hukuk taýdan goralmagynda, çagalaryň saglygyny goramak, olary göwnejaý terbiýelemek we bilim bermek boýunça hemmetaraplaýyn ulgamyň döredilmegine gönükdirilen toplumlaýyn özgertmelerde öz beýanyny tapýar, şol özgertmeler her bir ýaş adamyň ukybyny ösdürmegi we durmuşda üstünlik gazanmagy üçin oňaýly mümkinçilikleriň bolmagyny şertlendirýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu babatda ýöredýän syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kadalaryna we halkara borçlara laýyklykda, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn -- beden, aň-bilim, ruhy, ahlak we durmuş taýdan ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Şunda ýaşaýşyň hilini ýokarlandyrmak we türkmenistanlylaryň ählisi, şol sanda körpeler üçin has oňaýly şertleri döretmek ileri tutulýan ugur boup durýar, munuň özi jemgyýetçilik gurluşynyň we şahsyýeti kemala getirmegiň ilkibaşdaky esaslary hökmünde maşgala hemmetaraplaýyn goldaw berilmegini göz öňünde tutýar.
Çaganyň hukuklaryny berjaý etmek milli kanunçylygyň möhüm ähmiýetli ugry boldy we şeýle bolmagynda galýar. Ýakynda Türkmenistanda “Çaganyň hukuklary boýunça döwlet kepillikleri hakynda” täze Kanun kabul edildi. Onuň düzgünleri ýurdumyzda durmuşa we demokratiýa degişli ýagdaýlaryň halkara hukuk namalarynyň talaplaryna laýyklykda ösdürilmelidigini äşgär edýär. Şunda çaganyň hukuklaryny goramak tutuş durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar, çünki abadan, rowaç jemgyýetde ýurduň çäginde ähli çagalar üçin göwnejaý şertleri döretmek esasy ölçegdir.
Kanun arkaly, çaganyň hukuklary we azatlyklary bilen birlikde, amatly şertlerde ýaşamak, göwnejaý terbiýelemek, aşa köp işletmekden goramak boýunça döwletiň kepillikleri üpjün edilýär. Ýeri gelende aýtsak, 26-njy maýda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu mesele barada durup geçdi. Milli Liderimiz Çagalary goramagyň halkara gününe hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmelidigine ünsi çekip, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, çagalaryň zähmetiniň, şol sanda oba hojalyk işlerinde ulanylmagynyň berk gadagan edilendigini belledi hem-de möwsümleýin meýdan işlerini ýaýbaňlandyrýan welaýatlaryň ýolbaşçylaryndan çaganyň hukugynyň berk berjaý edilmegini talap etdi.
Döwlet Baştutanymyz tarapyndan tomusky dynç alyş döwrüniň öňüsyrasynda geçirilen iş maslahatlarynyň we hökümetiň mejlisleriniň gün tertibine goşulan meseleleriň arasyndan "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda, Gökderede we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde çagalar üçin niýetlenen şypahanalaryň göwnejaý derejede taýýarlanmagyny üpjün etmek bilen bagly meseläni görkezmek bolar.
Dünýä ülňülerine laýyk gelýän ajaýyp çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde tomsuna dynç alýan ýaş türkmenistanlylaryň sany ýylsaýyn artýar, şol şypahanalarda göwnejaý dynç almak, wagty gyzykly we peýdaly geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Şu tomusda Gökderäniň çagalar üçin niýetlenen dynç alyş merkezlerinde umuman alanyňda 7 müň 95 çaga dynç alar hem-de "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky merkezleriň sekizisi çagalaryň 1 müň 800-sini kabul eder. Welaýatlarda ýerleşýän dynç alyş merkezleriniň 35-si her çalşykda oglanlaryň we gyzlaryň 1 müň 600-sini kabul eder. Galyberse-de, tutuş ýurdumyz boýunça çagalaryň dynç almagy üçin niýetlenen meýdançalaryň 700-e golaýy hereket eder, bular şol bir wagtyň özünde mekdep okuwçylarynyň 28 müň 200-den gowragyny kabul edip biler. Bularyň ählisi çagalaryň 40 müňe golaýy üçin orunlary döreder, şonda çagalar ulularyň aladasy bilen gurşalyp alnar. Çagalaryň dynç alyş möwsümini gyzykly geçirmek üçin maksatnamalar işlenip taýýarlanyldy.
Çagalary goramagyň halkara gününe gabatlanyp, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Kelejar obasynda, Mary welaýatynyň Mary şäherinde, Serhetabat etrabynyň Daşköpri obasynda, Baýramaly etrabynyň Gadyrýap obasynda çagalar baglary açylar. Ýeri gelende aýtsak, häzirki wagtda obalardaky çagalar baglary şäherlerdäkiden tapawutlanmaýar – bularyň ählisi giň otagly binalardan we abadanlaşdyrylan çäklerden ybarat bolan döwrebap şäherjiklerdir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mekdebe çenli edaralaryň ählisinde terbiýelenýän çagalaryň ösüşi, göwnejaý dynç almagy we wagtyny hoş geçirmegi üçin diýseň oňat şertler döredildi. Häzirki döwürdäki çagalar baglarynda birkemsiz üpjün edilen döredijilik studiýalary we sport zallary, kompýuter boýunça başlangyç bilim berilýän otaglar we daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin lingafon otaglary bar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine, sagdyn durmuş ýörelgesiniň ornaşdyrylmagyna we ýaşajyk türkmenistanlylaryň bu ugra işjeň çekilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzda bedenterbiýe we Olimpiýa hereketi giň gerime eýe bolýar, halkara sport ýaryşlarynda Türkmenistanyň abraýyny goraýan ýaş türgenleriň sany artýar. Ähli welaýatlarda stadionlar, suw sport toplumlary guruldy. Aşgabatda bolsa ozal bar bolan sport toplumlarynyň üsti ýakyn wagtda birnäçe sport desgalaryny özünde jemleýän Olimpiýa şäherjigi bilen ýetiriler.
