Türkmen paýtagtynyň seýigähinde beýik rus şahyry A.S.Puşkiniň ýadygärligine şahyryň doglan gününiň 225 ýyllygy mynasybetli dabaraly gül goýuşlygy boldy. Şahyrana setirleriň beýik ussadynyň hormatyna Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri, A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta bilim berýän mekdebiniň okuwçylary, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, paýtagtyň ýaşaýjylary, şahyryň döredijiliginiň muşdaklary ýygnandylar. Şahyryň ýadigärliginiň öňünde onuň goşgulary okaldy. Mekdep okuwçylary edebi kompozisiýa bilen çykyş etdiler.
Rus medeniýeti Puşkiniň ady bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Onuň doglan güni bolsa Rus diliniň güni, rus poeziýasynyň güni hökmünde bellenilýär. A.S Puşriniň eserleri boýunça döredilen spektakllar dünýäniň meşhur teatrlarynyň repertuaryna berk girdi. Türkmenistanyň baýry teatrlarynyň biri bolan Türkmenistanyň A.S.Puşkin adyndaky Döwler rus drama teatry olary öz sahnansynda yzygiderli goýýar. Bu teatr öz işinde milli we dünýä sungatynyň iň gowy däp-dessurlaryny düýpli sazlaşdyrýar. Bu günki gün teatryň sahnasynda Puşkiniň “Kiçijik tragediýalar” eseriniň we onuň “Soltan patyşa hakynda ertekisiniň” sahnalaşdyrylyşyny görmek bolýar.