Ï Türkmenistanyň býujetiniň ileri tutulýan durmuş ugurlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň býujetiniň ileri tutulýan durmuş ugurlary

view-icon 9413
Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli syýasatynyň durmuş ugurlydygyny görkezýän sanlara we maglumatlara geçmezden öň, ilatyň ýaşaýyş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň diňe ykdysady taýdan kuwwatly döwlete başardýandygyny bellemelidiris. Häzirki Türkmenistan özüniň bu ukybyny we ykdysady kuwwatyny doly görkezmek bilen, geljek üçin ösüşiň tapgyrlaryny ynamly meýilleşdirýär.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça ähli ministrliklerde, pudak edaralarynda, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerinde Türkmenistanyň Döwlet býujetini, 2015-nji ýyl üçin ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň we maýa goýum syýasatynyň esasy ugurlaryny kemala getirmek boýunça taýýarlyk işleri işjeň alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, bu meselä ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň 7-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisiniň barşynda garalypdy. Şol mejlisde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişiniň netijelerine garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2015-nji ýyl üçin esasy maliýe meýilnamasyny döretmek meselesi barada durup geçip: “Geljek ýylyň Döwlet býujeti ýokary derejede durmuş maksatlaryna gönükdirilen bolmalydyr. Bu bolsa mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk has-da gowulandyrmaga mümkinçilik berer” diýip belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň geljek ýyl üçin Döwlet býujeti düzülende, milli özgertmeler maksatnamalarynda, ilkinji nobatda bolsa, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda” kesgitlenen ileri tutulýan ugurlara esaslanmagyň wajypdygyny belläp, maýa serişdeleriniň esasy bölegini durmuş ulgamyny ösdürmäge gönükdirmegiň, şunda ägirt uly mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagyň möhümdigini nygtady.

Häzirki wagtda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ykdysady strategiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistan ykdysady ösüşiň depginleri boýunça dünýäde okgunly ösýän ýurtlaryň hatarynda mynasyp orun eýeleýär. Munuň özi şu ýylyň birinji ýarymynyň netijeleri boýunça makroykdysady görkezijilerde öz beýanyny tapdy.

Mejlisde beýan edilen maglumatlara we sanlara laýyklykda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň başyny başlan oňyn özgertmeleriniň depgini günsaýyn ýokarlanýar. Bular barada aýtmak bilen, milli Liderimiziň ykdysady syýasatynyň esasyny we umuman, özgertmeleriň baş ugruny hereket edýän edaralary – döwlet dolandyryşyny, maliýe ulgamyny, durmuş düzümini, eýeçilik hukugyny yzygiderli özgertmek, milli ykdysadyýetimiziň uzakmöhletleýin düzümini işläp taýýarlamak we şonuň esasynda netijeli ykdysady syýasaty kemala getirmek, şeýle hem makroykdysady kadalaşdyrmagyň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän nusgasyny işläp taýýarlamak ýaly şertleriň düzýändigini bellemelidiris.

Milli ykdysadyýetimizi üçünji müňýyllygyň talaplaryna laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çalt çykarmak üçin döwlet Baştutanymyz esasy ugurlary kesgitledi. Olarda dünýäniň tejribesiniň hem-de bazar ykdysadyýetiniň kanunlaryny öwrenmäge we işjeň ulanmaga, olaryň esasynda halk hojalygyny dolandyrmagyň netijeli we çeýe ulgamyny döretmäge möhüm ähmiýet berilýär. Dünýä tejribesini görkezişi ýaly, döwletiň ösüşiniň ýolunda oňyn netijeleri gazanmak üçin örän oýlanyşykly we dogry ýoly seçip almak wajypdyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasynyň indi birnäçe ýylyň dowamynda seçilip alnan ýoluň üstünlige eýe bolýandygyny hem-de makroykdysady kadalaşdyrmagyň esasy ýörelgeleri esasynda kabul edilýän ykdysady çözgütleriň dogrudygyny tassyklaýandygyny nygtamalydyrys.

Mälim bolşy ýaly, şunda her ýyl önümleriň çykarylyşynyň ösüşini göz öňünde tutýan önümçiligiň milli möçberiniň durnukly ösmegi, nyrhlaryň erkin bäsdeşlik esasynda kemala gelmegini göz öňünde tutýan nyrhlaryň durnukly derejesi, raýatlarymyzyň iş bilen üpjünçiliginiň ýokary derejesi, ýurdumyzyň harytlaryny beýleki ýurtlarda erkin ýerlemegiň we milli pulumyzyň durnukly alyş-çalyş hümmetiniň netijesinde daşary söwda gatnaşyklarynyň deňagramlylygynyň saklanmagy esasy maksatlar bolup durýar.

Bu wezipeleriň ählisi “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda”, şeýle hem döwlet pudak ösüş maksatnamalarynda öz beýanyny tapdy. Olaryň üstünlikli çözülmegi täsin tebigy serişdelere esaslanýan Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady kuwwatyndan doly we hemmetaraplaýyn peýdalanmaga ýardam edýär.

Döwlet ykdysady dolandyryşda düzümleýin özgerişlikleriň ähmiýeti barada aýdylanda bolsa, munuň, ilkinji nobatda, döwlet maýasynyň ornuny ep-esli berkitmäge hem-de Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli ýerine ýetirilmegini gazanmaga mümkinçilik berendigini nygtamalydyrys. Alty aýyň netijeleri boýunça ýurdumyzyň esasy maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 117,4 göterim, çykdajy bölegi bolsa 97 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet býujetiniň girdejileriniň çykdajylaryndan ýokarydygyny şöhlelendirýän bu görkeziji ykdysady syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge býujet serişdeleriniň 82,6 göteriminiň gönükdirilendigini bellemek möhümdir. Özi-de, bu görkeziji ýylsaýyn artýar.

Karz-pul, pul, maliýe we salgyt-býujet ulgamlaryny öz içine alan özgertmeleriň wagtynda geçirilmegi hem milli ykdysadyýetimiziň ýokary görkezijilerini gazanmak üçin oňaýly şertleri döretdi. Bu ulgamlarda özgertmeleriň yzygiderli amala aşyrylmagy Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň durnuklylygyny üpjün etmäge ýardam etdi. Galyberse-de, ýurdumyzyň maliýe ulgamynyň durnuklylygy daşarky şertleriň ýaramaz täsirine garşy durmaga hem-de ähli pudaklarda we işiň ähli ulgamlarynda önümçilik işini çaltlaşdyrmaga gönükdirilen maýa goýum syýasatyny işjeň amala aşyrmaga mümkinçilik berdi.

Soňky ýyllarda milli pulumyzyň öz ornuny has-da berkidendigini bellemelidiris. Munuň şeýle bolmagyna, ilkinji nobatda, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça türkmen manadynyň denominasiýasynyň geçirilmegi ýardam etdi. Esasy halkara maliýe düzümleriniň bilermenleriniň pikirine görä, denominasiýa öz wagtynda geçirilen we örän netijeli çäre boldy. Mundan başga-da, milli manadyň daşary ýurt puluna resmi taýdan bitewi hümmetiniň girizilmegi milli pulumyza bolan ynamyň pugtalandyrylmagyna hem-de banklaryň ornunyň ýokarlanmagyna ýardam etdi. Ýokarda belleýşimiz ýaly, bu makroykdysady kadalaşdyrmanyň esasy maksatlarynyň biri bolup durýar. Munuň özi manadyň ornuny ep-esli berkitmäge, satyn alyjylyk ukybyny ýokarlandyrmaga, puluň dolanyşygynyň netijeliligini artdyrmaga, baha kemala getirmegi ýönekeýleşdirmäge mümkinçilik berdi, şeýle hem ykdysadyýetiň dürli ulgamlaryna maýa goýumlarynyň gelmegini höweslendirdi. Munuň şeýledigine häzirki güne çenli manadyň bellenen hümmetiniň durnukly bolmagynda galýandygy hem şaýatlyk edýär.

