Maý aýy Türkmenistanyň ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we ruhy-medeni ösüşiniň okgunly depginini beýan eden aý hökmünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli ýöredilýän «Açyk gapylar» syýasaty babatda ýurdumyzyň ministrlikleri hem-de pudak edaralary tarapyndan geçirilýän uly möçberli işleriň göwnejaý görkezijileri boldy.
Geçen aýda bolan daşary ýurt wekiliýetleriniň köp sanly saparlary, işewür duşuşyklar we syýasy geňeşmeler, iri halkara maslahatlar hem-de sergiler, medeni çäreler, ýurdumyzyň durmuşynda bolan beýleki möhüm wakalar döwletimiziň bagtyýarlygyň, ählumumy howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine oňyn halkara hyzmatdaşlygy maksat edinýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýörite görkezmesine laýyklykda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde türkmen paýtagtynda geçirilen Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň sport toparynyň 54-nji halkara maslahaty bu babatda maý aýynyň ilkinji günleriniň möhüm wakasy boldy. 1 — 2-nji maýda geçirilen iki günlük maslahata gatnaşmak üçin Best V, CCTV, Ocens sport, NYO GOC (KHP) TDM (Koreýa Respublikasy), DDI (Hindistan Respublikasy) EYR (Eýran Yslam Respublikasy), NHK (Ýaponiýa), JSC Khabar (Gazagystan), Globe cast (Singapur), ATN (Owganystan) we beýlekiler ýaly dünýäde meşhur sport ýaýlymlaryna wekilçilik edýän dünýä döwletleriniň 19-syndan wekilleriň 60-dan gowragy Aşgabada geldi.
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň 2012-nji ýylyň aprel aýyndan bäri 1964-nji ýylda döredilen, häzirki wagtda dünýäniň 64 ýurdundan agzalaryň 260-dan gowragyny birleşdirýän iri halkara gurama bolan Aziýa — Ýuwaş umman bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolup durýandygyny hem ýatlap geçmeli.
Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilen maslahatyň gün tertibine meseleleriň birnäçesi, şol sanda Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň möhüm ugurlary, iri sport ýaryşlaryndan göni telegepleşikleri guramak babatda tejribe alyşmagyň, sport teležurnalistikasy üçin işgärleri taýýarlamagyň mümkinçilikleri we beýlekiler girizildi. Bu meseleleriň ählisi ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna ýurdumyzda geçirilýän toplumlaýyn taýýarlyk görmek babatda Türkmenistan üçin aýratyn möhümdir, şol oýunlar Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň çözgüdine laýyklykda, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriler.
1-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Köpmilletli Boliwiýa Döwletiniň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Mariýa Luis Ramos Ursagaste bilen duşuşyk boldy.
Duşuşygyň barşynda özara gyzyklanma döredýän ugurlarda, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde iki ýurduň özara gatnaşyklaryna degişli meseleler boýunça türkmen-boliwiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegi uly ugurlary boýunça pikir alşyldy.
2-nji maýda Daşary işler ministrliginde «tegelek stoluň» başynda duşuşyk geçirildi, onuň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň daşky gurşaw we durnukly energiýa ýaly ileri tutulýan ugurlarynda BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde taslamalary taýýarlamak meseleleri, şol sanda energiýany aýamak, energiýa babatda netijelilik hem-de howpsuz üstaşyr geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
11-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň howpsuzlyk meseleleri boýunça geňeşçisi, Ýokary parahatçylyk geňeşiniň sekretariatynyň başlygy jenap Mohammad Masum Stanekzaý tarapyndan baştutanlyk edilýän Owganystanyň wekiliýeti bilen duşuşyk boldy, onuň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge tarap alnan ugra iki ýurduň ygrarlydygy babatdaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
13-nji maýda Türkmenistanyň wekiliýeti ykdysady, medeni we ylmy ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça Er-Riýatda (Saud Arabystany) ykdysadyýet hem-de arap döwletleriniň Merkezi Aziýa ýurtlary we Azerbaýjan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy boýunça ilkinji maslahatyň işine gatnaşdy.
Geçen aýyň wakalarynyň hatarynda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymgulynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanylan, şu ýyl bellenip geçilýän dabaralaryň aýratyn orny eýeländigini belläp geçmeli. Diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem daşary ýurtlarda hem giňden bellenip geçilýän bu şanly senäniň hormatyna akyldar şahyryň ençeme ýygyndylary, şol sanda dünýäniň dürli dillerine edilen terjimeleri, şahyr hakyndaky kitaplar çapdan çykdy.
