Ozal habar berlişi ýaly, ýakynda bolan göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zaman aragatnaşyk ulgamlaryny, hususan-da, aerokosmiki tehnologiýalary peýdalanmagyň ykdysadyýeti, ylmy, bilimi, saglygy goraýşy we döwlet durmuşynyň beýleki ugurlaryny innowasion taýdan ösdürmäge çalyşýan Türkmenistan üçin örän möhüm ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Munuň üçin älem giňişligine milli emele hemramyzyň çykarylmagy giň mümkinçilikleri açýar.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň tabşyrmagy boýunça türkmen hünärmenleriniň wekiliýetiniň 30-njy iýuldan 5-nji awgust aralygynda Fransiýada iş saparynda bolandygyny belläp geçmeli, şol ýerde “Thales Alena Space” we “Space Systems International-Monaco S.A.M.” kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary hem-de gepleşikleri geçirdiler, olar bilen bilelikde milli hemrany döretmegiň taslamasy amala aşyrylýar, şeýle hem şol hemrany ýygnamak boýunça geçirilýän iş bilen jikme-jik tanyşdylar.
Häzirki wagtda zerur enjamlary we abzallary oturtmak tamamlandy hem-de hemranyň iş modullarynyň synagy geçirilýär. Şol bir wagtyň özünde operatorlary, tehniki işgärleri we beýleki hünärmenleri, ýagny Milli kosmos agentliginiň işgärlerini taýýarlamak alnyp barylýar, biziň ýurdumyzyň çäklerinden hemrany dolandyrmagy üpjün ederler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy ösdürmek boýunça iri möçberli maksatnamalary çözmek üçin öňdebaryjy älem tehnologiýalaryny peýdalanmak baradaky başlangyjy täze taryhy eýýamda geçirilýän özgertmeleriň giň topary bilen sazlaşykly utgaşýar.
Özümiziň köp maksatly älem gämimizi peýdalanmak oňat hilli we ygtybarly aragatnaşygy ýola goýmaga, ýaýlymlaryň sanyny artdyrmaga mümkinçilik bermek bilen bir hatarda, ykdysady taýdan peýdaly çäre hem bolup durýar, şol hemrany äleme uçurmak 2014-nji ýylyň ikinji ýarymynda bellenildi. Türkmenistanyň amatly ýerleşişi oňa ep-esli çäkleri gurşap alýan hemra bolan mahaly Ýewropanyň hem-de Aziýanyň ýaýlymlaryny alyp görkezmekde üstaşyr geçirýän ýurda öwrer.
Halkara ölçegleriniň ýokary derejesine laýyk gelýän hem-de maglumatlar arkaly gatnaşyk etmegiň hilini üpjün edýän aragatnaşygyň kämil telekommunikasion ulgamyny döretmek ýurdumyzyň dünýä bilelelişiginde abraýyny pugtalandyrmaga ýardam edýär we diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde möhüm baglanyşdyryjy halka hökmünde däl, eýsem, Gündogar bilen Günbataryň arasynda möhüm habar beriş—kommunikasion köpri hökmünde hem Türkmen döwletini mundan beýläk-de ösdürmegiň ugruny kesgitleýär.
Häzirki döwür ylmyň we tehnikanyň okgunly ösýän döwrüdir we bu gün jemgyýetiň durmuşyny telekommunikasiýasyz göz öňüne getirmek mümkin däldir. XXI asyr has çalt tizlikleriň we habarlaryň ägirt uly akymlarynyň eýýamydyr. Şonuň üçin hem telekommunikasion ulgamlar häzirki zaman maglumatlar giňişliginde öz ornuny barha işjeň eýeleýär.
Ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Türkmenistanda kabul edilen giň möçberli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi aragatnaşyk serişdelerini we elektron gatnaşyklary has-da kämilleşdirmek baradaky täze wezipeleri öňe sürýär. Tehnologiýalar ulgamynda edilýän dürli hyzmatlara isleg hem yzygiderli artýar. Biziň ýurdumyz ilatyň häzirki zaman kommunikasion ulgamlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak üçin ähli çäreleri görýär: telefon beketleriniň enjamlary döwrebaplaşdyrylýar, şäherleriň arasynda optiki süýümli ulgamlar çekilýär, aragatnaşygyň hemra ulgamlary işleýär, milli öýjükli ulgam giňeldilýär. Guramalary, kärhanalary, okuw mekdeplerini maglumat–kommunikasion tehnologiýalar bilen üpjün etmegiň derejesi artýar. Internetden peýdalanýanlaryň sany barha artýar.
