Ï Medeniýet hepdeligi: dördünji gün
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Medeniýet hepdeligi: dördünji gün

view-icon 829
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bu ýerde geçirilýän Medeniýet hepdeligi barha giň gerime eýe bolýar. Şu gün onuň wakalary Daşoguz welaýatynyň Taryh-ülkäni öwreniş muzeýinde dowam etdi. Bu ýerde Halkara sungat sergisi geçirilýär. Görogly meýdançasynda bolsa Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň döredijilik toparlary we aýdymçylary öz ussatlygyny we özboluşly sungatyny görkezdiler.


Halkara sergisine gatnaşyjylar, şol sanda daşary ýurtly myhmanlar «Köneürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanasynda bolup, öz türkmen kärdeşleri bilen birnäçe duşuşyklary we tälim beriş okuwlaryny geçirdiler, olar her gün agşam Görogly meýdançasynda gurulýan konsert maksatnamalarynda türkmen sungatynyň baý mazmuny bilen tanyşýarlar. Gören zatlaryndan galan täsirleri bolsa olar çeper keşplerde beýan edýärler. Şu gün Daşoguzda bolýan suratkeşler tomaşaçylara öz işlerini görkezdiler. Mowzuklar dürli-dürli bolsa-da, olardan esasy ikisini aýratyn görkezmek bolar: bu türkmen milli mirasy we gadymy binagärlik ýadygärlikleridir. «Täze sergi» aýratyn-da şekillendiriş sungatynyň ýaş wekillerinde uly gyzyklanma döretdi. Olar hepdäniň dowamynda öz uly ýaşly kärdeşlerinden tälim beriş sapaklaryny alýarlar.

Şunuň bilen baglylykda, nesilleriň yzygiderliligi Medeniýet hepdeligini geçirmek pikiriniň özünde jemlenendir. Ol döredijilik forumynyň beýleki möhüm maksatlary bilen bir hatarda täze zehinleri ýüze çykarmaga, ýaşlary estetiki taýdan terbiýelemäge ýardam etmelidir. Sungatyň dürli ugurlarynyň ýaş wekilleri, şol sanda sazandalar, tansçylar, aýdymçylar, suratkeşler we çeper okyýjylar Hepdeligiň ähli çärelerine gatnaşýarlar.


Düýn ýörite olar üçin «Dostluk» seýilgähinde baýramçylyk guraldy, bu ýerde dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen suratkeşleriň ýolbaşçylygynda çagalar öz çeken suratlarynda medeniýet baýramçylygyndan galan täsirlerini şekillendirdiler. Peýzažlar, portretler, natýumortlar, sýužet sahnalary ýaş suratkeşleriň egsilmejek hyýalyny we döredijilik düşünjesiniň baýlygyny açyp görkezýär, halypalarynyň pikirine görä, olar uly umyt döredýär. Bu ýerde şeýle hem Daşogzuň çagalar toparlarynyň gatnaşmagynda konsert geçirildi. Oňa gatnaşyjylar joşgunly tanslarda, aýdym-sazlarda we horeografik çykyşlarda, döredijilik sahnalarynda öz ajaýyp zehinlerini we ýerine ýetirijilik ussatlyklaryny görkezdiler.


Paýtagtymyzdan döredijilik ýoluna gadam basan sirk artistleriniň — Medeniýet institutynyň talyplarynyň döredijilik toparynyň doly hukukly agzalary — şadyýan maýmynjyklar bilen çykyşy çagalar üçin sowgat boldy. Olaryň çykyşy joşgunly ýagdaýy döredip, çagalar sirk artistleriniň akrobatik çykyşlaryna uly höwes bilen tomaşa etdiler we elbetde, olar bilen ýadygärlik surata düşdiler.

Medeniýet hepdeliginiň çäklerindäki çagalar baýramçylygy milli zehinleriň egsilmez gözbaşynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Ýaş zehinler — milli sungatymyzyň geljegi, şonuň üçin hem çagalar döredijiligini ösdürmek milli Liderimiziň medeniýet ulgamynyň öňünde goýan möhüm döwlet wezipeleriniň biri bolup durýar.


Umumymilli, şeýle hem halkara derejede dürli döredijilik bäsleşikleriniň geçirilmegi, şeýle hem Türkmenistanyň çagalar we ýetginjekler toparlarynyň halkara bäsleşiklerine we festiwallaryna gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Her ýyl «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dünýäniň dürli ýurtlaryndan zehinli çagalaryň ýüzlerçesini ýygnaýan Halkara festiwalynyň dürli öwüşginli baýramçylyga öwrülýändigini ýatlamak hem ýeterlikdir. Oňa gatnaşmak üçin eýýäm häzirden ýurdumyzyň Medeniýet ministrligine hatlar gelip gowuşýar. Türkmenistanda däp bolan «Garaşsyzlygyň merjen däneleri»,»Gorkut owazlary», «Iň eýjejik gyzjagaz», «Merdana nesil» atly döredijilik bäsleşiklerine we beýleki çärelere ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden ýaş okyýjylaryň, tansçylaryň, drama artistleriniň hem-de höwesjeň aýdym-saz we döredijilik toparlarynyň müňlerçesi gatnaşýarlar. Çagalar döredijilik mekdepleri diňe şäherlerde däl-de, eýsem ýurdumyzyň alys künjeklerinde hem açylýar. Şeýlelikde ýaş türkmenistanlylar öz zehinlerini açmak mümkinçiligine eýe bolýarlar, milli we dünýä medeniýetiniň genji-hazynasy bilen tanyşýarlar.


Çagalaryň şadyýan gülküleri we sesleri — ýurdumyzyň abadançylygynyň, biziň eziz Watanymyzyň şu gününe we ertirine bolan ynamymyzyň aýdyň subutnamasydyr. Ine onsoň bu «çagalar owazynyň» Medeniýet hepdeligi ýaly giň gerimli döredijilik çäresiniň barşynda ýaňlanmagy ajaýyp pursatlardyr.

Agşam nobatdaky konsert çykyşlary Daşoguzda geçirilýän döredijilik forumyna gatnaşyjylary we onuň köp sanly myhmanlaryny Görogly meýdançasyna çagyrdy. Bu ýerde Türkmenistanyň sungat ussatlary: paýtagtymyzyň we Ahal welaýatynyň belli aýdymçylary, meşhur sazandalary, tanymal tans we döredijilik toparlary, halk saz gurallary toparlary we beýleki çeperçilik toparlar öz ukyp başarnyklaryny görkezdiler.