Ï Könelmeýän komediýanyň aýdyň keşpleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Könelmeýän komediýanyň aýdyň keşpleri

view-icon 733
Spektaklyň tanyşdyrylyş görkezilişi teatryň işgäri üçin elmydama tolgyndyrjy, tomaşaçylar üçin bolsa elmydama baýramçylyk waka bolup durýar. Ýakynda A.S.Puşkin adyndaky Rus döwlet drama teatrynda azebaýjan dramaturgy we kompozitory Uzeir Gajibekowyň eseri esasynda goýlan “Arşin mal alan” sazly komediýasynyň premerasy boldy.


Bu spektakl sazyň, gündogar tanslarynyň, özboluşly degişmäniň we aýdyň häsiýetleriň hakyky baýramçylygyna öwrüldi. Uzeir Gajibekowyň ajaýyp sazy, aktýorlaryň yhlasly ýerine ýetiren keşpleri, režissuranyň çeperçiligi, ajaýyp çeperçilik çözgütleri, ajaýyp saz we ajaýyp horeografiýa esasynda bu degişme komediýasy hakyky teatr sahnasyna öwrüldi.


- Meşhur azerbaýjan kompazitorynyň ýüz ýyl mundan ozal döreden ajaýyp eseri ýer ýüzünde uly meşhurlyga eýe boldy – diýip režisýor-oýun goýujy, Türkmenistanyň At gazanan artisti Natalýa Laukert gürrň berýär. – Her bir täze oýun köp zatlara borçly edýär hem-de ony döredijileriň öňünde uly jogapkärçiligi goýýar. “Arşin mal alan” sazly komediýanyň üstünde işlemek bilen, teatriň kollektiwi ýurdumyzyň Prezidenti Gurbanguly Berimuhamedowyň “Türkmenistan, özüniň ruhy mirasyndan, däp-dessuryndan ugur almak bilen, pahatçylygy berkitmegiň ýollaryny, halkara gatnaşyklarynyň ygtybarly esaslaryny medeniýetleriň özara baglanşygynda görýär” diýip, aýdan sözleinden ugur alýar. Bu spektaklyň sahnalaşdyrylmagy dostlugyň alamaty bolup durýar, azerbaýjan halky bilen medeni aragatnaşyklary berkidýär, şol bir wagtyň özünde hem türkmen tomaşaçylary üçin ajaýyp sowgat boldy.