Ï Ak bugdaýyň ajaýyp muzeýi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ak bugdaýyň ajaýyp muzeýi

view-icon 1622
Paýtagtdan birnäçe kilometrlikde, ekin ekilýän meýdanlaryň we üzümlikleriň arasynda, Köpetdaga tarap uzaklara uzap gidýän baýyrlaryň arasynda, ýoluň gapdalynda iki säany meşhur depe ýerleşýär. Olar bu ýerde arheolog R.Pampelliniň ýolbaşçylygynda geçirilen gazuw-agtaryş işleri netijesinde köp sanly artefaktlaryň arasynda bu gadymy toprakda ýaşan adamlaryň adamzadyň taryhyda ilkinji sapar bugdaý we arpa ösdürilip ýetişdirlemdigine, ak bugdaýdan çörek bişirilendigine şaýatlyk edýän zatlaryň tapylandygy bilen meşhurdyr.


Şol wagtlarda ekspedisiýanyň bu netijeleri ylmy dünýäsi üçin haýran galdyryjy waka bolýar, ylmy dolanşyga bolsa “Änew medeniýeti” girizildi. Häzirki wagtda bäş müň ýyllyk taryhly bugdaý däneleri, Anew depeleriniň günortasynda saklanyp galan we 110 ýyl mundan ozal – 1904-nji ýylda ýüze çykarylan bugdaý dänejikleri “Ak bugdaý” Milli muzeýiniň ekspozisiýasynda saklanylýar.

Bu muzeý türkmen halkynyň pederlerimiziň ruhy däp-dessurlaryna ygrarlydygynynyň şanyna öwrüldi. Biziň ýurdumyzyň köp sanly myhmanlary Köpetdagyň eteklerinde ekerançylygyň nähili dörändigi we ösdürilendigi barada gürrüň berýän bu ajaýyp eksponatlary öz gözleri bilen görmek üçin bu ýere gelip görmäge çalyşýarlar.


Şeýle eksponatlaryň arasynda daşdan ýasalan däne owradyjy (b.e.ö II m.ý.), el daş degirmeni (b.e.ö. III-II m.ý), künjiden ýag almak üçin ýag ýaýýan we beýleki ilkinji ekerançylykda ulanylan zatlar bar.

Muzeýiň kolleksiýalarynda ýokary hasyllylyga we topragyň bol hasylly bolmagy üçin sygynan hasyl hudaýy heýkeljigine (Namazga depe, b.e.ö. IV müň ý.) aýratyn orun degişlidir. Heýkeljik örän kiçi görnüşde bolup, ol oturan zenany şekillendirýär, onuň gözleri bugdaý şekillerini ýatladýar, saçlary bugdaý dessesinden örülen ýaly bolup görünýär, beýlekiler – ýagyş damjasynyň ýa-da ýyldyrymyň hassyllylygy bilen bagly heýkeljikleridir. Bu heýkeljikler ekerançylaryň ýaşaýan jaýlarynda hormatly ýerlerinde goiýlupdyr.


Bürünç kätmen (b.e.ö. II müň.ý), peýkamyň ujy, bürünç pyçak (b.e.ö III-II müň.ý), monohrom we ýarymhrom bilen çekilen suratly üstünden nüňlerçe ýyl geçen keramika gap-gaçlarynyň bölekleri bu ýere gelýänlerde hakyky gyzyklanmany döredýär. Muzeýde saklanýan keramiki önümler – uly humdan, küýzeden, golçadan, çal üçin niýetlenen küýzeden hojalyk ähmiýetli ownuk gap-gaçlardan, şeýle hem atyr we derman önümlerini guýmak üçin niýetlenen ýörite gaplardan ybaratdyr. El işleri we küýzegärler tarapyndan taýýarlanan suratsyz keramiki önümler hem bardyr.


ХIХ – ХХ asyrlaryň zähmet gurallary we öý goş-golamlary ekspozisiýany dowam etdirýär. Olar ýerdemirden,, mis çäýneklerden, kumganlardan, samowarlardan, gyrkylykdan, demirçi ussalaryň we zergärleriň zähmet gurallaryndan, dokma stanogyň böleklerinden we beýlekilerden ybaratdyr. Olar taryhçylarda, arheologlarda uly gyzyklanma döredýär. Bugdaýyň görnüşleri boýunça hazirki zaman seçgiçileriniň gazananlaryny görkezýän bugdaý bogdaklary muzeý ýygyndysyna logiki taýdan goşmaça bolup durýar.