Sagdyn bolmaga döredilýän hukuk diňe bir adamyň esasy hukugy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ol döwletiň baýlygydyr, jemgyýetiň ösüşi üçin zerur mümkinçilikdir. Zähmete ukyply ilatyň sagdynlygy ýurdumyzyň şu gününi üpjün etse, çagalaryň saglygy onuň geljegidir. Bu günki körpeler ertirki ululardyr. Olar üçin sagdyn durmuşyň üpjün edilmegi ýurduň durnukly ösüşiniň binýady bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, çagalaryň saglyk ýagdaýy durmuş, biologiýa we ekologiýa şertlerine, medeni-bilim gurşawyna bagly bolup durýar. Tutuş ýurdumyzda möçberleri boýunça ägirt uly iň täze enjamlar, interaktiw, multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen we Internet ulgamyna birikdirilen mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň, mekdepleriň, ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem çagalar we ýetginjekler üçin çeperçilik merkezleriniň gurluşygy ýaýbaňlandyryldy. Dynç alyş düzümi yzygiderli ösdürilýär.
Çagalary goramagyň halkara gününiň öňüsyrasynda Aşgabat şäheriniň gününe gabatlanylyp milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda “Aşgabat” medeni-dynç alyş seýilgähiniň açylmagy körpe nesiller üçin ajaýyp sowgat boldy. Paýtagtymyzyň ilatynyň söýgüli ýeri bolan bu seýilgäh öňki düzümini özünde saklap we mümkinçiliklerini giňeldip, düýpden täze keşbe eýe boldy.
Onuň maşgala bolup dynç almaga gönükdirilen ulgamy seýilgäh-dynç alyş toplumynyň özboluşly aýratynlygydyr. Munuň özi amatly dynç alşy körpeleriň we ýetginjekleriň güýjüni hem-de ukybyny synamaga bolan meýilleriniň, ýigitleriň we gyzlaryň hem-de olaryň ene-atalarynyň şatlygy bilen sazlaşygyny üpjün edýär. Oýun bölümlerinden başga-da, bu ýerde hereketli oýunlar üçin ýörite meýdançalar enjamlaşdyrylypdyr. Olarda işjeň dynç alşy sportuň dürli görnüşleri bilen utgaşdyrmaga mümkinçilikler bar. Bu ýerde çagalaram, ulularam boş wagtlaryny işjeň we höwes bilen geçirip bilerler.
1-nji iýunda “Aşgabat” seýilgähi Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabaralaryň geçirilýän ýerine öwrüler. Şeýle hem bu sene mynasybetli medeni çäreler “Ertekiler dünýäsi” seýilgähinde we “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde ýaýbaňlandyrylar. Şol gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky we Gökderedäki çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda baýramçylyk çärelerine giň gerim berler. Olaryň maksatnamasyna aýdym-sazly çykyşlar, sergiler, sport bäsleşikleri we başga-da köpsanly çäreler girizildi.
Çagalary goramagyň halkara güni – munuň özi çagalar üçin şowhunly baýram bolman, eýsem, adalatly we abadan jemgyýetiň kemala gelmegi üçin zerur şertleriň biri bolan çaganyň hukugynyň berjaý edilmeginiň zerurlygyny äşgär edýän ýagdaýdyr.
Biziň ýurdumyzda bu baýramçylykda nesilleriň baglanyşygy we ruhy ýakynlygy has-da äşgär duýulýar. Döwlet Baştutanymyz şahsy göreldesi bilen maşgala gymmatlyklarynyň we çagalar baradaky aladanyň ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biridigini beýan edýär. Çagalar hormatly Prezidentimize çuňňur sarpa goýup, şol bir wagtyň özünde milli Liderimizi özleriniň hakyky parasatly, ähli babatda goldaw berýän hossar hasaplaýarlar. Döwlet Baştutanymyzyň çagalara ýüzlenip aýdýan sözleri hemişe ýagty umytlara, ata Watanymyzyň bagtly geljegine bolan buýsanja we berk ynama beslenendir. Watanymyzyň geljegi bolsa häzirki oglanjyklaryň we gyzjagazlaryň elindedir.
Milli Liderimiz--hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ösüp gelýän nesle peder pendini berip, çagalary ilki bilen ata Watanymyzy söýmäge, ululara hormat goýmaga, ata-babalarymyzyň ruhy ýörelgelerine we halkymyzyň köp asyrlyk däp-dessurlaryny, mirasyny we gazananlaryny aýawly saklamaga, bir söz bilen aýdylanda, hakyky watançylar bolmaga çagyrýar...
Geçmiş bilen geljegiň arabaglanyşygy şu günümiz bilen baglanyşdyrylýar, häzirki döwrümiz bolsa – bu biziň çagalarymyzdyr.
Bagtyýar çagalar biziň ertirki günümize bolan ynamymyzdyr, geljege batyrgaý garaýşymyzdyr, hakyky kuwwatymyz we şan-şöhratymyzdyr!
Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk dabaralary olara gatnaşjak körpelere ýatdan çykmajak şatlykly pursatlary peşgeş berer hem-de mähriban Watanymyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýandygyny alamatlandyrar!