Ï Türkmen döwletiniň Baştutanynyň täze eseri bilen tanyşdyrylyş dabarasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň täze eseri bilen tanyşdyrylyş dabarasy

view-icon 1440
Şu gün Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, ykdysady ylymlaryň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly täze kitaby bilen tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu neşir Türkmenistanyň özleriniň hünär baýramçylygyny belleýän medeniýet we sungat işgärleri üçin ajaýyp sowgada öwrüldi.

Dabaraly çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň gumanitar ugurly institutlaryny, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de döredijilik intelligensiýasynyň, welaýatyň giň jemgyýetçiliginiň wekilleriniň, talyp ýaşlaryň, Medeniýet hepdeligine we Halkara sungat sergisine gelen daşary ýurtlylaryň gatnaşmagynda geçirildi.

Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen täze kitap, döwlet Baştutanymyzyň medeniýet barada aýdan sözleriniň ýygyndysy bolup durýar. Şeýle hem oňa milli Liderimiziň çykyşlaryndan, söhbetdeşliklerinden, Medeniýet we sungat işgärleriniň güni we şu ugra degişli beýleki möhüm wakalar mynasybetli iberen Gutlag hatlaryndan alnan sözlemler goşuldy. Şeýlelikde täze kitap täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň medeniýetiniň yzygiderli ösüşiniň özboluşly senenamasy bolup durýar.


Täze neşir bilen tanyşanyňda bary-ýogy birnäçe ýylda bu ugurda giň gerimli özgertmeleriň bolup geçendigine göz ýetirmek bolýar. Her bir Gutlag hatynda geçilen ýol seljerilýär. Milli Liderimiz her bir çykyşynda döredijilik işgärleriniň öňünde täze wezipeleri goýýar. Kitabyň her bir setiri parahatçylygyň we ösüşiň belentliklerine tarap döredijilikli ýoldaky möhüm ähmiýetli pursatlar hökmünde, täze eýýamda ýurdumyzyň medeniýetiniň taryhyna goşulan wakalary ýatladýar. Muňa mysal edip, operanyň täzeden dikeldilmegini, döredijilige degişli täze okuw mekdepleriniň, Döwlet simfoniki orkestriniň döredilmegini, Döredijilik şäherçesiniň we durmuş-medeni maksatly beýleki desgalaryň açylmagyny görkezmek bolar. Bularyň ählisi bilelikdäki halkara taslamalarydyr. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça we goldaw bermeginde Medeniýet günleri we beýleki çäreler hem geçirilýär.

Okyjylar anyk maglumatlar boýunça ýurdumyzyň medeniýetinde uly özgertmeleriň bolup geçýändigine göz ýetirip bilerler. Şol bir wagtyň özünde milli Liderimiziň medeniýet we sungat barada aýdan sözleri çuňňur many-mazmuna eýe bolmak bilen, milli medeniýetimiziň baý dünýäsine degişli ajaýyp ugur görkeziji bolup durýar. Täze neşirde ýurdumyzyň medeniýetiniň ösüşiniň esasy ugurlary barada anyk düşünje berlip, häzirki wagtda türkmen jemgyýetiniň ruhy taýdan kämilleşmegi boýunça öňde durýan maksatlara we strategiki wezipelere düşünmäge ýardam berýär. Bu barada « Medeniýet halkyň kalbydyr» atly täze kitap bilen tanyşdyrylyş dabarasynyň barşynda aýdyldy.

Tanyşdyryş dabarasyna gatnaşyjylar medeniýete bagyşlanan ýygyndysynyň iş ýüzünde möhüm ähmiýetlidigini bellediler. Milli liderimiziň täze neşiriniň diňe bir hünärmenler, okaýan ýaşlar üçin däl-de, dünýäde Garaşsyz Türkmenistanyň döwrebap ösüşi bilen gyzyklanýan giň okyjylar köpçüligi üçin hem peýdaly bolup durýandygy nygtaldy.

Häzirki wagtda türkmenleriň şan-şöhratly geçmişi, milli medeniýetiň egsilmez genji-hazynasy we döwürdeşlerimiziň döredijilikli işleri babatda uly gyzyklanma bildirilýär. Ýurdumyzyň ýaş neslini watançylyk ruhunda kemala getirmekde, ruhy-ahlak we estetiki taýdan terbiýelemekde milli sungat möhüm ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de ony mundan beýläk-de öwrenmek, aýawly saklamak we ösdürmek baradaky meselelere wajyp ähmiýetli milli maksatnamalar bilen baglylykda garalýar. Çykyş edenler hut şoňa görä-de täze neşiriň maksady maglumat bermek bilen çäklenmän, Türkmenistanyň Prezidentiniň medeniýet we sungat işgärleriniň öňünde goýýan wezipeleri arkaly kesgitlenendir diýip bellediler.

Islendik halk özboluşly medeniýeti, sungaty we şu ugurda gazananlary bilen tanalýar. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň — Arkadagyň milli medeniýetiň ösdürilmegine we dünýäde wagyz edilmegine, ony özboluşlygyny saklanmagyna gönükdirilen yhlasly işiniň buýsanç duýgusyny döredýändigini aýdyp, täze neşiriň öz hünär baýramçylygyny belleýän medeniýet we sungat işgärlerine ajaýyp sowgat bolup durýandygyny bellediler.

Tanyşdyrylyş çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar milli Liderimize medeniýet ulgamyny ösdürmek, bu ulgamyň wekillerine hemmetaraplaýyn goldaw bermek barada ýadawsyz alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe joşgunly döredijilik arkaly belent maksatlara ýetilmegine ýardam berjekdiklerine ynandyrdylar.

Teatryň giň foýesinde sergi guraldy, onda ýurdumyzyň medeniýeti, taryhy-medeni ýadygärlikleri baradaky kitaplar, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrlarynyň we ýazyjylarynyň neşirleri, şol sanda nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygy, şeýle hem Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli çap edilen eserler görkezildi. Serginiň agramly bölegi döwlet Baştutanymyzyň işlerinden ybaratdyr.

Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylary Daşoguzyň Magtymguly adyndaky ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdebiniň topary mübärekläp, milli nusgawy saz sungatynyň genji-hazynasyna degişli hem-de häzirki zaman türkmen kompozitorlarynyň eserlerini ýerine ýetirdiler.

Ýeri gelende aýtsak «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly täze kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary hilli görnüşde çap edildi.

Tanyşdyryş dabarasyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, onda medeniýet ulgamynyň ösdürilmegine degişli meseleleriň çözülmegine içgin üns berilýändigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdiler.