Ï Türkmenistanyň ykdysadyýetini senagatlaşdyrmagyň ugurlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ykdysadyýetini senagatlaşdyrmagyň ugurlary

view-icon 8846
Halk hojalyk toplumyny ösüşiň senagat ugruna geçirmek boýunça häzir alnyp barylýan işler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak boýunça amala aşyrýan strategiýasynyň öňdengörüjiliklidigini tassyklaýar. Ýurdumyzda ulanmaga berilýän we güneşli Diýarymyzyň ähli künjeklerinde bina edilýän döwrebap, ýokary tehnologiýaly önümçilik toplumlary, zawodlar we fabrikler, öndürilýän bäsdeşlige ukyply önümleriň çykarylmagyny artdyrmaga niýetlenen, ýokary hil ülňülerine laýyk gelýän, gaýtadan işleýän senagatyň täze desgalary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Şu ýerde ýene bir zady bellemek gerek, ol hem senagatlaşdyrmaga tarap alnan ugur diňe ykdysady däl-de, eýsem, durmuş ähmiýetli bolup durýar. Ynha, 2014-nji ýylyň 7-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow: “Häzirki döwürde biz ýurdumyzda dürli taslamalary ýerine ýetirýändikleri üçin uly möçberde töleg geçirýäris. Bu serişdeleriň esasy bölegi ýurdumyza dürli önümleri daşary ýurtlardan getirmek üçin sarp edilýär. Daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň esasy bölegini öz kärhanalarymyzda hem öndürip bolar diýip pikir edýärin. Biz bu meseläni çözmegi başarsak, onda milliardlarça amerikan dollaryny ýurdumyzda iş orunlarynyň sanyny artdyrmaga, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmaga gönükdirip bileris”.

Şu ýyl Türkmenistanda umumy bahasy 9 milliard amerikan dollaryna barabar bolan önümçilik we durmuş maksatly iri desgalaryň 419-syny gurmagyň göz öňünde tutulmagy milli Liderimiziň öňde goýan wezipeleriniň möhümdigine we giň gerimlidigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda gurluşyk serişdelerini, şeýle hem inženerçilik-tehniki kommunikasiýalaryň ugurdaş ulgamlaryny döretmek üçin niýetlenen önümleri uly möçberde we dürli görnüşde öndürýän önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak ilkinji nobatdaky çäreleriň biri bolup durýar. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň başyny başlan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasy ägirt uly çig mal serişdelerine eýe bolan ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň öňünde jogapkärli wezipeleri goýýar. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň gurluşyk senagatynyň düzümi pudagyň kuwwatyny artdyran täze kärhanalar bilen ýetirildi. Ozal amala aşyrylmagyna onlarça ýyl gerek bolan giň gerimli taslamalaryň indi sanlyja aýlarda durmuşa geçirilmegi häzirki döwrüň alamatyna öwrüldi.

Bu günki gurluşyk depginleri milli ykdysadyýetiň okgunly ösüşiniň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Şunda döwlet Baştutanymyzyň talap edişi ýaly, diňe gurmak däl-de, eýsem, ýurdumyzyň her welaýatynyň tebigy-howa şertlerini we ýer titremesine durnuklylygyny nazara almak bilen öňdebaryjy halkara ülňülerine laýyklykda öz wagtynda we ýokary hilli gurmak zerurdyr.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, biz- gurluşyk senagatyna ägirt uly serişdeleri göndermek bilen, ýurdumyzyň geljegini gurýarys, onuň ösmegi üçin ygtybarly esasy döredýäris. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýaýbaňlandyrylmagy, senagat, ýangyç-energetika toplumlarynyň, ulag-aragatnaşyk düzüminiň, obasenagat toplumynyň desgalaryny, durmuş maksatly, syýahatçylyk ugurly täze kärhanalary gurmak boýunça giň gerimli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglylykda, gurluşyk serişdelerine bolan isleg yzygiderli artýar, bu bolsa olaryň öndürilýän möçberini artdyrmagyň zerurdygyny şertlendirýär.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda bar bolan täze önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak we döwrebaplaşdyrmak hem-de gurmak boýunça giň gerimli maksatnama amala aşyrylýar. Senagaty ösdürmek üçin möhüm bolan bu wezipe täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň we öňdebaryjy enjamlary peýdalanmagyň, gurluşyk serişdeleri senagatynyň döwrebap kärhanalaryny gurmagyň hasabyna çözülýär.

