Ï Türkmenistan-Türkiýe: bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze tapgyry
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-Türkiýe: bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

view-icon 8153
Ozal habar berlişi ýaly, geçen hepdede “Bilim babatda hyzmatdaşlyk hakynda” Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda hökümetara ylalaşygyna gol çekildi, munuň özi bu ulgamda iki ýurduň däp bolan gatnaşyklarynyň täze derejä çykmagyna beslendi.

Bu wakanyň aýratynlygy 15-nji awgustda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda bolan Ylalaşyga gol çekmek dabarasynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň saýlanan Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogandan wezipä girişmegine çakylygy gowşurmak üçin Türkmenistana gelen Türkiýäniň bilim ministri Nabi Awjynyň saparynyň çäklerinde bolup geçendigi bilen baglydyr.

Türkiýede geçirilen Prezident saýlawlaryndan soň ilkinji hökümetara resminamanyň bilim babatda ylalaşyk bolandygy nusga alarlyklydyr. Hut bu ugur iki döwletiň gatnaşyklarynda geljegi kesgitleýän ugur hasaplanýar, çünki bilim ulgamyndaky aragatnaşyklaryň işjeňligi taraplaryň uzak möhletli ýakyndan gatnaşyk etmegi, onuň düýpli ugurlaryny we iş ýüzündäki netijeliligini şertlendirýän strategiki hyzmatdaşlygyň düýpli özeni bolup durýan mäkäm gatnaşyklary kemala getirmegi maksat edinýändiginiň nyşany bolup hyzmat edýär.

Bilim ulgamy -- munuň özi, ilkinji nobatda, ýaşlar syýasatydyr, ertirki günüň aladasydyr, häzirki wagtda olaryň mundan beýläkki ykbalynyň biziň tagallalarymyza baglydygyna düşünip, çagalarymyz, halkymyz, Watanymyz üçin nurana geljegi açmak baradaky baş ugry kesgitlemegimizdir. Döwletara gatnaşyklarynda möhüm orny eýeleýän bilim babatdaky işjeň alyş-çalyş halklarymyzy, nesillerimizi we şu günümizi geljek bilen baglanyşdyrýan köprüdir. Bu babatda hyzmatdaşlygyň mazmuny baý boldugyça, ol has giň mümkinçilikleri özünde jemleýär.

Beýleki bir tarapdan bolsa, bu ulgamda halkara gatnaşyklary milli bilim ulgamyny ösdürmegiň usullaryny kämilleşdirmäge, hilini we bäsdeşlige ukyplydygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Şu nukdaýnazardan, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow öz ýöredýän syýasatynda bilim özgertmelerine innowasion häsiýet bermek arkaly, ösüp gelýän ýaş nesli okatmagyň, terbiýelemegiň hem-de hünärmenleri taýýarlamagyň barşynda iň oňat dünýä tejribesini we öňdebaryjy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmakdan ugur alyp, has öňdengörüjiligi we ýokary jogapkärçiligi görkezýär. Milli Liderimiz bilim babatda halkara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn giňeltmek maksady bilen bu ulgamyň ýokary tehnologiýa we ylmy köp talap edýän ugurlaryna ünsi çekip, bu meseläni beýleki döwletleriň we hökümetleriň ýolbaşçylary bilen duşuşyklaryň gün tertibine girizýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda döwrebap tehnologiýalara erk edýän ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň ýokary okuw mekdep ulgamy döredilýär. Türkmenistan täzeçil tejribäni peýdalanmaga çalyşýar, öz hünärmenlerini daşary ýurtlara iberýär, dünýä meýillerini öwrenmek hem-de döwür bilen aýakdaş gitmek üçin ýurdumyza daşary ýurtly kärdeşlerini çagyrýar diýip, milli Liderimiz nygtap geçýär.