Transmilli ulag geçelgeleri ýaly döwrebap telekommunikasion ulgamlary aralyklary gysgaldýar, dürli ýurtlaryň halklaryny ýakynlaşdyrýar. Bu ulgamlar döwletleriň ykdysadyýetiniň ösüş depginlerini çaltlandyrmakda uly orny eýeleýär. Şolarsyz aragatnaşyk bolmaz, aragatnaşyksyz bolsa özara gatnaşyklar mümkin däldir.
Häzirki zaman maglumatlar giňişligi habarlary we täzelikleri alyşmagyň elektron görnüşleri bilen barha giňelýär. Habarlaryň esasy bölegi maglumatlary bermegiň ýokary tehnologiki ulgamlary boýunça ýaýradylýar we bu işde elektron serişdeleriň paýyny artdyrmagyň meýli örän çalt ýokarlanar.
Bu babatda Türkmenistan öz milli aragatnaşyk ulgamyny işletmäge çalt depginde taýýarlyk görýär. Türkmen hemrasynyň goýberilmegi Ýeriň töweregindäki orbita gözegçilik etmegi, hemra aragatnaşygyny ýola goýmagy, älem giňişligi bilen baglanyşykly ylmy barlaglary geçirmegi aňladýar, şeýle hem ýurdumyzda aragatnaşyk ulgamlarynyň we Internetiň, telewideniýäniň hem-de beýleki pudaklaryň çalt ösdürilmegine kuwwatly itergi berer, umumymilli maksatnamalarynyň birnäçesini üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam eder.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli belläp geçişi ýaly, maglumatlaşdyryş eýýamyna gadam uran dünýä bileleşiginiň ösüşi bilen aýakdaş gitmek üçin ýurdumyzyň telekommunikasion ulgamyny kämilleşdirmek, şol sanda maglumatlar tehnologiýalarynyň ýokary derejesini üpjün etjek, telekommunikasiýalar ulgamyny, Interneti, elektron resminama dolanyşygyny ösdürmek talap edilýär. Bu wezipeleri çözmek üçin halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklaryny awtomatlaşdyrmak we kompýuterleşdirmek arkaly önümçiligi guramagyň hem-de dolandyrmagyň innowasion taýdan maglumat kommunikasion binýadyny çalt döretmek, häzirki zaman ylmynyň öňdebaryjy üstünliklerini ornaşdyrmak boýunça işler işjeň dowam edýär, munuň özi bu ulgamda gazanylan ýokary sepgitler aragatnaşyk ulgamynyň işgärleriniň döredijilikli zähmetiniň miwesidigine şaýatlyk edýär.
Eýýäm häzir pudaklaýyn düzümleriň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagynyň we diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň, iň öňdebaryjy enjamlaryň we täzelikleriň ornaşdyrylmagynyň netijesinde ýurdumyzda aragatnaşygyň tele we radio aragatnaşyklarynyň sanly alnyp görkezilişiň giň ulgamy üstünlikli hereket edýär, maglumat serişdeleriniň terminaly işlenip taýýarlanýar, elektron resminama dolanyşygynyň ulgamy meýilnamalaýyn ornaşdyrylýar. Sanly ulgamy goşmak bilen, awtomatlaşdyrylan telefon beketleriniň ösen ulgamy ýokary hilli aragatnaşyk hyzmatlaryny, şeýle hem giň çäklerdäki Internete goşulmak we maglumatlary bermek üçin ýokary tizlikli ýaýlymlary üpjün edýär.
Ýokary tizlikli Internete geçmek, LTE tehnologiýasynyň binýadynda ykjam aragatnaşyk ulgamynyň 4G soňky önümine goşulmak boýunça işler güýçli depginde alnyp barylýar, simsiz aragatnaşyk ulgamy bolan Wi-Fi, şeýle hem IP TV ulgamy ornaşdyrylýar. Olaryň kömegi bilen peýdalanyjylar telewideniýäniň we Internetiň ýaýlymlaryny bir wagtyň özünde alýarlar.
Ýakyn geljekde LTE goşmaçalaryň soňky görnüşlerini goldamakdan başlap, durmuş hyzmatlary, ulag, saglygy goraýyş, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we beýlekiler ýaly pudaklaryň täze mümkinçiliklerine çenli innowasion ösüşiň esasy hereketlendiriji güýjüne öwrüler.
