Döwlet baştutanynyň ýakynda kabul eden Kararyna laýyklykda öýleri satyn almak ýa-da hususy taslamasy boýunça öýleri gurmak üçin uzakmöhletleýin karz pullaryny bermegiň düzgünleri aňsatlaşdyryldy. Türkmenistanyň Merkezi banky eýýäm bu resminamadan gelip çykýan meseleleri çözmek boýunça toplumlaýyn çäreleri kabul etdi.
Häzirki wagtda banklaryň ýeňilleşdirilen pul serişdeleriniň hasabyna öýleri gurmak we olara göçüp barmagy amala aşyrmak Türkmenistanyň Prezidentiniň birnäçe Kararlaryna laýyklykda amala aşyrylýar. Olarda hususy ýaşaýyş jaýlaryny gurmagy we olary satyn alamagy, bu desgalary gurmak bilen meşgullanýan kärhanalary maliýeleşdirmegiň çeşmeleri kesgitlenendir.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň karz beriş departamentiniň ýolbaşçysy Mergen Muhammedowyň belleýşi ýaly, täze Kararyň düzgünleriniň amala aşyrylmagy bilen ipoteka karz pullaryny bermegiň bütin ulgamy hem şonuňp ýaly hil taýdan ýokary derejä geçer.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararynda Türkmenistanyň raýatlaryna hususy öýleri ýa-da köp gatly jaýlardan öýleri satyn alamak 30 ýyl möhlet bilen bir ýalda 1%, ýeňilleşdirlen 5 ýyla çenli möhlet bilen ipoteka karz pul serişdeleri bermek göz öňünde tutulandyr. Bu deňi-taýy bolmadyk durmuş çäresi Türkmenistanyň raýatlaryna karz pul serişdelerini uzak möhletiň dowamynda amala aşyrmaga, onuň ýeňilleşdirilen möhleti bolsa gerek bolan zerur öý goşlaryny edinmäge mümkinçilik berýär.
Hususy ýaşaýyş jaýlaryny gurmaklyk Türkmenistanyň raýatlarynyň, şäher we etrap häkimlikleri we gurluşyk guramalarynyň arasynda baglaşylan üç taraplaýyn şertnama esasynda eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ýurduň ähli gurluşyk kärhanalaryna gurmaga rugsat berildi. Resminama laýyklykda, gurluşyk işleri gurluşyk kärhanasynyň hususy serişdeleriniň hasabyna, şeýle hem banklaryň beren karz pul serişdeleriniň hasabyna gurlup biliner. Şunlukda gurluşyk işleri bilen meşgullanýan gurluşyk kärhanalary, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, zerur bolan maliýe goldawyny alarlar hem-de bir wagtyň özünde ýurduň gurluşyk kärhanalarynyň arasynda bäsdeşlik ýagdaýyny ýokarlandyrarlar. Netijede bolsa bu işler gurulýan hususy ýaşaýyş jaýlarynyň hiline we bahasyna özüniň oňaýly täsirini ýetirer. Kararda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna kärhanalary diňe bäsdeşlik esasynda çekmek göz öňünde tutulandyr. Bu çäre özüni görkezmegi başaran toparlary, taslamalary amala aşyrmakda tejribe toplan, işiniň ýokary hilliligi we desgalaryň elýeter bahadan bolan gurlyşyk kärhanalaryny saýlama mümkinçilik berer.
Gurluşyk ministrliginiň gurluş düzümlerine, Aşagabat şäher we welaýatlar boýunça arhitektura düzümlerine birnäçe meňzeş taslamalary işläp taýýarlamak tabşyryldy, onuň smeta-taslama bahasy Ykdysadyýet we ösüş ministrligi bilen ylalalşylar. Bu çäre ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk işlerinde esaslandyrylmadyk ýokary bahanyň bolmazlygyny üpjün eder hem-de ilkinji nobatda olaryň özüne düşýän gymmatyna oňaýly täsirini ýetirer.
Ýer serişdelerini peýdalanmak boýunça gulluga şäherleriň we etraplaryň häkimlikleri bilen bilelikde hususy ýaşaýyş jaýlaryny gurmagy isleýän Türkmenistanyň raýatlaryna degişli tertipde ýer böleklerini bölüp bermek tabşyryldy. Welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimliklerine hususy ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýa-da öýleri satyn alamaga isleg bildirýänleriň nobatyny ýöretmek tabşyryldy. Bu maksatlar üçin öň mellek ýerini alan raýatlar üçin, şeýle hem ýaş çatynjalar üçin hususy ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga ýa-da satyn almaga rugsady nobatsyz bermek göz öňünde tutulandyr.