Bu babatda Türkiýe ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýaş türkmenistanlylaryň müňlerçesi Türkiýe Respublikasynda bilim aldy we häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýär. Bu gün ýaşlarymyzyň ýüzlerçesi bu ýurduň esasy ýokary okuw mekdeplerinde okaýar. Ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky hökümetara türkmen-türk toparynyň şu ýylyň iýunynda bolan mejlisinde beýleki meseleleriň hatarynda, ylmy-bilim gatnaşyklaryny ösdürmegiň geljegi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu maksat bilen “Türkiýe, talyp haklary” taslamasynyň çäklerinde türkmen ýaşlary üçin türk tarapyndan talyp orunlarynyň sanyny artdyrmagyň usulyny işläp taýýarlamak bellenildi.

Aşgabatdaky Halkara türkmen-türk uniwersitetinde türkmen hem-de türk mugallymlary we hünärmenleri netijeli hem-de agzybir zähmet çekýärler, olar ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmäge, täze sepgitlere ýetirmäge mynasyp goşant goşýarlar.

Bu halkara ýokary okuw mekdebiniň işlän ýyllarynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda, şol sanda ylmy-bilim ulgamynyň edaralarynda ýokary hünärli hünärmenleriň ýüzlerçesi taýýarlanyldy. Häzirki wagtda Aşgabatda Halkara türkmen-türk uniwersiteti üçin täze binalar toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu uniwersitetiň binýadynda bilelikdäki türkmen-türk bilermenler toparyny döretmegi teklip etdi, onuň işi esasan ylmy we tehnologiýalary ösdürmegiň meselelerini öwrenmek boýunça täze taslamalary işläp taýýarlamakdan, bilelikdäki ylmy-barlag işlerini, maslahatlary geçirmekden, döwürleýin ylmy neşirleri çykarmakdan ybarat bolar. 3 müň talyp üçin niýetlenilen ýokary okuw mekdep şäherçesini eýýäm bir ýyldan soň gurmak bellenildi. Şonuň ýanynda türkmen-türk mekdebi hem gurlar. Munuň özi biziň gatnaşyklarymyzyň uly geljeginiň bardygyny aňladýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýäniň bilim ministri Nabi Awjy bilen 15-nji awgustda bolan duşuşygynda hem bu barada gürrüň boldy. Bilim ulgamynda gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda milli Liderimiz we myhman gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşygyň bilelikdäki iri taslamalaryň çäklerinde alnyp barylýan bir maksada gönükdirilen iş bilen birlikde, türkmen-türk gatnaşyklaryny okgunly ösdürmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler, şol gatnaşyklary kämilleşdirmäge iki ýurtda hem ilkinji derejeli ähmiýet berilýär. Tejribe alyşmagyň we hünärmenleriň tälim almagyny dowam etdirmegiň, Türkmenistanyň we Türkiýäniň esasy bilim hem-de ylmy-barlag merkezleriniň arasynda göni aragatnaşyklary ýola goýmagyň möhümdigi aýratyn nygtalyp geçildi.

Türkmenistanyň Prezidentimiziň Türkiýäniň bilim ministrini kabul etmegi esasy türk maglumatlar agentlikleriniň we internet neşirleriniň ählisi tarapyndan giňden beýan edildi, olar özara bähbitli gatnaşyklaryň uly geljeginiň girewi hökmünde bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky täze ikitaraplaýyn Ylalaşygyň ähmiýetini nygtadylar.

Şu ýyl Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli guralan çäre gumanitar ulgamda türkmen-türk gatnaşyklaryny giňeltmegiň ýene-de bir aýdyň ýüze çykmasy boldy, şol dabara Ankarada, beýik türkmen şahyrynyň ýadygärliginiň öňünde, “Türkmenistan” seýilgähinde guraldy. Mundan başga hem Stambulda, Türkiýäniň iri halkara ýokary okuw mekdebi bolan Fatih uniwersitetinde Magtymguly Pyraga başyşlanylan ylmy maslahat geçirildi, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şol ýokary okuw mekdebiniň hormatly doktorydyr.

