Ï Türkmenistan azyk bolçulygynyň senagat binýadyny pugtalandyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan azyk bolçulygynyň senagat binýadyny pugtalandyrýar

view-icon 10518
Türkmenistan dünýä ykdysady giňişligine doly goşulyşmak ugruna eýerip, okgunly ösýän döwletleriň hatarynda berk ornaşdy. Soňky ýyllar ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen möhüm çözgütleriň ençemesi bilen alamatlandyryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan möhüm wezipeleriniň hatarynda ýurdumyzda dürli oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň möçberlerini artdyrmagyň hasabyna azyk bolçulygynyň kepilligini ýokarlandyrmak wezipesi hem bar.

Oba hojalygyny düýpli özgertmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň geçirilmegi, işjeň maýa goýum syýasaty, döwlet goldawynyň netijeli gurallarynyň ornaşdyrylmagy hem-de kärendeçileriň, daýhan hojalyklarynyň, azyk ulgamynda işleýän döwlet we hususy kärhanalaryň maliýe taýdan höweslendirilmegi netijesinde bu ulgamda uly üstünlikler gazanyldy. Maýa goýum syýasatynyň çäklerinde obasenagat toplumynyň we azyk senagatynyň önümçilik düzümini döwrebaplaşdyrmaga iri maýa goýumlary gönükdirilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan bugdaý, esasy azyk önümlerini öndürmekde gurply hem-de özüni ekleýän döwletleriň hataryna goşuldy. Şol önümleriň görnüşleri yzygiderli artdyrylyp, olar daşary ýurtlarda öndürilýän önümler bilen üstünlikli bäsleşýär. 2014-nji ýylyň alty aýynyň netijeleri boýunça ýurdumyzyň jemi içerki önüminde oba hojalagynyň paýy 5,4 göterime barabar boldy. Geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende gök we miwe önümleriniň öndürilişi 2,4 göterim, etiň öndürilişi 1,8 göterim, süýdüň öndürilişi 3,3 göterim, ýumurtganyň öndürilişi 2,3 göterim, mallaryň we guşlaryň baş sany ep-esli artdy.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny” we pudaklaýyn ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän un üweýän we maldarçylyk toplumlarynyň, ýyladyşhana hojalyklarynyň, çörek önümlerini, unaşlary, et we süýt önümlerini, dürli görnüşli ösümlik ýaglaryny, peýnirleri, şöhlatlary öndürýän döwrebap önümçilikleriň gurluşygyna aýratyn üns berilýär. Şunda Türkmenistanda öndürilýän önümleriň ekologiýa talaplaryna laýyk gelmegi hökmany şertleriň biridir. Şeýle netijeler möhüm tehnologiýalary ulanmagyň, halkara hil ülňüleriniň ornaşdyrylmagynyň hasabyna gazanylýar.

Golaýda ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň önümçilik düzüminiň üstüni ýetiren täze desgalar hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Iýun aýynyň ahyrynda Daşoguz welaýatyna bolan iş saparynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Boldumsaz etrabyna bardy we şol ýerde döwrebap elewatoryň açylyş dabarasyna gatnaşdy, şeýle hem göni teleköpri arkaly “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň buýurmasy boýunça ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda gurlan kuwwatly elewatorlaryň ýene-de 7-siniň işine badalga berdi. Olar jemi 360 müň tonna bugdaýy saklamaga niýetlenendir.

Olaryň her biri dürli maksatly desgalary - galla saklanýan ammarlary, bugdaý guratmak üçin niýetlenen meýdançalary we gallany wagtlaýyn saklamak üçin telärler, edara binasy, barlaghanany we beýlekileri öz içine alýan toplumlardan ybaratdyr.. Elewatora getirilýän bugdaý barlaghana seljermeleri, arassalaýyş we guradyş işleri geçirilenden soň, ýörite howa ýagdaýyny saklamak üçin abzallar bilen üpjün edilen dik bunkerlere ýerleşdirilýär. Gallany ölçemekden, hilini barlamakdan başlap, degimenlerde degişli işleri geçirmäge çenli ähli çäreler doly awtomatlaşdyryldy.

