Türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, şol sanda talabalaýyk we amatly dynç almagyň ulgamyny döretmek arkaly durmuşyň hilini ýokarlandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň örän möhüm ugrudyr. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça döwletimizde şypahanalaryň we dynç alyş merkezleriniň täze ulgamynyň döredilmegi ýurdumyzda toplanan we iň oňat daşary ýurt tejribesini öz içine alýan ilatyň saglygyny pugtalandyrmagyň umumy ugrunyň bir bölegi bolup durýar.
"Awaza" milli syýahatçylyk zolagy munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir, bu ýere tomusky dynç alyş möwsüminde ýurdumyzyň dürli künjeklerinden müňlerçe adam gelýär. Gojaman Hazaryň kenarynda, arassa çägeli, gün nuruny bolluk bilen seçýän, bejeriş ähmiýetli howasy we deňziň ýyly suwy bolan künjekde häzirki zaman myhmanhanalarynyň we dürli dynç alyş merkezleriniň tutuş toplumy kemala geldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmeginiň esasy maksady ýurdumyzyň tebigatynyň gaýtalanmajak dürdänesi bolan deňziň ägirt uly dikeldiş-bejeriş mümkinçiliklerini peýdalanmakdan, türkmenistanlylaryň rahat dynç almagy üçin aňrybaş şertleri döretmekden ybaratdyr, sebäbi adam hakyndaky, halkyň abadançylygy we saglygy hakyndaky alada Türkmenistan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugrudyr.
Tomus paslynyň şu günleri Awazada hökümet Baştutanynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary hem gysga wagtlaýyn zähmet rugsadynda bolýarlar. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 7-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti minastrlikleriň we pudak edaralarynyň ähli ýolbaşçylaryna 8-20-nji iýul aralygynda zähmet rugsadynyň berilýändigini we olaryň bu dynç alyş günlerini "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda, ”Arçman”, “Ýylysuw”, “Mollagara” ýaly ýurdumyzyň beýleki sagaldyş merkezlerinde geçirip biljekdiklerini yglan etdi. Ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi ene topragymyzyň bejeriş gudratyndan täze güýç - kuwwat toplap, öňde durýan uly işleri Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ikinji ýarym ýyl üçin öňde goýlan wezipeleri çözmegi täze güýç bilen dowam ederler.
Bu künjegiň dürli görnüşli gaýtalanmajak tebigy serişdeleri we Hazaryň arassa kenarynda kemala gelen dünýä derejesindäki dynç alyş zolagynyň sazlaşykly işlemeginiň esasyny düzýän oňyn howa şertleri oňat dynç almaga ýardam berýär.
Netijeli zähmet çekmek üçin saglygyňy hem berkitmek mümkinçiligi bolan şertlerde dynç almagyň nähili ähmiýete eýedigini döwlet Baştutanymyz ilkinji nobatda ençeme ýyllap lukman hökmünde halkyň saglygyny goramagyň we berkitmegiň gözbaşynda duran, alyp barýan ylmy işleriniň esasy ugurlarynyň biri halkyň saglygyny goramak meselesi bolan alym hökmünde hem oňat bilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleriniň birnäçesiniň hormatly professory hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy işleriniň ençemesi bu ulgama bagyşlanandyr. Milli Liderimiziň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda uly meşhurlyga eýe bolan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy işi, “Türkmenistan – melhemler mekany” we beýleki kitaplary türkmen tebigatynyň – ösümlikleriň, melhem suwlaryň, howanyň bejeriş aýratynlyklaryna bagyşlanandyr.
Şunda hormatly Prezidentimiz akyl zähmetinden we beden taýdan ýadawlykdan saplanmagyň iň gowy usulynyň boş wagtyňy açyk howada geçirmekdigini hemişe nygtaýar we şahsy göreldesi bilen oňat sport taýýarlygyny, ruhy taýdan çäksiz şähdiaçyklygyny, işde maksadaokgunlylygyny we döwlet ähmiýetli meseleleri çözmekde netijeli zähmeti bilen subut edýät.
Ýurdumyzyň raýatlarynyň zähmet rugsadyna bolan hukugy türkmen döwletinde kanunçylyk taýdan berkidilendir, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli üns bermegi netijesinde, adamlaryň maşgala bolup dynç almagy üçin hem oňyn şertler döredilýär. Tomus paslynyň şu günlerinde köpsanlysy soňky ýyllarda döredilen we durky täzelenen, rahatlygy we hyzmat edilişiniň derejesi boýunça ýokary halkara ülňüleriniň talaplaryna laýyk gelýän şypahana-dynç alyş merkezlerinde boş wagtyny peýdaly geçirýärler. Şunda türkmen döwletiniň halkyň abadançylygyna we ýaşaýşyň hilini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen durmuş syýasatynyň esasy ugurlary öz beýanyny tapýar.