Bu çäreler türkmen we türk halklarynyň arasyndaky gadymdan gelýän doganlyk gatnaşyklarynyň diňe bir olaryň medeni-taryhy kökleriniň ýakynlygy bilen däl, eýsem, täze taryhy eýýamda ruhy taýdan özara baýlaşmagyň däplerini hem-de döredijilik gatnaşyklaryny ösdürmek islegi esasynda hem guralýandygyna şaýatlyk edýär. Çünki şu günki gün gözbaşyny geçmişden, geljek bolsa şu günden alyp gaýdýar. Biz hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýurtlarymyzyň gülläp ösmegi üçin uly mümkinçilikleri görýäris.

Türkmen-türk gatnaşyklary däplere örän baýdyr. Şoňa görä-de, bilelikdäki tagallalar bilen, üstünlikli amala aşyrylan her bir iş täze bilelikdäki başlangyçlara badalga berýär. Türkmenistanyň we Türkiýäniň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy hem birnäçe tapgyrdan ybarat boldy. Şol tapgyrlar bolsa gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, ösüş babatda hil taýdan täze derejä çykmagy bilen baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda ösüşiň täze sepgitlerine ýetmek üçin täze mümkinçilikler döredi. Ylym we bilim ulgamlarynda yzygiderli tejribe alyşmagyň we ulgamlaýyn hyzmatdaşlygyň, ýokary okuw mekdepleriniň we beýleki bilim merkezleriniň derejesinde özara gatnaşyklaryň, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň gurallaryny döretmek onuň esasy many-mazmuny bolmalydyr.

Şeýle maksada okgunly ýakynlaşmak, ilkinji nobatda, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösmegi bilen şertlendirilendir. Türkiýe ýurdumyzyň esasy daşary ykdysady hyzmatdaşlarynyň hataryna girýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşynyň ähli ulgamlarynda amala aşyrylýan döwrebaplaşdyrmak işleri bolsa halk hojalygynyň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli hünärmenleriň taýýarlanmagyny talap edýär. Munuň özi ylym we bilim ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegi we çuňlaşdyrmagy ýakyn ýyllar üçin biziň esasy wezipelerimiziň hataryna çykarýar.

Milli ykdysadyýetleri döwrebaplaşdyrmak babatda Türkmenistanyň we Türkiýäniň maksatlarynyň köp babatda meňzeşdigini bellemelidiris. Ýurtlaryň ikisi hem maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmaga, içerki bazary diwersifikasiýalaşdyrmaga, innowasiýalary we eksport mümkinçiliklerini höweslendirmäge çalyşýar. Bu esasy çemeleşmeleriň ýakynlygy maýa goýum hyzmatdaşlygyny, özara söwda dolanyşygyny ösdürmek, önümçilik gatnaşyklarynyň täze netijeli usullaryny hem-de innowasion taslamalary, şol sanda bilim ugry boýunça möhüm taslamalary işläp taýýarlamak üçin oňat mümkinçilikleri döredýär.

Döwletiň ykdysady syýasatynyň esasy maksatlarynyň biri işewürligi ösdürmek üçin has oňaýly şertleri döretmekden ybaratdyr. Döwlet ýurduň ykdysady taýdan durnukly ösmegini üpjün etmäge ukyply telekeçilik işine uly gyzyklanma bildirýär. Işewürlik bolsa telekeçileriň netijeli işlemegi üçin amatly şertleri, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegi üçin oňaýly mümkinçilikleri döretmäge ukyply, durnukly hem-de ykdysady taýdan kuwwatly döwlete mätäçdir.

Türkmenistan özüniň bazar düzümini pugtalandyrmagyny dowam edip, ýaşaýyş jaý hem-de senagat gurluşygynyň maýa goýum özüne çekijiligini ýokarlandyrýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda dürli maksatly desgalar toplumlaýyn gurulýar—uly ýaşaýyş jaý toplumlary, dolandyryş merkezleri, sport we medeni şäherçeler, senagat zolaklary bina edilýär. Şoňa görä-de, Türkmenistan gurluşyk pudagy bilen ugurdaş ulgamlaryň ählisini, şol sanda gurluşyk we timarlaýyş serişdeler senagatyny, gurluşyk – binagärlik hünärleri boýunça ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagy maksadalaýyk ösdürýär.

