Ï Medeniýet öýi açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Medeniýet öýi açyldy

view-icon 1002
Şu gün Kaka etrabynyň Gowşut obasynda welaýatyň düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy boýunça ýerli hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan gurlan Medeniýet öýüniň açylyşy mynasybetli dabara boldy.

Täze desga obanyň okgunly özgerýän bezegi bolup, döwrebap we däp bolan ýörelgeleri özünde utgaşdyrýan özboluşly binagärlik keşbinde guruldy.

Häzirki zaman iki gatly döredijilik merkezinde oba ilatynyň aýratyn hem ýaşlaryň köptaraply dynç almagy, döredijilik ukyplaryny hemmetaraplaýyn ösdürmegi üçin ähli şertler döredildi. Bu ýerde 200 orunlyk konsert zaly enjamlaşdyryldy, şol ýerde obanyň durmuşynda iň ähmiýetli medeni wakalar geçiriler. Iň täze tehnologiýa enjamlary bilen üpjün edilen sahna we yşyklandyryşyň döwrebap ulgamy dürli çäreleri ýokary derejede geçirmäge ýardam berer. Binada tansçylaryň, aýdymçylaryň, sazandalaryň çykyşlara taýýarlanmagy üçin otaglar, serenjam berilýän otaglar, çeperçilik we ses ýazgylary studiýalary we beýlekiler ýerleşýär.

Täze ruhy we döredijilik merkezinde dürli gurnaklarda okuwlary geçirmek üçin synp otaglary döredildi. Kompýuter synp otagy, kitaphana we okalga zaly, horeografiýa hem-de hor sungaty, surat çekmek we teatr sungaty boýunça okuwlar, milli saz gurallarynda saz çalmagy öwretmek, tikinçilik işi boýunça synp otaglary dünýäniň iň oňat önüm öndürijilerinden getirilen enjamlar bilen üpjün edildi. Binada has oňaýly naharhana hem bar.

Medeniýet öýüniň töweregindäki çäkler abadanlaşdyryldy we bagy-bossanlyga büreldi. Bu ýerde özboluşly oturgyçlar goýuldy we dynç almak üçin telärler guruldy, çägi ýaprakly we pürli ýaş agaçlar, gülhanalar bezeýär.

Täze döredijilik merkeziniň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, oba ilaty, hormatly ýaşulular, ýaşlar, täze desgany guran gurluşykçylar ýygnandylar, gurluşykçylaryň iň oňatlaryna bolsa dabaranyň barşynda gymmatly sowgatlar gowşuryldy.