Olara, hususan-da, Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň Owadandepede ýerleşýän kärhanalary degişlidir. Mysal üçin, ýanaşyk ýerleri bilen umumy meýdany 34 müň inedördül metre barabar bolan gazbeton önümleri zawody owradyjy-saýlaýjy we önümçilik bölümlerinden, ammarlardan we beýleki kömekçi jaýlardan ybaratdyr. Diwar bloklary, germewler we ýylylyk örtüji germeçler kärhananyň öndürýän önümleri bolup durýar. Zawodyň taslama kuwwaty bir ýylda önümleriň 200 müň kub metrine barabardyr, munuň özi ýurdumyzyň gurluşyk senagatyny döwrebap gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Gazbetony taýýarlamak üçin çig mal 100 göterim ýerli serişdelerinden ybaratdyr. Kwars çägesi, sement, hek, gips bolup, olar ýurdumyzyň känlerinden we kärhanalaryndan alynýar.

Gazbetondan taýýarlanýan gurluşlar ýaşaýyş jaýyna we beýleki desgalara köne gurluşyk serişdelerinden tapawutlylykda birnäçe artykmaçlyklara eýedir. Mysal üçin, ýylylyk örtüji hili boýunça gazbetonyň 30 santimetlik galyňlygy keramzit betonyň 75-90 santimetrine deňdir ýa-da kerpijiň ýarym metrinden köpdür. Bu serişdäniň şeýle täsin häsiýetleri netijesinde ondan gurlan binalarda tomsuna salkyn we gyşyna ýyly bolýar, amatly howany saklamak üçin köp tagalla etmek gerek bolmaýar, bu bolsa ulanyşda serişdeleriň ep-esli tygşytlanmagyny şertlendirýär.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň düzüminiň üsti pudagyň kuwwatyny artdyran we iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasyny amala aşyrmakda onuň mümkinçiliklerini ep-esli giňelden kärhanalaryň birnäçesi bilen ýetirildi. Olaryň hatarynda “Türkmenmermer” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň mermer we granit öndürýän zawody hem bolup, ol Türkmenistanda gurulýan könsanly desgalar üçin zerur bolan tebigy daşdan örtüji serişdeleri çykarýar. Kärhananyň kompýutlerleşdirilmegi netijesinde, bu ýerde ýüzüne nagyşlary salmak bilen dürli ölçegdäki mermer daşlary öndürilýär. Kärhananyň öndürýän gurluşyk serişdeleriniň möçberi onuň taslama kuwwatyna çykan ýagdaýynda bir ýylda taýýar önümleriň 205 müň inedördül metrine deň bolar. Bu ýerde, Owadandepede “Türkmendemirönümleri” döwlet kärhanasy bolup, onuň taslama kuwwaty demir önümleriniň 160 müň tonnasyna, şol sanda dürli ölçegdäki armaturanyň 100 müň tonnasyna we profil önümleriň (burçluk we şweller) 60 müň tonnasyna barabardyr. Ýurdumyzda metal önümleriniň öndürilmegi daşary ýurtlardan getirilýän degişli önümleriň möçberini azaltmaga hem-de olar bilen gurluşyk desgalaryny üpjün etmäge ýardam berýär. Ýakyn geljekde bu senagat zolagynda aýna we aýna önümlerni öndürýän kärhana hem işläp başlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylaryň öňünde ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça möhüm wezipeleri goýmak bilen, ýerli çig maldan—gipsden, ak daşdan, argillitden, dolomitden, bazaltdan, çagyl daşdan, jyglym daşdan we çagyldan, gurluşyk hem-de silikat çägeden, kaolin we bentonit palçykdan, kerpitden, örtüji çerepisadan, asfalt betondan öndürilýän gurluşyk hem-de magdan däl materiallaryň möçberini we görnüşlerini artdyrmak üçin bar bolan ägirt uly çig mal serişdelerine ünsi çekýär.

Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesiniň golaýynda hem-de Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Garlyk obasynda bu ulgamda amala aşyrylýan giň gerimli taslamalara laýyklykda, sement öndürýän zawodlar guruldy. Bu ägirt uly desgalaryň kuwwaty bir ýylda önümiň bir million tonnasyna deňdir. Döwrebap, ekologiýa howpsuzlygynyň talaplaryna laýyk gelýän toplumlar dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden satyn alynýan täze tehnologiýa enjamlary, elektronika we awtomatika ulgamlary, ulag hem-de ýükleýji-düşüriji tehnikalar bilen üpjün edildi. Bu ýerde işleýän adamlar üçin zähmet we durmuş şertleri döredildi.

Zawodlar sementiň uly isleg bildirilýän görnüşlerini döwrebap tehnologiýa boýunça öndürýär. Bu ýer titremesine durnukly köp gatly binalar we beýleki desgalar gurlanda ulanylýan ýokary mäkämlikdäki portland sementdir. Mundan başga-da, bu ýerde nebitgaz pudagy üçin zerur bolan tamponaž sementi we hususan-da, gidrotehniki desgalar gurlanda sulfata durnukly sement öndürilýär. Munuň üçin zerur bolan çig mallar--çagyl daşy, laý, gips, kwars çägesi zawodyň golaýynda ýerleşýän känlerden alynýar.

Täze desgalar üçin zerur bolan önümleri öndürmek babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerini çözmekde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalary hem möhüm orun eýeleýär. Hususan-da, häzir Türkmenistanda dürli maksatly ýollary gurmakda zerur bolan ýol bitumynyň öndürilýän möçberiniň artdyrylmagyna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda gurulýan gudrony asfaltsyzlandyrýan toplum hem ýardam eder. Deasfalt—bu tehniki motor ýaglaryny we ýokary oktanly awtomobil benzinlerini almak üçin gymmatly çig mal, onuň düýbünde galýan asfalt we şepbik bolsa ýokary hilli ýol bitumyny öndürmek üçin ulanylar.

Germaniýadan, Ysraýyldan, ABŞ-dan, Fransiýadan, Ýaponiýadan, Türkiýeden, Eýrandan bolan iri firmalaryň we kompaniýalaryň gatnaşmagynda TNGIZT-de gurlan täze ýangyç we nebithimiýa desgalarynyň sebitde deňi-taýy ýokdur. Olaryň ulanmaga berilmegi dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan ýokary hilli nebit önümleriniň onlarça görnüşini öndürýän Türkmenistanyň nebithimiýa senagatynda tehnologik özgerişlik boldy. Olaryň hatarynda ýokary oktanly, etilleşdirilmedik awtomobil benzinleri, uçar kerosini, gidrousul arkaly arassalanan dizel ýangyjy, nebit koksy, polipropilen, dizel we uniwersal ýaglaryň dürli görnüşleri bar. TNGIZT sebitde suwuklandyrylan gazy uly möçberde iberýän toplum bolup, ony saklamak we ýüklemek üçin awtomobil, demir ýol we deňiz terminallary guruldy.

Degişli ugurda işler dowam edýär—özara bagly tehnologik desgalary ulanmagyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem ýurdumyz üçin täze bolan nebithimiýa önümçiliklerini döretmek, şol sanda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda gurmak babatda dowam edýär.

SNGIZ-de “Westport Trading Europe Limited” (ABŞ) kompaniýasy bilen bilelikde ýol bitumyny öndürýän tehnologik desganyň taslamasy amala aşyrylýar. Desganyň ýokary derejede awtomatlaşdyrylmagyny, tehnologik işlere gözegçilik etmegi we dolandyrmagy ýörite programmaly kompýuterler üpjün eder. Bu önümçiligiň taslama kuwwaty bir ýylda 118 müň tonna mazudy gaýtadan işlemäge niýetlenendir. Şol mazutdan her ýyl ýokary hilli nebit ýol bitumynyň 37,2 müň tonnasy öndüriler.

Şunuň bilen baglylykda, Amyderýa jülgesinde köpsanly durmuş we senagat desgalary bilen bir hatarda, ýol gurluşygynyň hem alnyp barylýandygyny bellemek gerek. Olaryň hatarynda uzynlygy 375 kilometr bolan Farap--Hojambaz--Köýtendag--Garlyk--Gaýnarbaba awtomobil ýoly bar. Birata--Gazojak we beýleki ýollaryň durkuny düýpli täzelemek işlerine girişildi. Şeýlelikde, täze desganyň ulanmaga berilmegi bilen welaýata bitum eltmek zerurlygy aradan aýrylar. Zawodda öndürilýän mazudyň gaýtadan işlenmeginiň bu önümiň hilini düýpli gowulandyrmaga mümkinçilik berjekdigi hem möhümdir.

