Russiýanyň medeni paýtagtynda skripkaçylaryň «Mukam» toparynyň çykyşy uly üstünlige beslendi, 22 — 27-nji iýun aralygynda bu meşhur topar şol ýerde gumanitar ugurdaky türkmen-rus gepleşigini ösdürmek boýunça döwletara ylalaşyklaryny amala aşyrmagyň çäklerinde boldy.
Mälim bolşy ýaly, topar Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde okaýanlardan ybaratdyr. Onuň çeper ýolbaşçysy Türkmenistanyň halk artisti Garold Neýmark bolup durýar. Toparyň döredilenine 36 ýyl doldy we şu döwürde topar birnäçe gezek Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldy, abraýly halkara festiwallarynda baýrakly orny eýeledi hem-de hökümet konsertlerinde we döwlet derejesindäki beýleki möhüm ähmiýetli çärelere gatnaşdy. Toparyň agzalary haýsy ýerde çykyş etseler-de, özüne çekijiligi, iň esasy-da — sazlary ussatlarça ýerine ýetirmek arkaly tomaşaçylaryň söýgüsin gazanýar.
Sankt-Peterburgda bolnan mahalynda topar knýazlar Beloselskileriň-Belozerskileriň gadymy mülkündäki jaýda üstünlikli çykyş etdiler. Bu ýerdäki sahnada bütin dünýäde belli sazandalar çykyş edipdirler. Türkmenistanly ýaş zehinleriň ýerine ýetirmeginde bu ýerde türkmen kompozitorlarynyň eserleri, şeýle hem ýewropa we rus nusgawy sazlary ýaňlandy.Diňleýjiler toparyň ýokary ussatlygyna mynasyp baha berdiler hem-de «Mukam» toparynyň çykyşyna şowhunly el çarpdylar, sazandalara ajaýyp gül desselerini gowşurdylar.
Sankt-Peterburgyň Oba hojalyk uniwersitetinde-de türkmen topary mähirli garşylandy, bu ýerde ýaş skripkaçylar konsert bilen çykyş etdiler hem-de olara ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylarynyň ýörite hoşallyk haty gowşuryldy. Ýeri gelende aýtsak, türkmen sazy Newanyň giňişliginde-de ýaňlandy. Biziň sazandalarymyz şäheriň esasy suw akabasynda gezelenç edýän gäminiň üstündäki açyk meýdançada hem-de meşhur «Awrora» gämisinde sazlary ýerine ýetirdiler. Bu özboluşly konsertler märekäniň ünsüni çekip, «Mukam» toparynyň muşdaklarynyň sanyny has-da artdyrdy. Köpsanly diňleýjileriň hoşallyk bildirip aýdan sözleri türkmen skripkaçylarynyň çykyşlarynyň Sankt-Peterburgyň talap ediji märekesine ýakymly täsirini ýetirendigine güwä geçýär. Köp sanly adamlar türkmenleriň sazynyň ähli lezzetini, medeniýetini we kalbyny duýmaga ýardam berendigi üçin hoşallyk bildirdiler.
Ansamblyň Sankt-Peterburgda bolan günleri döredijilikli gatnaşyklaryň hakyky baýramçylygyna öwrülip, munuň özi bu toparyň agzalarynyň dünýä garaýşyny giňeldilmegine we ussatlygynyň artdyrylmagyna, iki ýurduň medeniýet we sungat işgärleriniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam berdi.