Ï Awaza festiwala taýýarlyk görýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Awaza festiwala taýýarlyk görýär

view-icon 801
“Tireler gardaşdyr, urug ýarydyr” beýik Magtymguly Pyragynyň bu ganatly sözleri asyrlar geçse-de biziň ýurdumyzda geçirilýän halkara festiwallaryna, maslahatlaryna, sport we intellektual bäsleşiklerine dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelýän gatnaşyjylary bir ýere jemleýär.

Şu günler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 6-8-nji awgustda geçiriljek zehinli çagalaryň «Awaza – dostluk mekany» adfy bilen 5-nji Halkara festiwalyna işjeň taýýarlyk görülýär. Her ýylda geçirilýän bu festiwaly guraýjy Türkmenistanyň Bilim ministrliginden habar berişleri ýaly, Türkiýeden, Russiýa Federasiýasyndan, Hytaýdan, Özbegistandan, Bolgariýadan, Rumyniýadan onlarça çagalar wekilýetiniň gelmegine garaşylýar.


Däp bolşy ýaly, ýaş zehinliler bilen ilkinji duşuşyk paýtagtda geçiriler, biziň myhmanlarymyz ondan Gökderä ugrarlar. Olar bu ýerde – iň häzirki zaman çagalar sagaldyş merkezleriniň birinde iki gün dynç alanlaryndan soňra Türkmenbaşy şäherine ugrarlar. Çagalar üçin ýurduň baş şäherine, onuň iň owadan we täsin ýerlerine bilesigeljilik syýahatçylygy göz öňünde tutlýan gyzykly maksatnama meýilleşdirildi.

Elbetde, tebigatyň ajaýyp künjeginde – Gökderede ýerleşýän sagaldyş merkezlerinde «Dostluk agşamlary», «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek aýdym-sazly dostluk felstiwalynyň öň ýüzündäki ýaş sazandarlaryň, tansçylaryň we aýdymçylaryň türgenleşigi geçiriler.

Çagalar festiwalynyň yzysüre bu ýerde «Awaza-2014» aýdym-saz we folklor festiwaly geçiriler, sentýabr aýynda bolsa, Hazaryň kenary ýene-de dünýäniň dürli ýurtlaryndan çagalary garşy alar. Bu ýerde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlarynyň mekdep medeni-sport festiwaly bolup geçer. Türkmenistanyň Sport we Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetleri, Türkmenistanyň Bilim we Medeiýet ministrlikleri, şeýle hem Mekdep sportunyň bütinrussiýa federasiýasy bu örän uly halkara bäsleşiginiň guraýjylary bolup çykyş edýärler.