Köýtendag etraby hem ägirt uly kuwwata eýe bolup, onuň ýerastynda gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň onlarça görnüşi bar. Bu ýerde geologlar tarapyndan kükürdiň, fosfatlaryň, daş duzunyň, gipsiň, selestiniň, ýarym metallaryň, çagyl daşynyň we beýleki gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň ýataklary açyldy. Olaryň esasynda himiýa senagatyndan başga-da, gurluşyk serişdeleri önümçiligi çalt depginlerde öser.

Hazaryň kenarynyň demirgazyk böleginde ýerleşýän Garabogaz köl aýlagy hem örän täsindir. Onuň suwlarynda Mendeleýewiň tablisasynyň 60-dan gowrak elementleri bar. Bu ýer dünýäde seýrek duş gelýän ýerleriň biri bolup, onda tebigy şertlerde natriý sulfatynyň we beýleki gymmatly duzly minerallaryň kristallaşmagy bolup geçýär, özi-de senagat möçberinde bolup geçýär. Aýlagyň baý ýataklaryny “Garabogazsulfat” önümçilik birleşigi işläp taýýarlaýar, onuň öndürýän önümleri—kükürtturşy natriý (natriniň sulfaty) we magniý (epsomid), hlorly magniý (bişofit) ISO-9001 halkara hil ülňülerine laýyk güwänama eýedir. Olar dürli ugurlarda—aýna, kagyz, sintetiki ýuwujy serişdeler, defoliantlar, deri, metallurgiýa, himiýa, dokma, gurluşyk senagatynda, oba hojalygynda ulanylýar.

Mälim bolşy ýaly, döwrebap tehnologiýalaryň ösmegi bilen gurluşyk senagatynda polimer serişdelerinden öndürilen önümler aýratyn zerur bolýar. Şunuň bilen baglylykda, Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde gurulýan polietilen we polipropilen öndürýän döwrebap gazhimiýa toplumynyň önümleri gurluşyk ulgamynda zerur bolan serişdeleriň görnüşini artdyrmak işinde möhüm orun eýelär. Täze gazhimiýa toplumy bir ýylda polietileniň 386 müň tonnasyny we polipropileniň 81 müň tonnasyny öndürmäge ukyply bolar.

Tebigy gazy gaýtadan işlemek üçin innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak gazhimiýa senagatyny ösdürmegiň esasy şertleriniň biridir. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz pudagynyň öňünde möhüm wezipe durýar—diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly tebigy gazdan ýokary tehnologik önümleri öndürmek, şol bir wagtda ony eksport etmek üçin giň mümkinçilikleri döretmek wezipesi durýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyzda hususy ulgama hemmetaraplaýyn goldaw berilýär. Ol milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmagyň we bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmegiň netijeli bölegi bolmalydyr. Kiçi we orta telekeçiligi, şahsy başlangyçlary çalt we netijeli ösdürmek maksady bilen örän amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredilýär. Olaryň hatarynda salgyt ulgamyny kämilleşdirmek, telekeçilik işini hasaba almagyň we ygtyýarlylandyrmagyň tertibini ýönekeýleşdirmek, ýeňillikli karzlaşdyrmak işleri bar.

Türkmen işewürleri Türkmenistanyň gurluşyk bazarynda ynamly ädimleri ädýärler. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, “Biz telekeçilik başlangyçlaryny goldamak boýunça uly işleri geçirýäris. Bu bazar gatnaşyklaryny kemala getirmegiň şertlerinde ykdysady we durmuş syýasatynda täze ugurlaryň biri bolup durýar”. Häzir döwlete dahylly bolmadyk gurluşyk kärhanalary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde durmuş-medeni maksatly desgalary gurýarlar, şeýle hem munuň üçin gurluşyk serişdelerini öndürýän senagat önümçiliklerini artdyrýarlar.

Şeýlelikde, ýurdumyz döwleti senagatlaşdyrmagyň, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdarmagyň, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän dürli önümleri çykarmagyň depginlerini çaltlandyrmakda täze ädimleri ädýär. Bularyň hemmesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge we ösdürmäge, halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatyny üstünlikli amala aşyrmaga hyzmat eder.