Ï Ysmamydata arhitektura ýadygärliginiň gaýtadan dikeldilmegi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ysmamydata arhitektura ýadygärliginiň gaýtadan dikeldilmegi

view-icon 1246
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndan birnäçe kilometr uzaklykda ortta asyr arhitektura ýadygärlikleriniň biri bolan Ysmamydata ýadygärligi ýerleşýär. Bu ýadygärlik şu ýylyň bahar paslyndan gaýtadan dikeldildi.

Bu ýadygärlik mukaddes ýerleriň biri hasap edilip, bu ýere diňe bir Türkmenistanyň ýa-da goňşy ýurtlaryň ýaşaýjylary zyýarata gelmän, eýsem daşary uzak ýurtlardan hem gelýärler.

“Ysmamydata” ýadygärliginiň adynyň gelip çykyşy rowaýatdan ybaratdyr. Onda onuň ady iki atdan – Ism Sahab we Soltan Mahmyt atlaryndan gelip çykýar diýlip aýdylýar. Biz olar barada nämeleri bilýäris? Ýazuw çeşmelerine laýyklykda, Ysmamydata toplumy Х-ХI asyrlarda gurlan Eşretgala gadymy şäher harabaçylygynyň çäklerinde ýerleşýär. Eşretgalany halkyň arasynda uly abraýy bolan Soltan Mahmyt dolandyrypdyr. Şeýle hem bu ýerde yslam dinini wagyz etmek üçin Mhammet pygammeriň egindeşi we dosty Musaib kazy ISM Sahab Horezme gelýär. Ol Soltan Mahmyt bilen duşuşýar. Soltan Mahmyt onuň yslamy wagyz etmek baradaky pikiri bilen ylalaşýar. Golaý wagtdan Soltan Mahmyt öz tabynlygyndaky adamlar bilen yslamy kabul edýärler. Ism Sahab aradan aýrylandan soňra Soltan Mahmyt onuň adyny ebedileşdirmek barada alada edipdir.


Rowaýata görä, Soltan Mahmyt Ism Sahabyň ýanyna gelip, ondan olaryň adyny birleşdirmegi haýyş edýär. Muny onuň oglunyň ýokdugy we neslini dowam etdirjegiň ýokdugy bilen düşündirýär. Ism Sahab razylaşýar hem-de şondan bäri Ism-Mahmyt – Ismahmyt – Ysmamyt diýlip atlandyrylýar.

Mazarçylykdaky iň uly gubur – bu Ysmamydatanyňkydyr. Soltan Mahmyt hem bu ýerde jaýlanylypdyr, ýöne onuň gubury saklanyp galmandyr.

Ysmamydata toplumynyň aýry-aýry binalary dürli wagtlara degişlidir. Muny olaryň binýatlarynyň dürli derejeleliligi hem tassyklaýar.

Ýedi gümmezli 40 metrlik eýwanly kümmete alyp barýan “Daş köçe” toplumyň saklanyp galan böleginiň iň gadymkysy diýlip hasap edilýär. “Gurhan” okalýan bina kümmetiň günortasynda ýerleşýär. “Daş köçäniň” ugry bilen eýwan, gyşky we tomusky metjtler, şeýle hem medrese, ýa-da hanaka gurlupdyr.

Hünärmenler ýadygärligiň gurluşlarynyň ählisini jikme-jik öwrenenlerinden soňra, ony doly surata düşürenlerinden soňra durkuny täzelemek işlerini tapgyma-tapgyr geçirmeli diýen netijä geldiler.

Durkuny täzelemek we rejeleýiş işlerini ýokary ussatlyk derejede geçirmek üçin Köneürgenç taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak boýunça goraghanasyndan hünärmenler, şeýle hem Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç ajaýyp ýadygärlikler toplumynda işlän Özbegistanly arhitektorlar W.I.Usmanow we A.M.Urmanowa çagyryldy. Olar tarapyndan ýadygärligiň ölçegleri alyndy hem-de lazer uzaklygy ölçeýjini ulanmak bilen, onuň taslamasy düzüldi.


Arhitektorlar tarapyndan ýerinde ýadygärligiň ilkibaşky görnüşiniň öňünden iş çyzgylary taýýarlanyldy. Diwarlaryň, gümmezleriň aralaryndaky giňişlikleriň ählisi boýunça howply we gowşak böleklrini anyklamak boýunça işler geçirildi.”Daş köçäniň” içi boýunça diwarlaryň, gümmezleriň, çüňk tromblarynyň, arkalaryň geljekde olaryň durkuny täzelemek üçin suwaglary söküldi.

Bir söz bilen aýdylanda, bu ýadygärlik ilkibaşdaky görnüşine geldi. Bu ýerde uly göwrümli we yhlasly durkuny täzeleýiş işleri geçirildi.

Bu iri rejeleýiş taslamasyny ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň “Medeni mirasy goramak boýunça ilçiniň gaznasy” atly halkara bäsleşiginiň ýeňijisi – Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň hünärmenleri amala aşyrdylar. Bu ajaýyp taryhy desganyň – Ysmamydata ýadygärliginiň durkunyň täzelenmelegine etrabyň ýaşaýjylary hem mynasyp goşant goşdular. Olar özleriniň işjeň kömekleri bilen rejeleýiş işlerine agzybirlikli gatnaşdylar.

... Asyrlaryň geçmegi bilen Ysmamaydata ajaýyp taryhy toplum bu günki gün türkmen halkynyň baý we özboluşly taryhy-medeni mirasyny saklamakda nobatdaky ajaýyp nusga bolmak bilen, özüniň “ikinji ömrüni” aldy.