Şeýle döwrebap desgalaryň sebitleriň esasy galla meýdanlarynyň golaýynda bolmagy welaýatlarda ýetişdirilen buşdaý hasylyny gaýtadan işlemegiň hilini ýokarlandyrmaga hem-de hasylyň talabalaýyk saklanmagyna ýardam eder. Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndaky, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz we Saparmyrat Türkmenbaşy etraplaryndaky, Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk we Beýik Türkmenbaşy adyndaky etraplaryndaky, Mary welaýatynyň Altyn sähra etrabyndaky elewatorlaryň göwrümi 50 müň tonna bugdaý saklamaga, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabyndaky we Mary welaýatynyň Garagum etrabyndaky elewatorlaryň bolsa göwrümi 30 müň tonna bugdaý saklamaga niýetlenendir.

Elewatorlaryň ählisi olarda saklanýan bugdaýlaryň hil görkezijilerine awtomatik usulda gözegçilik etmäge mümkinçilik berýän ýörite enjamlar bilen üpjün edildi. Olaryň çäginde kabul ediljek bugdaýyň nusgalaryny awtomatiki usulda alýan hem-de dänäniň hilini kesgitleýän döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan barlaghana ýerleşýär. Mundan başga-da, bugdaýy ýörite enjamlar bilen enjamlaşdyrylan göterijileriň kömegi bilen awtoulaglardan hem-de demir ýol wagonlaryndan kabul etmek üçin önümçilik kuwwatlylygy sagatda 100 tonna bolan ýörite ugur göz öňünde tutuldy.

Ýörite guradyjy enjamlar gallany guratmak we onuň çyglylygyny kada getirmek üçin niýetlenendir. Munuň özi köp mukdardaky bugdaýy ýokary hilli hem-de uzak wagtlap saklamaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem olarda bugdaýyň gyzgynlyk derejesini awtomatik usulda kesgitleýän we ýeterlik möçberde howa üfleýän howa beriji enjamlar gurnalandyr.

Mundan başga-da, elewatorlaryň her biriniň çäginde tohumlyk bugdaýy kabul etmek üçin göwrümi 5 müň tonna bolan bassyrma, sagatda 10-12 tonna ýokary hilli tohumlyk bugdaýy arassalap taýýarlaýan bölüm bolup, şolarda tohumlyk bugdaý arassalanyp, dermanlanandan soňra, taýýar bolan tohumlyk bugdaý 25 we 50 kilogram agramda polipropilen haltalara ýörite enjamlaryň kömegi bilen gaplanylýar. Soňra haltalara gaplanan tohumlyk bugdaý göwrümi 2 müň tonna bolan ammarlara ugradylýar.

2013-nji ýylda çörek önümlerini öndürýän täze kärhanalaryň Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda, Mary we Lebap welaýatlarynda ulanmaga berlendigini bellemelidiris. Olaryň umumy kuwwaty 250 müň tonna bugdaý saklamaga hem-de ýylda 230 müň tonna un öndürmäge niýetlenendir.

Şondan bir ýyl öň Ruhabat etrabynda çörek önümlerini öndürýän önümçilik toplumy we “Bereketli” söwda merkezi işe girizildi. Bu toplumyň düzümine 100 müň tonna bugdaý saklamaga niýetlenen elewator we ýylda 80 müň tonna un, şeýle hem gije-gündiziň dowamynda 40 tonna çenli çörek we çörek önümlerini öndürmäge niýetlenen bölümler girýär. Bu ýerde öndürilýän önümleriň hatarynda dürli görnüşli çörek önümleri, köke we beýleki önümler bar. Kuwwatlylygy gije-gündizde 48 tonna barabar bolan unaş hem-de unaş önümlerini öndürýän bölüm Ýewropanyň meşhur kompaniýalarynyň - esasan hem Italiýanyň, Şweýsariýanyň we beýleki ýurtlaryň kompaniýalarynyň döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. Aşgabat – Gökdepe ýolunyň ugrunda gurlan “Bereketli” söwda mierkezinde bolsa süýji – köke önümleri öndürilýär.

Umuman, bularyň ählisi içerki bazary özümizde öndürilýän çörek bilen doly üpäün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bugdaý hasylynyň we bugdaý ununyň bir bölegini, ýagny içerki isleglerden artyk öndürilen bölegini daşary ýurtlara iberýär. Munuň özi döwletimiziň okgunly ösmegi babatda örän uly ähmiýete eýedir.

Azyk önümçiligi ulgamyna maýa goýumlaryny goýmak baradaky gürrüňi dowam edip, gara mallaryň we dowarlaryň, düýeleriň we guşlaryň baş sanyny artdyrmak, et we süýt önümleriniň öndürilýän möçberlerini ýokarlandyrmak boýunça anyk çäreleriň görülýändigini bellemelidiris, Hususan-da, şol gün Daşoguz welaýatynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda elewatorlar bilen birlikde, S.A.Nyýazow adyndaky etrapda gurlan täze maldarçylyk toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy.

