Şu gün Türkmenistanda, bütin dünýäde bolşy ýaly, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni giňden bellenilýär.
Eziz Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny we gözelligini goramak, bu gymmatly baýlygy geljekki nesillere ýetirmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.Ykdysady we durmuş ulgamlarynda amala aşyrylýan giň gerimli milli özgertmeler maksatnamalary ekologiýa ýagdaýy bilen berk bagly bolup, ähli ugurlarda adamlaryň abadan durmuşynyň aýrylmaz şerti bolup durýar.
Daşky gurşawy goramak babatda halkara hyzmatdaşlygy tutuş adamzady biynjalyk edýän wezipeleri çözmekde uly orun eýeleýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň BMG-niň çölleşmä garşy göreşmek, howanyň üýtgemegi, ozon gatlagyny goramak, serhetüsti akýan suwlary we halkara kölleri goramak hem-de peýdalanmak ýaly biologik köpdürlülik hakynda konwensiýalary tassyklamagy munuň aýdyň subutnamasydyr. BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasy, Dünýäniň ekologiýa gaznasy we beýleki abraýly halkara düzümleri bilen bilelikde milli we sebit derejelerinde ekologiýa maksatnamalarynyň hem-de taslamalarynyň onlarçasy amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň maslahatlarynda, Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ösüş boýunça «Rio+20» maslahatynda we beýleki iri halkara maslahatlarynda beýan eden netijeli başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe boldy. Olaryň hatarynda paýtagtymyz Aşgabatda Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde howanyň üýtgemegi bilen bagly bolan Tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, BMG-niň Araly halas etmek boýunça ýörite Maksatnamasyny işläp taýýarlamak, şeýle hem hyzmatdaşlygyň täze usulyny — Hazar boýunça halkara ekologiýa dialogyny döretmek hakynda teklipler bar.
Biziň ýurdumyzyň şol başlangyçlary öňe sürmek bilen olary iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça anyk ädimleri ädýändigini bellemek gerek. Suw, ýer we biologik serişdeleri rejeli peýdalanmak, biologik köpdürlüligi we tebigaty goramak, çölleşmä we tokaýlaryň ýitmegine garşy göreşmek, ilata ekologiýa bilimini bermek boýunça uly işler alnyp barylýar. Halkara kadalaryna gabat gelýän «Tebigaty goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy çäkler hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Tokaý kodeksi», «Balyk tutmak we suw biologik serişdelerini goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda» kanunlar we beýlekiler kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan «Howanyň üýtgemegi boýunça milli maksatnama» we «Türkmenistanyň milli tokaý maksatnamasy» tapgyrlaýyn amala aşyrylýar.
Türkmenistanda eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, işiň ekologiýa taýdan howply görnüşlerini amala aşyrýan edaralar, kärhanalar, guramalar, şol sanda daşary ýurtly edara görnüşli taraplar, olaryň şahamçalary, wekilhanalary, edara görnüşli tarapy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan şahsy taraplar üçin hökmany ekologiýa ätiýaçlandyrmasy girizildi.
Ýurdumyzyň ylmy-tehniki kuwwatyny artdyrmak ekologiýa abadançylygyny goramaga hemmetaraplaýyn ýardam edýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda häzir innowasion, serişde tygşytlaýan tehnologiýalar ornaşdyrylýar, howanyň arassalygyna gözegçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, gurulýan zawodlaryň we fabrikleriň, beýleki desgalaryň ekologiýa ülňülerine we talaplaryna laýyk gelmegi maksady bilen çäreler görülýär. Olar hökmany tertipde daşky gurşaw üçin howpsuzlyk boýunça degişli seljermeden geçýärler.
Ýurdumyzyň nebithimiýa senagatynyň kerwenbaşysy — Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny döwrebaplaşdyrmak, Hazaryň kenarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek we suwarymly ýerleriň ýagdaýyny düýpli gowulandyrmaga, ýerleriň şorlamagy, batgalaşmagy we guramagy bilen bagly meseleleri çözmäge gönükdirilen «Altyn asyr» Türkmen köli ýaly iri maýa goýum taslamalaryny mysal hökmünde görkezmek bolar. Türkmen kölüniň ýanaşyk ýerleri bary-ýogy birnäçe ýylyň dowamynda tanalmaz derejede özgerdi. Bu ýerde ozal diňe gum alaňlary bolan bolsa, indi gök zolaklar kemala geldi, kölüň özünde bolsa balyk ösdürilip ýetişdirilýär. Maldarçylyk öz ösüşinde goşmaça itergä, şol sanda çöl ýerlerini suwlulandyrmagyň, öri meýdanlary giňeltmegiň hasabyna ösüşe eýe boldy. Türkmen kölüniň döredilmegi netijesinde Merkezi we Gündogar Garagumda gonup-göçýän guşlar üçin, şeýle hem seýrek duş gelýän toýnaklylar üçin amatly şertler döredildi. Olaryň köpüsi — üstýurt dag goçy, gulanlar, jerenler Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi.