Yzygiderli durmuşa geçirilýän makroykdysady syýasat jemi içerki önümiň möçberlerini ýokary depginler bilen artdyrmaga mümkinçilik berýär. Jemi içerki önümiň durnukly ösüşi ýurdumyzyň uzakmöhletleýin geljegi üçin ösmegini göz öňünde tutýan strategiki maksatnamalary durmuşa geçirmek arkaly gazanylýar. Türkmen Lideriniň oýlanyşykly ykdysady strategiýasy ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegini üpjün edýär, uzakmöhletleýin geljek üçin onuň abadançylygynyň esaslaryny pugtalandyrýar we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam edýär.

Döwlet Baştutanymyz hökümetiň giňişleýin mejliinde eden çykyşynda mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýynyň, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygyny aýdyň görkezýän iki sany esasy görkeziji barada durup geçdi. Bu görkezijiler: birinjiden, jemi içerki önümiň artmagydyr, ikinjiden, ortaça zähmet haklarynyň möçberleriniň köpelmegidir. Şeýlelikde, 2013-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi içerki önümiň ösüş depgini 110,3 göterime barabar boldy. Ortaça zähmet haklary hem 10,7 göterim köpeldi.

Ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň ösüşiniň adamlaryň ýaşaýyş durmuşynyň derejesini ýokarlandyrmaga we täze önümçilikleri döretmegiň hasabyna ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň netijeliligini gowulandyrmagyň esasynda adam kuwwatyny ösdürmek üçin şertleri döretmäge gönükdirilen giň möçberli durmuş maksatlaryny amala aşyrmak bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Döwlet Baştutanymyzyň öz çykyşynda:

“Şu ýylyň birinji ýarymynda täze gurlan desgalaryň ulanmaga berilmegi netijesinde, ýurdumyzda 15 müňden gowrak täze iş orunlary döredildi. Ýaňy-ýakynda täze gurlan senagat we medeni-durmuş maksatly desgalaryň birnäçesiniň ulanmaga berilmegi bolsa, bize 4 müňden gowrak täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berdi. Üstünlikli amala aşyrylýan bu işler giň gerimli milli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädimdir” diýip belledi.

Şunuň bilen birlikde, durmuş ulgamynda döwlet strategiýasy zähmet haklarynyň we ilatyň beýleki girdejileriniň ýokarlandyrylmagyny, adamlaryň saglygynyň pugtalandyrylmagyny we ömrüniň dowamlylygynyň artdyrylmagyny, milletiň bilim derejesiniň, aň-bilim we medeni kuwwatynyň ýokarlandyrylmagyny, raýatlarymyzyň ýaşaýan ýerlerine garamazdan, olaryň ählisi üçin durmuş hyzmatlarynyň hiliniň gowulandyrylmagyny we elýeterliliginiň üpjün edilmegini, ýaşlar syýasatynyň işjeňleşdirilmegini, ilatyň durmuş taýdan goraglylygynyň üpjün edilmegini göz öňünde tutýar.

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda üstünlikli durmuşa geçirilýän “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” ykdysadyýeti pugtalandyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, girdejiler düzüminde süýşürintgileriň we sarp etmeleriň gatnaşygynda olaryň deňagramlylygyny gazanmak we ösen ýurtlaryň derejeesine çykarmak boýunça toplumlaýyn çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, ilatymyzyň anyk girdejilerini artdyrmak babatda Türkmenistanda görülýän çäreleri bellemelidiris. Soňky ýyllaryň dowamynda bu ugurdaky ýokary makroykdysady görkeziji zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagynyň, döwletimiziň nyrh syýasatynyň kämilleşdirilmeginiň, hususy başlangyçlaryň goldanylmagynyň, şeýle hem goşmaça durmuş ýeňillikleriniň toplumyny göz öňünde tutýar.