Bu maldarçylyk toplumy 500 baş tohum maly saklamaga we ýylda 2 müň tonna süýdi hem-de 120 tonna eti gaýtadan işlemäge niýetlenendir. Maldarçylyk toplumynda saklanýan mallaryň ot-iým binýadyny döretmek maksady bilen, 350 gektar ekerançylyk ýerleri berkidildi. Şol ýerlerde arpa, mekgejöwen, ýorunja we beýleki ot-iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin ähli şertler döredildi. Köp mukdarda süýt berýän “golştin” tohumyndan bolan sygyrlaryň ýerleşdirilen bölümlerinde ýokary öndürijilikli enjamlar we tehnologiki ulgamlar ornaşdyryldy. Şunda, sygyr sagylýan bölümde süýt önümçiligi ugurly maldarçylygy ösdürmekde iň döwrebap çözgütleri hödürleýän Şweýsariýanyň “DeLewal” kompaniýasynyň robotlaşdyrylan ulgamlary gurnaldy.

Maldarçylyk toplumynyň beýleki bölümleri – sygyrlar we göleler saklanýan ýataklar, ot-iým ammary, weterinariýa merkezi we beýlekiler hem Şweýsariýada, Germaniýada we Türkiýede öndürilen ýokary öndürijilikli enjamlar bilen üpjün edildi. Ýylda 120 tonna eti gaýtadan işlemäge niýetlenen bölümde häzirki wagtda şöhlat önümleriniň dürli görnüşleri öndürilýär. Süýdüň gaýtadan işlenilýän bölüminde bir gije-gündizde 7 müň 500 litre çenli süýt kabul edilip, süýt, gatyk, aýran, ýogurt, gaýmak, mesge ýagy, dorog, peýnir ýaly süýt önümleriniň 20 görnüşi öndürilýär.

Bu ýerde ulanylýan döwrebap tehnologiýalaryň önümçiligiň ykdysady taýdan bähbitli bolmagyna, ähli bölümleriň işini has oňaýly guramaga ýardam berýändigini bellemek möhümdir. Olaryň ornaşdyrylmagy diňe bir etrabyň çäginde däl, eýsem, tutuş sebitiň möçberinde uly ähmiýetli wakadyr. Tehniki we tehnologiki täzelikler obada durmuş ulgamyndaky hünärmenleriň peýda bolmagy, ykjam hyzmatlaryň degişli ulgamynyň döredilmegi hem-de işgärleriň tehniki hünäriniň has-da kämilleşmegi üçin ajaýyp mümkinçilikleri açýar. Munuň özi oba ýaşlarynyň döwrebap inženerçilik hünärlerini we bilimlerini özleşdirmegine şert döreder.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, şeýle maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi sebit we tutuş ýurdumyzyň oba hojalygy üçin örän wajyp bolan maldarçylyk ýaly pudagy ösdürmäge kuwwatly itergi berýär. Şol taslamalarda bolsa tehnologiki, ykdysady we guramaçylyk çözügtleriniň sazlaşygy öz beýanyny tapýar.

Ýurdumyzyň obasenagat toplumynda hem-de azyk senagatynda ykdysadyýetimiziň hususy ulgamy eýeleýän ornuny has berkidýär. Döwlet Baştutanymyzyň ykdysady syýasatynda hususy önüm öndürijilere ýurdumyzda haryt bolçulygyny üpjün etmek, ilatymyz üçin täze iş orunlaryny döretmek, raýatlarymyzyň girdejilerini artdyrmak boýunça wezipeleri çözmekde möhüm orun berilýär. Bu strategiýa güýçli telekeçilik düzümlerini döretmäge, önümleriň dürli görnüşleriniň öndürilmegini höweslendirmäge, eýeçiligiň ähli görnüşleriniň kärhanalarynyň arasynda halal bäsdeşligi döretmäge gönükdirilen netijeli çäreleriň toplumyny kesgitläp, hususy işewürlere döredijilik başlangyçlary üçin giň mümkinçilikleri hödürleýär.

Hormatly Prezidentimiziň 2013-nji ýylyň mart aýynda gol çeken “Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakyndaky” Karary hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol resminama laýyklykda, daýhan birleşikleri, daýhan hojalyklary, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleri, mülkdarlar, kärendeçiler we oba hojalyk ylmy-barlag institutlary ygtyýarly banklardan ýeňillikli karzlary alyp bilýärler. Bu karzlar maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaýtadan işlemek we hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly maýa goýumlaryny maliýeleşdirmek, esasy serişdeleri we emläkleri satyn almak üçin ýyllyk 5 göterim bilen 10 ýyla çenli möhlete, şeýle hem oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny we abzallaryny hem-de suw tygşytlaýjy tehnikalary we beýleki enjamlary satyn almak üçin 1 göterim bilen berilýär.

Şu ýylyň ýanwar aýynda döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekdi, oňa laýyklykda, ýapylan Türkmenistanyň Maldarçylyk paýdarlar jemgyýetleriniň “Türkmenmallary” assosiasiýasynyň garamagyndaky Lebap we Mary welaýatlaryndaky daýhan birleşikleri we paýdarlar jemgyýetleri tarapyndan şahsy taraplara kärendesine berlen we şahsy kömekçi hojalyklarda idedilýän 39 müň 127 baş gara mal degişlilikde olaryň hususy eýeçiligine bellenen tertipde muzdsuz berildi.

2011—2015-nji ýyllar üçin Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň döwlet maksatnamasynda hem-de 2013- 2016-njy ýyllar üçin Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň döwlet maksatnamasynda hususy işewürlik üçin köpsanly ýeňillikler göz öňünde tutulýar. Şu ýylyň başynda döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi maliýe taýdan goldamak hakyndaky” Karara gol çekendigini bellemelidiris. Şu resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankyna kiçi we orta telekeçiligi maliýe taýdan goldamak maksady bilen 300 million manat möçberdäki serişdeleri “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankyna göterimsiz 10 ýyl möhlet bilen karz bermek tabşyryldy. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi “Rysgal” banky arkaly maldarçylygy, guşçulygy ösdürmek, oba hojalyk, azyk we senagat önümlerini öndürmek we gaýtadan işlemek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek üçin ýylda 1 göterimden ýokary bolmadyk şertde karz almaga mümkinçilik aldy.

Türkmen telekeçiliginiň okgunly ösýändigine şu aşakdaky görkezijiler hem şaýatlyk edýär. 2013-nji ýylyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalary tarapyndan öndürilen oba hojalyk we azyk önümleriniň möçberi 2008-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende 9 esse artdy, şu ýylyň alty aýynda bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 145 göterime barabar boldy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bazary azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmekde bitiren işlerini has aýdyň äşgär etmek üçin birnäçe sanlary görkezmek bolar. Eger 2008-nji ýylda ýurdumyzda etiň öndürilen möçberi 155,6 tonna barabar bolan bolsa, 2013-nji ýylda 2074,6 tonna ýetdi. Ösüş 13 esseden-de gowrakdyr! Şu döwürde jüýje etiniň öndürilýän möçberi 5 esse (1267 tonnadan 6359 tonna çenli), süýt we süýt önümleriniň möçberi 57 esse (328 tonnadan 18 müň 764 tonna çenli) artdy. Alty ýyl mundan ozalka garanyňda, şöhlat önümleriniň we ýumurtganyň öndürilýän möçberi 10 esse köpeldi. Süýji önümleriniň işlenip çykarylýan möçberi 6 esse, alkogolsyz içgileriňky bolsa 75 essä golaý artdy!

Bu ulgamyň meşhur hususy kärhanalarynyň arasynda döwrebap “Guş toplumy” guşçulyk toplumy, ýumurtga öndürýän “Hoşzaman” fabrigi, eti gaýtadan işleýän “Bereketli” zawody, süýji önümlerini öndürýän “Hasar”, “Bars”, “Misgär” we “Oguzhan” hojalyk jemgyýetleri, çörek önümlerini öndürýän, “Tomus” we “Täze aý” bölümleri, “Elin” görnüşli süýt önümlerini öndürmek boýunça kärhana, şireli içgileri çykarýan “Joş”, buzgaýmak öndürýän “Salkyn” kärhanalary bar. Olaryň öndürýän önümleri daşary ýurtlaryň önümleri bilen bäsleşmäge ukyplydyr.

Golaýda, 25-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynda ýene-de bir iri maldarçylyk toplumy açyldy. Bu toplum ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Sahabatly” hojalyk jemgyýeti tarapyndan Ahal welaýatynyň Derweze etrabynyň “Abadan” daýhan birleşiginiň çäginde guruldy. Onuň önümçilik kuwwaty ýylda 2 müň tonna süýt we süýt önümlerine, şeýle hem 30 tonna et önümçiligine barabardyr. Täze desganyň gurluşygy üçin 9 gektar ýer bölünip berildi. Şeýle hem onuň ygtyýarynda ot-iýmlik ekinleri ýetişdirmek üçin 400 gektar meýdan bar. Onuň 308,5 gektaryna ýorunja, mekgejöwen we arpa ekildi. Aýratyn meýdanda bolsa hojalygyň geçileri üçin ot-iýmlik ekinler ýetişdirilýär.

Toplumda gara mallaryň 500-e golaýy, şol sanda “Holstein – türkmen” we “Montbeliarde” ýaly saýlama görnüşleri bar. Olaryň 200-si sagylýan sygyrlardyr. Sagylýan sygyrlaryň her biri günde 30 – 35 litr süýt berýär. Bu ýerde sygyrlaryň we göleleriň göwnejaý saklanmagy üçin ähli amatly şertler döredilipdir. Sagym işi häzirki zaman mehanizmleşdirilen sagym ulgamynyň kömegi bilen berjaý edilýär. Şeýle hem bu ýerde günde 5 tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen önümçilik bölümi hereket edýär. Geljekde onuň kuwwatyny 20-25 tonna ýetirmek meýilleşdirilýär. Onda süýt önümleriniň 16 görnüşi öndürilýär. Toplumda döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen barlaghana-da göz öňünde tutuldy.

Täze maldarçylyk toplumynda 2 müň dowar hem saklanýar. Hususan-da, bu ýerde Täjigistanda ösdürilip ýetişdirilen gissar tohumdaky dowarlar bar. Olar özüniň ýokary agramlylygy bilen tapawutlanýarlar. Şeýle hem bu ýerde gadymy ata-babalarymyzyň kemala getiren saryja tohumdaky goýunlaryň bardygyny bellemelidiris. Toplumda “Zaanen” şweýsar tohumyndaky geçileriň 260-dan gowragy bar. Bu geçiler süýt berýän mallaryň arasynda iň naýbaşylary hasaplanylýar. Olaryň süýdüniň ýokumlylyk derejesiniň ýokary bolmagy bu geçileriň bütin dünýä ýaýramagynyň esasy sebäbidir. Bu ýerde ýylda jemi 300 tonna geçi süýdi öndüriler.

Bu ýerde öndürilýän önümler eýýäm alyjylaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Şol önümleriň hatarynda süýt, peýnir, gatyk, aýran, gaýmak, gurt, çekize we beýleki önümler bar. Peýnirleriň 4 görnüşiniň sygyr süýdünden, iki görnüşiniň bolsa geçi süýdünden taýýarlanylýandygy bellärliklidir. Türkmenistanda ilkinji gezek senagat möçberinde saýlama geçi peýnirleriniň, şol sanda ýagsyz peýniriň we 30 göterim ýagly peýniriň, pasterizirlenen geçi süýdüniň önümçiligi ýola goýuldy.

Şol gün Derweze etrabynda ýokumly goşundylar bilen baýlaşdyrylan iýmleri öndürýän kärhananyň dabaraly açylyşy boldy. Hormatly Prezidentimiziň 2012-nji ýylyň 6-njy ýanwaryndaky “Ahal welaýatynyň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlary hakyndaky” Kararyna laýyklykda bina edilen täze desga 2 gektar meýdany eýeleýär. Gurluşyk işleri hususy kärhana tarapyndan döwletimiziň ýeňillikli karz serişdeleriniň hasabyna amala aşyryldy.

Täze kärhananyň önümçilik kuwwaty ýylda 30 müň tonna barabardyr. Bu döwrebap desgada Hytaý Halk Respublikasynyň “MUÝANG” kompaniýasynyň döwrebap enjamy oturdyldy. Bu kärhanada gara mallar, dowarlar we guşlar üçin niýetlenen ýokumly iýmleriň üç görnüşi öndürilýär. Bu ýerde Türkmenistanda ilkinji gezek “Logolo” görnüşli iým düzüminiň ýokumly maddalar bilen baýlaşdyrylan iým garyndysyny öndürmek ýola goýuldy. Şeýle hem täze kärhanada 60 iş ornunyň döredilendigini bellemelidiris.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 7-nji iýulda bolan giňişleýin mejlisiniň braşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş edip, oba hojalyk toplumynda kabul edilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilişiniň depginlerini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz maksatnamalaýyn çykyşynda maldarçylyk pudagyny ösdürmäge, ýurdumyzyň her bir etrabynda täze döwrebap maldarçylyk toplumlaryny gurmaga aýratyn üns bermegiň wajypdygyny nygtady.