Türkmenistan soňky ýyllarda okgunly giňelýän tokaý meýdanlary, ýylyň dowamynda gök öwüsýän seýilgähleri bilen daşary ýurtly myhmanlary haýran galdyrýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde müňlerçe gektara uzalyp gidýän el bilen döredilen ýaýlalar gök öwüsýär. Gerimi boýunça ägirt uly bagy-bossanlyga öwürmek maksatnamasy — bu howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy umumy dünýä derejesinde göreşmek işine uly goşant bolup durýar. Her bir ilatly ýeriň töwereginde, awtomobil we demir ýollarynyň ugrundaky tokaý zolaklary amatly ýagdaýy döredýär. Tomsuna şäherleri we obalary Garagumuň jöwzasyndan, gyşyna bolsa aýazly ýellerden goraýar. El bilen döredilen gök zolaklar bioköpdürlülige hem oňaýly täsirini ýetirip, täze mesgenleri özleşdirýän ençeme haýwanlaryň öýüne öwrülýär.
Daşoguz welaýatyndaky, Sarygamyş kölüniň kenarynda Bötendag sebitinde meýdany 20 müň gektar bolan gök zolak döredilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, 2014-nji ýylyň bag ekmek möwsüminiň barşynda Änew bilen Baharly şäherleriniň arasynda 1,5 million nahal hem-de welaýat merkezleriniň we şäherleriniň töwereginde şonça möçberde saýaly, pürli, miweli agaçlaryň nahallary hem-de üzüm oturdylar. Ýeri gelende aýtsak, şu ýaz paslynda seýilgäh zolaklarynda ilkinji gezek däbe öwrülen agaç nahallaryny oturtmakdan başga-da, gülleri we dermanlyk ösümlikleri ekmek işleri amala aşyryldy.
Tebigatyň ýadygärliklerine we aýratyn goralýan çäkleri — ägirt uly tebigy, ylmy, medeni we syýahatçylyk ähmiýetine eýe bolan goraghanalary hem-de zakaznikleri ösdürmäge uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň, Milli çöller ösümlik we haýwanat dünýäsi institutynyň, tebigaty goramagyň welaýat müdirlikleriniň, «Hazarekogözegçilik» ýöriteleşdirilen gullugyň, beýleki tebigaty goraýan düzümleriň üstüne möhüm wezipeler ýüklendi.
Ýeri gelende ýatlap geçsek, geçen ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň demirgazygynda «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasy döredildi. Täze goraghananyň goralýan tebigy zolagy 62 müň gektara barabardyr. Onuň umumy meýdany zakaznigiň 25 müň gektaryny hasaba alanyňda, 87800 gektara barabardyr. Alym-ekologlaryň maglumatlaryna görä, bu ýerde haýwanlaryň müňden gowrak görnüşi, şol sanda süýdemdirijileriň 20 görnüşi, guşlaryň 150, süýrenijileriň 15 görnüşi we beýlekiler duş gelýär. Bu ýerde ösümlikleriň 293 görnüşi, şol sanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işinde beýan edilen ösümlikleriň 210 görnüşi duş gelýär.
Täze goraghana Merkezi Garagumuň ekologiýasyny goramak, tebigatdan netijeli peýdalanmagyň ylmy esaslaryny işläp taýýarlamak, bu ugurda halkara gatnaşyklaryny giňeltmek babatda nusga alarlyk bolmalydyr. Ýeri gelende aýtsak, täze tebigaty goraýyş çägiň döredilmegi ýurdumyzyň ägirt uly syýahatçylyk kuwwatyny amala aşyrmaga ýardam eder, arid zolagy şertlerinde ekologiýa syýahatçylygyny ösdürmek üçin esas döreder. Türkmenistanyň çäginde goraghanalaryň 10-a golaýy we zakaznikleriň 15-si, tebigy ýadygärlikleriň 17-si tebigaty goramak işlerini alyp barýar.