Ykdysady hasaplamalar boýunça ýurdumyzda jemi içerki önümiň adam başyna düşýän möçberi 19 müň amerikan dollaryna golaýdyr. Ýurdumyz boýunça ortaça zähmet haklarynyň möçberi hem, ilata mugt berilýän tebigy gaz, elektrik energiýasy, agyz suwy, nahar duzy, ýaşaýyş jaý – jemagat hyzmatlary, howa ulaglarynyň, demir ýol we awtomobil ulaglarynyň, aragatnaşyk ulgamynyň hyzmatlary, gurluşyk serişdeleri, gozgalmaýan emläge berilýän karzlar üçin bellenen ýeňillikli nyrhlar we beýleki ýeňillikler nazara alnanda, 1 müň amerikan dollaryndan geçýär.

Ykdysady strategiýanyň durmuş ugurly bolmagy Türkmenistana özgertmeleriň ösüş ýoly bilen ynamly öňe gitmäge, halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyny gazanmaga ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini 10 göterim ýokarlandyrmak hakyndaky Permana gol çekmegi bu ugurda nobatdaky möhüm ädim boldy. Şu resminama laýyklykda, Türkmenistan boýunça iň pes aýlyk zähmet haky 535 manat möçberde bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşuly nesil barada aýratyn alada edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda weteranlaryň mynasyp ýaşamagy üçin ähli şertler döredildi, olara dürli durmuş ýeňillikleri berilýär. Ýokarda agzalan Permanyň düzgünlerine laýyklykda, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberi 878 manat, iň ýokary möçberi 1184 manat möçberde, Beýik Watançylyk urşunyň weteranlarynyň, olaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çeken weteranlaryň pensiýalarynyň aýda iň ýokary möçberi 1077 manat möçberde bellenildi. Şeýle hem pensiýalaryň iň pes möçberini kesgitlemek we döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk ululygy bellenildi.

“Döwlet adam üçindir!” diýen çuňňur manyly şygarda öz beýanyny tapan durmuş syýasatyny amala aşyrmakda türkmenistanlylara döwrebap we kaşaň ýaşaýyş jaýlaryny almakda hemmetaraplaýyn goldaw bermäge aýratyn üns berilýär. Bu meseleler hemişe döwlet Baştutanymyzyň üns merkezinde durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy giň gerime eýe boldy. 2014-nji ýylyň 1-nji ýarymynyň netijeleri boýunça ýaşaýyş jaýlarynyň 178,4 müň inedördül metriniň gurluşygy üstünlikli tamamlandy.

Ýaşaýyş jaýlary gurlanda zerur bolan ýaşaýyş-durmuş düzümi – dükanlar, söwda nokatlary, çagalar oýnamak üçin we sport meýdançalary göz öňünde tutulýar. Türkmenistanlylaryň girdejileriniň we abadançylygynyň ýokarlanýandygyny, şeýle hem gozgalmaýan emläk üçin karz bermek boýunça görülýän çäreleri nazara almak bilen, täze taryhy eýýamda ilatymyzyň köp böleginiň paýtagtymyzda gurulýan has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlaryndan öýleri almaga mümkinçiliginiň bardygyny bellemelidiris.

Milli Liderimiziň ýörite Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň raýatlaryna gozgalmaýan emläk üçin berilýän karzlaryň möhleti 30 ýyla barabardyr. Şunda ýyllyk göterimiň 1 göterime barabardygyny, esasy bergini tölemegiň bäş ýyl gaýra goýmak düzgüniniň saklanýandygyny, şeýle hem ilkibaşdaky tölegiň 10 göterime deňdigini bellemelidiris.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň welaýatlarda ýaşaýan raýatlarymyza ýaşaýyş jaýlaryny edinmek üçin uzakmöhletleýin karzlary bermek boýunça ýeňillkileri bermek baradaky başlangyjy hem ýaşaýyş jaý syýasatyny durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy. Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllaryň dowamynda "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda" öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, gurluşyk guramalary öz hasabyna hem-de Türkmenistanyň ygtyýarly banklaryndan göterimsiz karzlary almagyň hasabyna oba ýerlerinde bölünip berlen ýer böleklerinde ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny alyp barýarlar. Ýerli häkimlikleriň, gurluşyk edaralarynyň hem-de raýatlaryň arasynda baglaşylýan üçtaraplaýyn şertnamalaryň esasynda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy dowam edýär. Gozgalmaýan emläk üçin hem karzlar 30 ýyl möhletinde ýylda 1 göterim bilen berilýär. Bu karzyň ýeňillikli möhleti hem bäş ýyla barabardyr.

Bular barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň fewral aýynda şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak (mellek) üçin hem-de şäherlerde we şäherçelerde özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýer böleklerini hususy eýeçilige bermek boýunça ýörite ýer gaznalarynyň möçberini tassyklamak hakyndaky Kararynyň ähmiýetini hem bellemelidiris.

Mälim bolşy ýaly, eneler we çagalar, ýaş nesliň abadançylygy, milletiň gadymy maşgala gymmatlyklaryny aýawly saklamak barada hemmetaraplaýyn alada etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy. Munuň özi “Döwlet adam üçindir!” diýen parasatly we çuň manyly şygarda öz aýdyň beýanyny tapdy. Ýurdumyzda degişli kanunçylygy kämilleşdirmek we ösdürmek, eneleriň hem-de çagalaryň hukuklarynyň we saglygynyň goralmagyny üpjün etmek, jemgyýetiň esasy hökmünde maşgalany pugtalandyrmak, köp çagaly maşgalalary durmuş taýdan goramak boýunça durmuşa geçirilýän giň möçberli maksatnamalar hem-de bu babatda görülýän netijeli çäreler munuň aýdyň subutnamasydyr.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan şu ýylyň mart aýynda köp çagaly enelere 13 gatly kaşaň we ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýynyň sowgat berlendigini bellemelidiris. Munuň özi täze eýýamyň belent döredijilik we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dabaralanýandygyny alamatlandyryp, täze taryhy eýýamyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň tabşyrmagy boýunça Aşgabat şäheriniň merkezi şaýollarynyň biriniň – Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda ýerleşen ozalky döwlet kabulhanasy köp çagaly maşgalalar üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýyna üýtgedilip guruldy.

Ýurdumyzyň ilatynyň hususy ýaşaýyş jaýlary bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak hem-de “Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyny we Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý Kodeksini ýerine ýetirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagynyň göni (salgyly) görnüşinde – muzdsuz berilmeginiň Tertibini tassyklamak hakyndaky Karary durmuş meselelerini üstünlikli çözmegiň, hususan-da, ýurdumyzyň ilatyny ýaşaýyş jaýlar bilen üpjün etmegi mundan beýläk-de gowulandyrmak babatdaky wezipeleriň çözülmeginiň has aýdyň mysaly boldy.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, 2013-2016-njy ýyllar üçin Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň döwlet maksatnamasyny hem-de şu desgalary şol möhlet üçin hususylaşdyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasyny, şeýle hem döwlet emlägini döwlet eýeçiliginden aýyrmak we hususylaşdyrmak hakyndaky Türkmenistanyň Kanunyny durmuşa geçirmäge möhüm orun berilýändigini bellemelidiris.

Bularyň ählisi ýurdumyzyň ykdysady ulgamynda bolup geçýän oňyn özgerişlikleriň dowamydyr. Ilatymyzyň sanynyň yzygiderli artmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Döwletimiz tarapyndan ilatymyza berk durmuş kepillikleri berilýär. Mälim bolşy ýaly, hususylaşdyrmak Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny has-da ýokarlandyrmaga, senagat önümçiliginiň netijeliligini we girdejililigini artdyrmaga, şeýle hem ýurdumyzyň hususy telekeçiliginiň okgunly ösdürilmegine ýardam eder. Munuň özi bolsa türkmenistanlylaryň hal-ýagdaýynyň has-da ýokarlandyrylmagyny üpjün eder.

...Şeýlelikde, häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň okgunly ösmegi iri möçberli durmuş maksatnamalarynyň ençemesini üstünlikli amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak şol maksatnamalaryň esasy ugrudyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halky ösüşleriň we rowaçlyklaryň ýoly bilen täze belentliklere tarap ynamly öňe gitmegini dowam edýär.