Ï Türkmenistanyň ykdysadyýeti: gazanylan üstünlikler we esasy ugurlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ykdysadyýeti: gazanylan üstünlikler we esasy ugurlar

view-icon 9062
Özgertmeler ugrunyň netijeliligi ýurduň şu ýylyň birinji ýarymynda gazanan üetünlikleri görkezýär. Şeýlelkide, şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda ýyl boýunça deňeşdirilende Türkmenistanyň jemi içerki önümi 110,3% ösdi. Milli ykdysadyýetiň emele gelmegine bolsa senagat, gurluşyk we hyzmatlar ulgamy mynasyp goşant goşdular. Olaryň paýy degişlilikde JIÖ 48,8%, 16,1% we 16,4% boldy.

Türkmenistanyň JIÖ senagat özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Umuman öndürilen önüm ýyl boýunça deňeşdirilende 113,5% boldy. Şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda ösüş depgini magdan däl gurluşyk önümleriniň öndürilişi boýunça ýyl boýunça deňeşdirilende 131%, nebit bitumy – 125,3%, mineral dökünleri – 121%, sement -117%, nah matalaryň öndürilişi 115,8%, çalgy ýaglary – 114,8% boldy. Tebigy gazyň gazylyp alynşy 112%, elektrik energiýasynyň öndürilişi bolsa – 111,7% boldy.

Nebitgaz bölegi esasy toplum bolup durýar. Bu ýerde “Türkmenistanyň nebit senegatyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Maksatnamasyny” amala aşyrmagyň çäklerinde hasabat döwründe kuwwatlylygy ýylda 9 mlr kubmetr bolan “Bagtyýarlyk”harytlyk gazy aýtadan işleýän zawodyň ikinjisi ulanmaga berildi. Bu “mawy ýangyjyň” daşary ýurtlar ugradylmagynyň möçberini artdyrmaga düýpli täsirini ýetirer. Bir wagtyň özünde ýylda 30 mlrd kubmetr harytlyk gazy gaýtadan işlemäge niýetlenen “Galkynyş” gaz ýatagyny senagat taýdan özleşdirmegiň iki nobatdakysynyň desgalar toplumynyň gurluşygyna başlandy. Şeýle hem Balkan welaýatynda Gyýanlynyň golaýynda polipropileni we polietileni öndürýän häzirki zaman gazhimiýa toplumynyň düýbi tutuldy.

Pudagyň gurluşygynyň çalt depginler bilen ösdürilmegi häzirki zaman infrastrukturany, senagat toplumlaryny we durmuş-medeni ähmiýetli desgalaryny emele getirýän milli esasy ugurlar we esasy maýa goýuma maýa goýumlaryň möçberiniň ep-esli artdyrylmagy bilen şertlendirilendir. 2014-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberi geçen ýylyň degişli dňwri bilen deňeşdirilende 108,3% artdy. Şunlukda JIÖ bolan görkezijiniň gatnaşygy 43% golaý derejede saklanýar.

Ýurtda ýylba-ýyl dürli ähmiýetli desgalaryň köp ýüzlerçesi üçin ABŞ-niň onlarça milliard dollary özleşdirilýär. Şu ýyl bahasy ABŞ-niň 9 milliard dollaryny özleşdirmek wezipesi öňde durýar. Diňe “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplaryň şäherleriniň we etrap merkezleriniň 2020-nji ýyla çenli durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça milli maksatsatnamanyň” çäklerinde häzirki wagtda 421 desgada işler alnyp barylýar. Şu ýylyň birinji ýarymynda durmuş ähmiýetli binalaryň 42, 178 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýynyň, 1427 km suw geçirijileriniň, 272 km-den gowrak ulag ýollarynyň, 597 km töweregi gaz geçirijileriniň, 1907 km elektrik geçirijileriň. 1170 km aragatnaşyk liniýalarynyň gurluşygy tamamlandy. Şeýle hem welaýatlaryň ählisinde suw arassalaýjy we onuň bilen ugurdaş desgalary gurmak we ulanyşa bermek işleri alnyp barylýar

Şunlukda ýurduň gurluşyk toplumy diňe bir içerki zerurlyklary üpjün etmän, eýsem ýuwaş-ýuwaşdan sebit bazaryna çykmaklygy üpjün etmek bilen, hemmetaraplaýyn bäsdeşlik esasynda iň öňdebaryjy gurluşyk hyzmatlaryny etmelidir. Şeýle hem bir wagtyň özünde daşary ýurtlardan getirilýän harytlary azaltmaga gönükdirilen gurluşyk önümleriniň senagaty ösdürilmelidir, ýurduň gurluşyk toplumynyň sebit bazarlaryna çykmagynda bolsa - ýerli çig mal binýadyndan taýýarlanan gurluşyk önümleriniň daşary ýurtlara iberilmegi artdyrylmalydyr.