Häzirki wagtda türkmen hünärmenleri tarapyndan täsin goraghana zolaklaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Mysal üçin, dünýäde ýeke-täk bolan, özüniň tektoniki döwlen ýerleri we gadymy ýanardaglary, tebigy pisse jeňňellikleri, sähra gulanlary, jerenleri we dag goçlary bilen meşhur bolan Bathyzy oňa hödürlemek üçin resminamalar taýýarlanyldy. Mundan başga-da, abraýly sanawa girizmek üçin milli tebigy desgalaryň deslapky sanawynda Repetek, Sünt-Hasardag, Amyderýa, Hazar, Köýtendag we beýleki goraghanalar bar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2013-nji ýylyň 20-nji dekabrynda geçirilen giňişleýin melisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.
«Biziň daşary syýasy strategiýamyzda ekologiýa diplomatiýasy düşünjesi berk ornaşmalydyr. Halkara giňişliginde, dürli forumlarda, ikitaraplaýny we köptaraplaýyn gatnaşyklarda biz Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ösüş boýunça «Rio+20» maslahatynda öňe sürlen başlangyçlary gyşarnyksyz goldamalydyrys. Ekologiýa diplomatiýasyna Daşary işler ministrliginiň işiniň aýratyn ugry hökmünde garamak möhümdir» diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Häzir tebigaty goramak çäreleri we türkmen ylmynyň ägirt uly kuwwaty dünýäde zerur bolup durýar, munuň şeýledigini ýurdumyzyň iri ekologiýa maslahatlaryny we okuwlaryny geçirmegiň ýeri hökmünde saýlanyp alynmagy tassyklaýar. Olaryň hatarynda 2012-nji ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Hazar ekologiýa maslahaty, 2013-nji ýylyň martynda Daşoguz şäherinde geçirilen «Aralyň ekologiýasy: durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara ylmy maslahaty, geçen hepdede Aşgabatda geçirilen Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly Konwensiýanyň taraplarynyň (Tähran konwensiýasy) 5-nji mejlisi bar. BMG-niň Ýewropa üçin daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň sebit edarasynyň ýanyndaky Tähran konwensiýasynyň wagtlaýyn sekretariatynyň ýardam etmeginde geçirilen 3 günlük ekologiýa maslahatynyň işine Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň wekiliýetleri, halkara guramalarynyň — BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň we beýlekileriň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň jemleri boýunça möhüm ylalaşyklara gol çekildi. Olar Hazar deňziniň biologiýa serişdelerini hem-de bioköpdürlüligini goramak, aýawly saklamak we dikeltmek, kenarýaka we deňiz sebitleriniň tebigy hem-de medeni mirasynyň ýagdaýyny gowulandyrmak, ýitmek howpy abanýan görnüşleri goramak babatda hyzmatdaşlygyň çäklerini ep-esli giňelder. Mundan başga-da, ýörite çärede Hazarýaka ýurtlaryň wekiliýetleri tarapyndan Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň sekretariatynyň ýerleşjek ýeri we guramaçylyk düzümi hakynda karara gol çekildi. Ol mundan beýläk gezekli-gezegine Hazarýaka döwletleriniň biriniň çäginde ýerleşer.
Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi tarapyndan neşir edilýän «Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak» žurnaly hem daşky gurşawy goramak işinde ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini dünýä ýaýmak, ekologiýa bilen bagly möhüm meseleleri beýan etmek bilen meşgullanýar.
Türkmenleriň tutuş taryhy mähriban ülkesiniň tebigaty — uç-gyraksyz Garagum we gülleýän bereketli sähralary, Köpetdagyň belent gerişleri we gojaman Hazaryň ajaýyp kenary bilen sazlaşykly baglydyr. Halkymyz asyrlarboýy ene topragyna söýgi bilen çemeleşip, alada bilen gurşalanda, tutanýerli zähmet üçin onuň bereketli hasyl eçiljekdigini bilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň many-mazmuny ene topragymyzyň gülläp ösmegini, türkmen halkynyň oňa mukaddeslik hökmünde garamak baradaky gadymdan gelýän däplerini dikeltmegi üpjün etmekde jemlenýär. Mahlasy, Türkmenistan daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä gününi tebigaty goramak ulgamynda geçirýän göwrümli işleri bilen garşylaýar, onuň sesi dünýä bileleşiginde ýaň salyp, tutuş dünýäde tebigatyň gözelligini doly derejede gorap saklamaga gönükdirilendir.