Russiýanyň iri sebitleriniň biri bolan Krasnoýarsk şäheriniň dolandyryş merkezinde ÝUNESKO-nyň howandarlygynda geçirilýän Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlarynyň IV halkara aýdym-saz festiwaly badalga aldy. Dördünji iýula çenli dowam etjek foruma gatnaşmak üçin bu ýere biziň ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň wekiliýeti geldi. Onuň düzümine halk we estrada aýdymlaryny meşhur ýerine ýetirijiler, tanymal sazandalar hem-de tansçylar, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň wekiliýetiniň şular ýaly halkara forumlaryna gatnaşmagynyň maksady türkmen halkynyň özboluşly medeni mirasyny dünýäde giňden wagyz etmekden, aýdym-saz, horeografiýa, teatr, şekillendiriş sungaty we sungatyň beýleki görnüşleri babatda häzirki döwürde gazanylan üstünlikleri görkezmekden, tejribe alyşmakdan, döredijilik aragatnaşyklaryny pugtalandyrmakdan hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr.
Şu günler Daşoguz welaýatynda geçirilýän uly möçberli döredijilik çäresi, ýagny Medeniýet hepdeligi, şeýle hem türkmen halkynyň we gündogaryň görnükli akyldary hem-de nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanan köp sanly dabaralar munuň aýdyň mysaly bolup hyzmat edýär, şol dabaralar biziň ýurdumyzda we dünýäniň beýleki köp ýurtlarynda 2014-nji ýyly türk medeniýetiniň Halkara guramasy bolan «TÜRKSOÝ» tarapyndan Magtymgulynyň ýyly diýlip jar edilmegi bilen baglanyşykly guraldy.
Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlarynyň IV halkara aýdym-saz festiwala Günorta, Gündogar we Orta Aziýanyň, Demirgazyk hem-de Latyn Amerikasynyň, Okeaniýanyň döwletleriniň 30-a golaýynyň, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň hünärli toparlarynyň hem-de ýerine ýetirijileriniň 45-si gatnaşýar.
Festiwalyň resmi açylyş dabarasy oňa gatnaşyjylaryň uly tanyşdyryş konsertine beslendi. Türkmen halk döredijiligine köp sanly halkara festiwallaryna we bäsleşiklere gatnaşyjy bolan «Laçyn» aýdym-saz-tans halk döredijiligi topary wekilçilik etdi. Türkmen artistleriniň ýerine ýetiren ajaýyp däp-dessur tansy tomaşaçylaryň hiç birini hem parhsyz goýmady. Owadan egin-eşikler, milli aýdym-saz gurallarynyň owazlary, joşgunly aýdymlar, artistleriň taplanan hereketleri bu ýere ýygnananlara gadymy hem-de baky ýaş Türkmenistanyň ruhuny duýmaga kömek etdi.
Festiwal — munuň özi hemişe dostlary, pikirdeşleri, şeýle hem tomaşaçylary bir ýere ýygnaýan baýramçylyk. Türkmenistanyň döredijilik wekiliýetiniň Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlarynyň IV Krasnoýarsk halkara aýdym-saz festiwala gatnaşmagy döredijilik forumyna köp sanly gatnaşyjylary türkmen halkynyň köptaraply hem-de özboluşly medeniýeti we biziň ýurdumyz tarapyndan bu möhüm ulgamda gazanylan ägirt uly üstünlikler bilen tanyşdyrmaga ýene-de bir özboluşly mümkinçilikdir.