Pudaklaýyn esasy möhüm ugurlaryň biri hem ykdysadyýetiň ulag-kommunikasion bölegi bolup durýar. Türkmenbaşy-Farap, Aşabat-Daşoguz, Türkmenbaşy-Garabogaz-Gazagystanyň serhedi, Türkmenabat-Gazojak-Daşoguz, Mary-Serhetabat ulag ýollary tapgyrlaýyn döwrebaplaşdyrylýar we gurulýar. Şu ýylyň güýz paslynda – Demirgazyl-Günorta iri demir ýolunyň taslamasy ulanylmaga berler. Ol oňaýly üstaşyr ulag geçelgesini üpjün eder, Gazagystany, Türkmenistany, Eýrany birleşdirer. Türkmenbaşy deňiz portuny ösdürmäge uly möçberde serişdeler goýulýar. Ýurduň ähli sebitlerinde howa ulagynyň gurluşy kämilleşdirilýär, häzirki zaman howa menzilleri ulanylmaga berildi, birnäçesiniň gurluşygy täzeden alnyp barylýar.

Şeýle hem pudagyň öňünde goýlan wezipeler ykdysadyýetiň ýokary hilli ösmegine itergi berer. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi fransiýanyň potratçy-kompaniýasy bilen hemrany döretmek we ony ýer üstünden dolsndyrmak boýunça bilelikde iş alyp barýar. Şeýle hem pudak üçin kommunikasion tehnologiýalaryň çaltlandyrylan depginde ösdürilmegi, ilkinji nobatda, ykjam aragatnaşygy we Inernet toruna girmegi giňeltmek esasy ugur bolup durýar.

Şeýle hem JIÖ ösdürilmegi barha giňeýän içerki we daşarky talap edijilik, maýa goýumyň işjeňligi bolup durýar. Ilatyň zähmet haklary yzygiderli ösdürilýär, 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bolsa ol 10% artdyrylar. 2014-nji ýylyň alty aýynyň jemleri boýunça bölek haryt dolanyşygy 118,3% boldy. Daşary söwda dolanyşygynyň görkezijileri hem daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň durnukly üpjün edilmegi netijesinde bu ugurda üstünlikleriň gaznylýandygyny görkezýär.

Maýa goýumlarynyň JIÖ bolan gatnaşygy durnukly ösüş görkezijisinde 43% derejesinde bolýar. Döwlet tarapyndan bildirilýän talap Döwlet býujetiniň epe-esli çykdajysy döwlet maksatnamasyny ösdürmek we durmuş çykdajylarynyň artykamçlygy bilen häsiýetlendirilýär. Şunlukda Döwlet býujetiniň profisit bölegi ilkinji derejeli döwlet ösüş maksatnamalary, döwlet we husuy taslamalar we beýlekiler ýylba-ýyl Türkmenistanyň Döwlet ösüş banky arkaly maliýeleşdirilýär.

Umuman birinji ýarym ýylda Döwlet býujetiniň girdejiler bölegi 117,4%, çykdajylar bölegi bolsa 97 göterm ýerine ýetirldi. Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň umumy möçberiniň 82,6 göterimi durmuş maksatly ulgama gönükdirildi. Şeýle hem geçen döwürde ýerli býujetler girdejiler boýunça 110,9 göterim, çykdajylar boýunça 96,8 göterim ýerine ýetirildi.

Ykdysadyýetiň döwlete degişli däl bölegi hem üns berilmegine munasypdyr. 2020-nji ýyla çenli döwlete degişli däl bölegiň paýyna ykdysadyýetiň JIÖ 70 göterim töweregi düşmeli. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) maglumatlaryna görä, şu ýylyň birinji ýarymynda senagat önümleriniň öndürilişi 133 göterim bolup, ol 2,5 esseden hem köp boldy. Gurluşyk-gurnama işleriniň ýerine ýetirilen möçberi 2 esseden hem köp boldy, ilata edilen hyzmatlar 2,3 esse, haryt dolanyşygy – 2,5 esse ardy. Döwlete degişli däl bölegiň çalt depginler bilen ösdürilmegi onuň hem JIÖ, şeýle hem durmuş ähmiýetli maýa goýumlaryna kem-kemden artmagyny giňelder.

Köp maksatly özgertmeler döwletiň iri bazarlarda doly görnüşli bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Munuň üçin ähli mümkinçilikler – hukuk üpjünçiligi, döwlet goldawy, ähli ýerlerde öňdebaryjy çelgiler ulanylýar, maliýeleşdirmek we beýlekiler döredilýär.