13-nji maýda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ilçihanasy tarapyndan beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň iňlis dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyryş çäresi guraldy. Neşir Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň we ABŞ-nyň Smitson institutynyň alymlary hem-de hünärmenleri tarapyndan terjime edildi.
Şondan bir gün soň, 14-nji maýda Aşgabatda, paýtagtymyzyň «Oguzkent» myhmanhanasynda Magtymgulynyň eserleriniň koreý diline terjime edilen ýygyndysynyň tanyşdyryş çäresi boldy. Koreýa Respublikasynyň ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty bilen bilelikde geçirilen medeni çärä gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky dostluk assosiasiýasynyň wekilleriniň döredijilik wekiliýeti türkmen paýtagtyna geldi.
Türkmen halkynyň görnükli oglunyň eserleriniň täze ýygyndysy tatar dilinde hem neşir edildi. Onuň tanyşdyryş çäresi Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda boldy.
Dabaraly çärelerde bellenip geçilişi ýaly, çeper sözüň görnükli ussady Magtymgulynyň şahyrana eserleriniň täze ýygyndylarynyň neşir edilmegi beýik türkmen şahyrynyň edebi hem-de pelsepewi mirasynyň halkara derejede giňden ykrar edilmeginiň nobatdaky şaýatnamasy bolmak bilen bir hatarda, dünýäniň dürli ýurtlarynyň halklarynyň arasynda ynsanperwer-medeni aragatnaşyklary we döredijilik gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, özara düşünişmek we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge ähmiýetli goşant boldy.
15-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça (ÝUNESKO) baş direktory hanym Irina Bokowa bilen duşuşyk boldy, şol duşuşykda ÝUNESKO-nyň ileri tutulýan ugurlarynda bilelikdäki hyzmatdaşlygyň meseleleri — bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda özara gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maý aýynyň ortasynda Aşgabatda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň bilelikdäki 11-nji mejlisi boldy, oňa gatnaşmak üçin günüň dogýan ýurdundan wekilçilikli topar Türkmenistana geldi. Duşuşyga gatnaşyjylar söwda-ykdysady, inwestision we ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň ähli görnüşlerini ösdürmäge ýardam etmäge, dürli ugurlarda, şol sanda ulag-aragatnaşyk ulgamynda, gurluşykda, bank işinde, oba hojalygynda, syýahatçylykda uly möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge bilelikde gatnaşmak üçin şertleri döretmäge iki tarapyň hem çalyşýandygyny tassyklady.
20 — 21-nji maýda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, köpugurly ýokary derejeli «Berkarar» dynç alyş merkezinde geçirilen V halkara gaz kongresi ýangyç-energetika toplumynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça «Türkmengaz» döwlet konserni, Türkmenistanyň Söwda- senagat edarasy we Balkan welaýatynyň häkimligi bu iri ýöriteleşdirilen maslahatyň guramaçylary bolup çykyş etdiler.
Türkmenistan dünýäniň 39 ýurdundan wekilleriň 500-e golaýyny ýygnap, netijeli ara alyp maslahatlaşmak meýdançasynyň derejesini nobatdaky gezek tassyklady, şonda gaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň möhüm taraplary, energiýa serişdelerini ibermegiň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň, halkara hyzmatdaşlyga hem-de maýa goýumlaryna, milli we sebit gaz-ulag düzümlerini ösdürmäge degişli meseleler yzygiderli ara alnyp maslahatlaşylýar.
Häzirki maslahata gatnaşmak üçin halkara guramalar we dünýäniň esasy nebitgaz kompaniýalary — ABŞ-dan, Hytaýdan, Ýaponiýadan, Pakistandan, Hindistandan, Owganystandan, Koreýa Respublikasyndan, BAE-den, Eýrandan, Türkiýeden, GDA ýurtlaryndan we Ýewropa Bileleşiginden kompaniýalar öz wekillerini iberdiler.
V halkara gaz kongresiniň resmi açylyşynyň öňüsyrasynda «Seýrana» myhmanhanasynda ýaýbaňlandyrylan halkara serginiň açylyş dabarasy boldy.
Sergi daşary ýurtly myhmanlary Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň kuwwatlyklary tarapyndan çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän çig mal önümleri hem-de ony ösdürmegiň geljegi bilen tanyşdyrdy. Serginiň çäklerinde daşary ýurtly gatnaşyjylary energetika ulgamynyň dürli ugurlarynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmaga şert döredildi, munuň özi tejribe alyşmak, özara peýdaly hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin oňat mümkinçilik boldy.
Halkara gaz kongresiniň çäklerinde daşary ýurtly işewürleriň we ýurdumyzyň nebitgaz edaralarynyň hem-de konsernleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda köp sanly işewür duşuşyklary hem boldy.
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlygy Arkadiý Dworkowiç hem iri gaz maslahatynyň işine gatnaşdy, onuň bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylarynyň duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda 2013-nji ýylyň 16 — 17-nji sentýabrynda Aşgabatda bolan toparyň 7-nji mejlisinde gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
20-nji maýda Türkmenistanyň Mejlisinde Bahreýn Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Raşid Saad Dhaffer Al Doseriniň ynanç haty kabul edildi. Şol gün ilçi ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi, şonda ikitaraplaýyn şertnamalaýyn-hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň hem-de iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça özara gatnaşyklary giňeltmegiň zerurdygy nygtalyp geçildi.
Şeýle hem 20-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Latwiýa Respublikasynyň daşary işler ministri Edgars Rinkewiçs we Latwiýanyň Wentspils şäheriniň meri Aýwars Lembergs bilen duşuşyk boldy. Ulag ulgamynda we anyk alnanda, port düzümlerini kämilleşdirmekde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Latwiýa tarapy türkmen hyzmatdaşlary bilen köpugurly port hojalygyny ösdürmek hem-de logistika babatda öz tejribesini alyşmaga taýýardygyny beýan etdi. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 66-njy maslahatynda ulagy ösdürmek boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamaga degişli başlangyçlar babatda Hazar, Gara we Baltika deňizleriniň sebitlerini gurşap alýan giňişlikde üstaşyr-ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerini öwrenmegiň zerurdygy hem bellenildi.
21-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Finlýandiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Niklas Lindkwist bilen duşuşyk boldy, duşuşygyň çäklerinde ykdysady, bilim, medeni-gumanitar ugurlarda, suw hojalygy ulgamynda türkmen-fin hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maý aýynyň ahyrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça deňiz şypahanasynyň myhmanhana toplumlarynyň işgärleri üçin myhmanhana hyzmaty ulgamynda öňdebaryjy dünýä tejribesini iş ýüzünde özleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti we Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkimligi tarapyndan Türkiýe Respublikasynyň Hyzmatdaşlyk we utgaşdyryş boýunça halkara agentligi (TIKA) bilen bilelikde guralan köp günlük usulyýet okuwy geçirildi. Oňa milli syýahatçylyk ulgamynyň wekilleri bilen bilelikde, Türkiýe Respublikasynyň pudaklaýyn bilim merkezlerinden we kaşaň myhmanhanalaryndan tejribeli, ýokary hünärli hünärmenleriň 20-ä golaýy mugallymlar hökmünde gatnaşdy.
Şular ýaly okuwlaryň abraýly halkara guramalaryň we dünýäniň bilim merkezleriniň wekillerini çekmek bilen deňiz şypahanasynyň çäklerinde ençeme gezek geçirilendigini belläp geçmeli. Bu gezek şu ýylyň 19-njy maýyndan 13-nji iýuny aralygynda 800 adamy, ýagny «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň aýratyn hyzmat edýän işgärleriniň hakykatda ählisini bilim okuwlary bilen gurşap almak bellenildi.
Aşgabat şäheriniň häkimligi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde her ýyl geçirilýän «Ak şäherim —Aşgabat» atly köpugurly halkara XIII sergi ýurdumyzyň we onuň ak mermere örtülen paýtagtynyň gazanýan üstünliklerini dünýäde wagyz etmekde möhüm ädim boldy. Onuň dabaraly açylyşy 25-nji maýda paýtagtymyzyň Sergi köşgünde boldy we şu ýyl ilkinji gezek bellenilýän Aşgabat şäheriniň gününe gabatlandy.
Däbe öwrülen sergi ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň köp pudaklarynyň we düzümleriniň täze teklipleri we gazananlary bilen tanyşdyrmak üçin nobatdaky gezek özboluşly çärä öwrüldi. Bu toplum Aşgabadyň senagat, medeni we aň-bilim kuwwatyny, ägirt uly durmuş-ykdysady serişdelerini hem-de mümkinçiliklerini görkezdi.
Serginiň çäklerinde paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde türkmen paýtagtyny ösdürmegiň geljegine we şähergurluşyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna bagyşlanan «Ak şäherim — Aşgabat» atly halkara maslahat geçirildi.
26-njy maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Bu wekiliýet HHR-iň ulag ministriniň orunbasary jenap Fen Çženliniň ýolbaşçylygynda Aşgabada geldi.
Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze strategiki ugurlaryny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň golaýda Hytaý Halk Respublikasyna bolan döwlet saparynyň çäklerinde geçirilen gepleşiklerde ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Gürrüň ulag we aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek, hususan-da, iki döwletiň, beýleki gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň gatnaşmagynda Gündogar — Günbatar üstaşyr-ulag geçelgesini döretmek barada barýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewraziýa giňişliginde hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze höweslendiriş çäresi hökmünde gadymy Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek pikirini ençeme gezek öňe sürdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, häzirki zaman şertlerinde bu taryhy gymmatlygyň gaýtadan dikeldilmegi bu meşhur ýoluň ugrunda ýerleşen ýurtlaryň ählisiniň ykdysady, durmuş taýdan ösmegine, syýasy durnuklylygyna hem-de abadançylygyna ýardam eder.
Häzirki döwürde Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek pikiri has äşgär duýulýar. Şeýlelikde, 23 — 26-njy maýda Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň Sian şäherinde Gündogaryň we Günbataryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň XVIII halkara söwda-maýa goýum sergisi geçirildi. Onuň çäklerinde Ýüpek ýoly halkara sergisi («Silk Road International Expo») guraldy. Bu çärä Ýewropanyň we Aziýanyň ýurtlarynyň 20-den gowragynyň, şol sanda Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Serginiň çäklerinde duşuşyklar, gepleşikler we medeniýet, bilim, ylym hem-de tehnika ýaly dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alyşmalar boldy. Türkmen toparynyň wekilleri Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän ýurtlar üçin söwda we syýahatçylyk boýunça guralan maslahata gatnaşdylar. Dürli ýurtlaryň telekeçileriniň arasynda göni aragatnaşygy ýola goýmagyň, iri kompaniýalaryň, şol sanda syýahatçylyk işewürligini guramak we dolandyrmak ulgamyndaky düzümleriň öňdebaryjy tejribelerini işjeň çekmegiň, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Geçen aýda köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda Türkmen halysynyň baýramy giňden bellenilip geçildi. Bu baýramçylyk, däp bolşy ýaly, maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýär. «Türkmeniň halysy biziň günsaýyn ösýän ata Watanymyzyň gözellik nusgasydyr» atly halkara sergi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň ХIV mejlisi bu baýramçylyga gabatlanyp geçirilen çäreleriň iň ähmiýetlisi boldy. Halyçylyk pudagynyň gazanan üstünliklerini, halyçylarymyzyň köpugurly täsin ussatlygyny görkezmäge niýetlenen bu iri pudaklaýyn forumy «Türkmenhaly» döwlet birleşigi ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde gurady.
Foruma gatnaşmak üçin dünýäniň köp ýurtlaryndan — Hytaýdan, Russiýadan, Germaniýadan, Fransiýadan, Belgiýadan, Türkiýeden, Saud Arabystanyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Eýrandan, Owganystandan, Gazagystandan, Özbegistandan wekiliýetler Aşgabada geldiler.
Maý aýynyň soňky ongünlüginde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýeti iş sapary bilen Azerbaýjana bardy, şol ýerde Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň duşuşygy boldy. Onda üç ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň sebit we halkara parahatçylygyna, howpsuzlyga, ykdysady ösüşe we rowaçlyga ýardam edýändigi bellenildi.
26-njy maýda türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Swerdlowsk oblastynyň bilelikdäki işewürler maslahaty geçirildi. Foruma gatnaşmak üçin oblastyň gubernatory Ýewgeniý Kuýwaşewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi. Onuň gün tertibine köp ugurlar boýunça, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda, ýangyç-energetika toplumynda, ulag-aragatnaşyk, energetika, senagat, gurluşyk we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri girizildi.
27-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde we Mejlisde BMG-niň Ilat gaznasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sebit direktory jenap Heýmo Laakkonen bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda BMG-niň Ilat gaznasy bilen däbe öwrülen netijeli gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu gaznanyň işi gyzyklanma bildirýän ýurtlara maliýe we tehniki taýdan ýardam bermek arkaly ylym-okuw, aň-bilim, maglumat we maslahat bermek işini höweslendirmäge gönükdirilendir.