Sebitleri özgertmegiň milli maksatnamasynyň çäklerinde her bir welaýatyň artykmaçlyklaryndan netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berýän ulgamlar – logistiki, tebigy, önümçilik, syýahatçylyk we beýleki ulgamlar peýda bolýar. Tutuş senagat parklary, täze obalar we şäherler döredilýär, obalarda durmuş ulgamy ösdürilýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan çig mal çykarýan we agrar ýurtdan innowasiýalar hem-de senagat önümçiligi ýurduna öwrülýär. Şoňa görä-de, ägirt uly meýilnamalaryň hem-de giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini üpjün etmäge ukyply işgärler kuwwatynyň döredilmegi bilen bagly wezipe öň hatara çykýar.

Hyzmatdaşlygyň iň wajyp ulgamlarynyň biri-de ýokary tehnologiýalar bilen baglydyr. Şu ýyl ýurdumyz ilkinji türkmen hemrasyny älem giňişligine çykarar. Diýmek, biziň älemdäki ylmy barlaglarymyz hem ösdüriler. Şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda Tehnologiýalar merkezi açyldy. Bu tehnoparkyň işi dürli ulgamlarda ýokary we innowasion tehnologiýalary işläp taýýarlamaga gönükdirilendir. Bularyň ählisi takyk inženeriýa, farmakologiýa we biotehnologiýa, maglumatlar tehnologiýalary, alternatiw energetika, telekommunikasiýalar we beýleki ulgamlarda özara gatnaşyklary ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynda we himiýa senagatynda durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýan täze iri maýa goýum taslamalarynyň tanyşdyrylyşy boýunça golaýda Awazada geçirilen çäräniň barşynda hormatly Prezidentimiziň bu ulgamlar üçin işgärleri taýýarlamak meselesine aýratyn ünsi çekendigini bellemelidiris. Mary welaýatynda ýurdumyzdaky ilkinji utgaşykly buggaz elektrik stansiýasyny gurmak baradaky taslamanyň giň möçberliligi bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz bu döwrebap desgada işlejek milli inžener-tehniki işgärleri, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamagyň wajypdygyny nygtady. “Jeneral Electric” kompaniýasynyň enjamlary ornaşdyrylan desgalara hyzmat edýän hünärmenleri okatmak boýunça şeýle merkezi Mary şäherinde, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň binýadynda döretmek bolar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Milli ykdysadyýetimiz üçin örän ähmiýetli bolan nobatdaky desgalaryň biriniň – Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürmäge niýetlenen zawodyň düýbüni tutmak dabarasynyň barşynda hem täze kärhanany dolandyrjak we oňa hyzmat etjek türkmen inženerleriniň hem-de tehniki işgärleriniň ýüzlerçesi üçin ýörite okuwlaryň guraljakdygy bellenildi. Bu kuwwatly kärhananyň düýbüni tutmak dabarasyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Syýahatçylyk ulgamy üçin işgärleri taýýarlamak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin hem uly mümkinçilikler bar. Türkmenistan 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmaga hem uly gyzyklanma bildirýär. Bu maýa goýumlary diňe bir aýry-aýry taslamalardan peýda getirmek bilen çäklenmän, eýsem, pudaklarda täze işleri ýola goýmaga hem ýardam etmelidir.

Bir söz bilen aýdylanda, Türkmenistanyň we Türkiýäniň geljek üçin meýilnamalary örän uludyr. Şol meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Biziň öňümizde köp ýollar açyldy. Ýöne şol ýollaryň ählisiniň maksady birdir. Bu maksat bolsa doganlyk halklaryň bähbitlerini we abadançylygyny üpjün etmekden, adamlaryň ýaşaýyş – durmuş derejesini has-da gowulandyrmakdan ybaratdyr. Sözüň doly manysynda bu biziň ýurtlarymyzyň milli ösüşiniň strategiýasynyň esasy maksadydyr.