Bilim edaralarynyň Internet ulgamyna birikdirilmegi, olaryň okuw geçilende multimediýa we interaktiw serişdeleri bilen üpjün edilmegi üçin işler ýokary depginler bilen alnyp barylýar.
Türkmenistanlylara we ýurdumyzyň myhmanlaryna hyzmatlaryň uly sanawyny hödürleýän “Altyn asyr” ykjam aragatnaşyk kärhanalarynyň soňky ýyllaryň dowamynda ösüş depgini we işleriň kämilleşdirilmegi görnükli artdy. Eger 2007-nji ýylyň başynda şu ulgamyň hyzmatlaryndan bary-ýogy 35 müň adam peýdalanan bolsa, häzirki wagt olaryň sany 4 milliona ýakynlaýar.
Ýurdumyzyň telearagatnaşyk ulgamynyň maýa goýum görkezijileri ýyl-ýyldan ýokarlanýar we munuň netijesinde simli, öýjükli aragatnaşygy hem-de Interneti ýaýratmagyň derejesi, şeýle hem ýokary tehnologiýaly optiki süýümli geçirijileri tarapyndan guralan aragatnaşyk ýaýlymlarynyň sany artýar. Hususan-da, ýakyn ýyllar üçin Aragatnaşyk ministrligi telearagatnaşyk ulgamlaryny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça iri möçberli taslamany durmuşa geçirmegi meýilleşdirdi.
Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisleriniň birinde ýokary tehnologiýalary peýdalanmagyň aýratyn wajypdygyny nygtap, ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklaryna döwlet dolandyrylyşy ulgamynda işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmaga ýardam etmegine gönükdirilen döwrebap elektron resminama dolanyşygy ulgamyny ornaşdyrmagy ýolbaşçylardan talap etdi.
Maglumatlaryň elektron binýadyny döretmek, resminamalar bilen dürli amallary geçirmek bilen bir hatarda, bu ulgamyň aýratynlyklarynyň hatarynda gönüden-göni monitorda resminama elektron arkaly görnüşde gol çekmek, söz bilen tabşyrygy bermek ýa-da ony ykjam telefon arkaly derhal ibermek mümkinçiligi bardyr.
Elektron ulgamynyň işledilmegi milli ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda herekete giriziler. Bu wezipe, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlaryny öz içine alyp, Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli özgertmeler babatdaky ägirt uly meýilnamalar bilen şertlendirilendir. Aragatnaşyk bolsa ykdysadyýetiň möhüm ugrudyr.
Elektron resminama dolanyşyk ulgamynyň ornaşdyrylmagy kärhanalary dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder, işewürligi dolandyrmagyň ähli tapgyrlaryna çalt gözegçilik etmäge, resminamalaryň dolanyşygyny we esasy işleri ýerine ýetirmekdäki wagty gysgaltmaga, iş dolanyşygynda çözgütleri kabul etmek üçin zerur bolan maglumatlary dessine tapmaga mümkinçilik berer. Bu artykmaçlyklaryň ählisi ahyrky netijede önümçilikdäki işleriň diňe bir aýry-aýry kärhanalaryň we pudaklaryň derejesinde däl, eýsem, umuman, ýurdumyzyň bütin ykdysady toplumynyň ösüş depgininde şöhlelener.
Biziň ýurdumyzda iň döwrebap optika süýümli geçirijiler çekilendir. Ýerli telefon belgileriniň köpelmegi halkara we şäherara aragatnaşyk ýaýlymlarynyň sanynyň artmagyna getirdi. Türkmenistanyň çäklerinden Trans-Aziýa-Ýewropa optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň 708 kilometr böleginiň geçýändigi möhümdir. Onuň umumy uzynlygy Hytaýyň Urumçy şäherinden Germaniýanyň Frankfurt şäherine çenli 27 müň kilometre barabardyr. Häzirki zaman optiki süýümli geçirijisi paýtagtymyzy ýurdumyzyň ähli sebitleri bilen birleşdirýär.
Şeýlelik bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan iri möçberli durmuş-ykdysady ösüş maksatnamasy we daşary syýasaty netijesinde, Türkmenistan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Ýewraziýa yklymy boýunça, tutuş Ýer ýüzi boýunça parahatçylygyň, dostlugyň we ylalaşygyň aragatnaşyk köprülerini gurup, dünýä hojalyk aragatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna işjeň goşulyşýar.