Hökümetiň şol mejlisiniň barşynda döwlet Baştutanymyz ýene-de bir möhüm karara gol çekdi. Bu döwletli kararda “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň hasabynda duran, ulanyş möhleti geçen we hasapdan öçürmäge degişli bolan oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň şol edara- kärhanalaryň hasabyna dikeldilmegi ykdysady taýdan maksada laýyk bolmadyklaryny öz hasabyna dikeldip işletmäge isleg bildirýän kärendeçilere, daýhan hojalyklaryna, mülkdarlara we köp ýyl iş tejribesi bolan mehanizatorlara muzdsuz bermek göz öňünde tutuldy. Şeýle hem resminama laýyklykda,Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankyna önüm öndürijilere muzdsuz berlen oba hojalyk tehnikalaryna we gurallaryna ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak üçin ýyllyk 1 göterim bilen 3 ýyla çenli ýeňillikli karzlary bermäge ygtyýar berildi.

Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň we azyk senagatynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça wezipeleriň toplumlaýyn çözülýändigini ýene-de bir gezek nygtamalydyrys. Ýer serişdelerini ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, ekin meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, oba hojalyk önümçiligini diwersifikasiýalaşdyrmak ugrunda anyk çäreler görülýär.Toprak – howa şertleri babatda has amatly bolan sebitlerde – Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyry ösdürilip ýetişdirilýär. Welaýatlaryň her birinde bakja we gök önümleri, bag hem-de üzümçilik üçin meýdanlar bölünip berilýär. Bir söz bilen aýdylanda, azyk ulgamynyň ähli ugurlarynyň binýady berkidilýär, şunuň bilen baglylykda, onuň ähli pudaklary okgunly ösdürilýär.

Ýakyn geljekde Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda kuwwatlylygy ýylda 8 million ýumurtga barabar bolan guşçulyk toplumy işe giriziler. Ýylda 8 million ýumurtga we 1 müň tonna guş eti öndüriljek şeýle toplum Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda hem gurulýar. Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň buýurmasy boýunça Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda gök önümleri ýetişdirmek üçin 10 gektar meýdanda ýerleşjek ýyladyşhanasy, taýýar önümler saklanylýan ammarlary we gaplaýyş bölümi bolan döwrebap toplumyň, Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrapda bolsa ýylda 30 müň tonna şalyny arassalamaga we işläp taýýarlamaga niýetlenen döwrebap kärhananyň gurluşygyna girişildi.

Hazar sebitinde hem bu babatda iri möçberli taslama durmuşa geçiriler. Deňziň kenarynda dürli balyk önümlerini, şol sanda kakadylan, guradylan we duzlanan balyklary, balyk konserwalaryny öndürýän önümçilik toplumy gurlar. Pudagyň örän ähmiýetli ugurlarynyň biri bolan balykçylyk hem okgunly ösdürilýär. Emeli suw howdanlarynda zagara, tüňňimaňlaý we ak amur ýaly balyklaryň gymmatly görnüşleri ýetişdirilýär. Ýurdumyzda şol suw howdanlary eýýäm ýüzlerçe gektar meýdany eýeleýär. Iki ýyl mundan ozal Ahal welaýatynda Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetiniň buýurmasy boýunça gurlan balygy ýetişdirmek we gaýtadan işlemek boýunça önümçilik toplumy ulanmaga berildi.

Şunuň bilen bir hatarda, hyzmat ediş ulgamyna we söwdany ösdürmäge iri maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Aşgabatda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlan, döwrebap söwda enjamlary bilen üpjün edilen köpsanly häzirki zaman söwda merkezleri, dükanlar, bazarlar, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary ilatymyza we daşary ýurtly myhmanlara edilýän hyzmatlaryň hilini yzygidlerli ýokarlandyrýarlar. Mähriban Diýarymyza daşary ýurtlardan gelýän myhmanlaryň sany bolsa ýylsaýyn artýar.

Umuman, bularyň ählisi milli Liderimiziň başyny başlan ykbalçözüji we düýpli özgertmelerini üstünlikli amala aşyrmagyň ýolundaky anyk ädimlerdir. Şol özgertmeleriň esasy maksady ata Watanymyzy gülläp ösýän döwlete öwürmekden ybaratdyr. Ýurdumyzda bolsa raýatlarymyzyň oňat ýaşamagy hem-de zähmet çekmegi, halkymyzyň döredijilik kuwwatyndan doly peýdalanylmagy üçin ähli amatly şertler döredilendir.