Iri halkara guramalar we olaryň düzümleýin edaralary bilen hyzmatdaşlygyň ýylsaýyn netijeli häsiýete eýe bolýandygyny bellemelidiris. Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy (ÝHHG) bilen özara gatnaşyklar hem bu babatda uly ähmiýete eýedir. Maý aýynyň ahyrynda Türkmenistanyň Mejlisinde ÝHHG-niň demokratik institutlary we adam hukuklary baradaky býurosynyň missiýasynyň ýolbaşçysy Aleksandr Kelçewskiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Myhmanlar Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň giň demokratik özgertmeler ýolunda amala aşyrýan çärelerine ýokary baha berip, ÝHHG-niň öz tarapyndan milli kanunçylygy we saýlaw ulgamyny kämilleşdirmäge, umuman, demokratiýany çuňlaşdyrmaga gönükdirilen hukuk özgertmelerini ilerletmekde türkmen tarapyna hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny tassykladylar.
Wekiliýetiň paýtagtymyzda bolmagynyň maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda, syýasy partiýalaryň, Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi.
28 — 30-njy maýda türkmen paýtagtynda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa gatnaşyjy taraplaryň maslahatynyň (Tähran konwensiýasy) 5-nji mejlisi geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça türkmen tarapyndan bu mejlisi guramagy we geçirmegi Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy amala aşyrdy.
BMG-niň Ýewropa üçin daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň sebit edarasynyň ýanyndaky Tähran konwensiýasynyň wagtlaýyn müdiriýetiniň ýardam bermeginde geçirilen ekologiýa maslahatynyň işine Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak we tebigy serişdelerden peýdalanmak boýunça döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň we beýleki halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň çäklerinde dünýäniň örän uly içki suw howdanlarynyň biri bolan Hazar deňziniň ekologiýa goraglylygynyň ygtybarly ulgamyny üpjün etmek maksady bilen, Tähran konwensiýasynyň örän möhüm binýatlyk resminamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maý aýynda ýurdumyzyň sport durmuşy hem örän ähmiýetli wakalara baý boldy. Türkmen türgenleriniň halkara deredäki ýaryşlardaky çykyşlary ýokary netijeleri bilen janköýerleri begendirýär.
Türkmen türgenleri Eýran Yslam Respublikasynyň Kümmetkowus şäherinde geçirilen guşakly göreş boýunça Aziýa çempionatynda uly üstünlige eýe boldular. Biziň türgenlerimiz 11 medala, şol sanda 7 altyn medala, 2 kümüş medala we 2 bürünç medala mynasyp boldular.
Türkmen türgenleri Wengriýanyň paýtagty Budapeşt şäherinde geçirilen küşt boýunça «First Saturday» halkara ýaryşynda medallaryň 5-sini — 1 altyn, 2 kümüş we 2 bürünç medallary eýelediler. Türkmenistanlylar iki görnüşde — küştüň çalt oýnalýan hem-de nusgawy görnüşlerinde tapawutlandylar.
Geçen aýda Baku şäherinden hem hoş habar geldi. Şol ýerde şotokan — karate boýunça «Hazaryň kubogy» atly halkara ýaryşda ildeşimiz Perman Işanow 14 — 15 ýaşlylaryň toparynda 70 kilograma çenli agramlyk derejede altyn medala mynasyp boldy. Türkmenistanlylar erkekleriň hem-de weteranlaryň toparlarynda hem baýraklaryň ikisini gazandylar.
Şeýle hem şol günlerde Azerbaýjanda ýene-de bir iri ýaryş — boks boýunça halkara bäsleşik geçirildi. Onda ýurdumyzyň wekili Muhammet Berdibaýew ýetginjekler toparynda 57 kilograma çenli agramlyk derejede altyn medala mynasyp boldy.
Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň topary Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň prezidentiniň kubogy ugrundaky ýaryşa gatnaşyp, bäsleşigiň jemleýji tapgyryna çykmagy başardy. Biziň futbolçylarymyz Filippinleriň Bakolod şäherinde «B» toparda geçirilen saýlama ýaryşda üstünlik gazandy. Bu üstünlige barýan ýolda türkmen topary «Tatung Company» (Taýwan) toparyny ýeňdi, KHDR-iň çempiony «Rimyongsu» topary bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady we jemleýji duşuşykda Filippinleriň «Ceres La Salle» toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy.
Bir söz bilen aýdylanda, Garaşsyz Watanymyzyň iň täze taryhynyň tutuş senenamasy ýaly, geçen aýyň hem wakalara baý bolan senenamasy Türkmenistanyň halkara abraýynyň yzygiderli artýandygyna we milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanan daşary syýasat strategiýasynyň üstünlige eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär. Şol strategiýa bolsa türkmen halkynyň hem-de bütin dünýäniň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine ähli döwletler we abraýly halkara hem-de sebit guramalary bilen netijeli we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir.
Ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary bu ugurda anyk ädimleri ädip, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasynda guralýan halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini üstünlikli çözmek üçin ähli zerur çäreleri görýär.