Öz möçberi boýunça görlüp-eşdilmedik ösüşe eýe bolan Türkmenistanda häzirki zaman şäher gurluşygy ýadygärlik we seýilgäh heýkellerini giňden ulanmak üçin täze mümkinçilikleri açdy. Olar şaýollarynyň, seýilgähleriniň, meýdançalaryň we arhitektura toplumlarynyň kompozision merkezi hökmünde ulanylýar.
Şäheriň çäklerini bezemegi guramagyň täze ýörelgeleri, uly toplumlaryň döredilmegi Aşgabadyň häzirki zaman arhitekturasynyň alamaty bolup durýar . Olarda arhitektura, monumental we bag-seýilgäh heýkelleri, şäher seýilgähleri we skwerleri, häzirki zaman rekreasion desgalary, peýzaž we şäher gurşawy, özara sazlaşyp, bürtewi ansambly düzýärler. Eger-de arhitektura – bu doňup galan saz bolsa, onda skulptura – bu häzirki zaman ak mermerli paýtagtyň umumy simfoniýasyna öz aýratyn notalaryny goşmak bilen, ony ýaňlanmaga mejbur edýär.
Heýkeltaraşlar D.Jumadurdynyň, S.Babaýewiň, K.Ýarmämmedowyň, N.Ataýewiň, A.Garaýewiň döreden monumental ýadigärlikleri, S.Artykmämmedowyň, M.Öwezowyň, W.Çaryýewiň relýefleri we bezeg işleri ruhuň çuňňurlyklaryna aralaşýar. Olar türkmen ussatlarynyň arhitektura bilen sintezde heýkel eserlerini döretmekde baý döredijilik tejribesiniň bardygyna şaýatlyk edýär. Olary geçmişiň we häzirki zamanyň keşplerini beýan etmäge ymtylýandyklary, halkyň ruhy gymmatlyklaryny, öňdebaryjy ideýalary we biziň döwrümizde amala aşyrylýan örän uly işleri beýan edýändikleri tapawutlandyrýar.
Uly şörata eýe bolan ahalteke bedewleriniň keşpleri köp sanly heýkel kompozisiýalarynyň äýrylmaz bölegine öwrüldi. Ýurduň atçylyk-sport toplumlaryndaky we aýlawlardaky atlaryň heýkelleri, garaşsyzlygyň ýubileý toýunyň hormaryna döredilen on bedewiň ýadigärlik ansambly, behişdi bedewlere atlanan taryhy şahslaryň keşpleri, ady rowaýata öwrülen ahlteke bedewi bolan Polatlyň hormatyna döredilen heýkel kompozisiýasy biziň hemmämizi guwandyrýar.Bedewiň çalasynlygy we ýyndamlygy – bu biziň eýýämimiziň sazydyr, biziň gelejege ymtylmagymyzyň, uly göwrümli we nusgalyk özgertmelerimiziň nyşanydyr.
Ak mermerli şäheriň heýkellerine nazar eýle, hem-de olaryň owazyny diňle. Bitaraplyk binasy we Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň örän uly ýadigärligi biziň ýurdumyzyň döwlet senasy hökmünde ýaňlanýar. Elinde çaga saklap duran “Ene mähri” ýadigärligi söýgüden we näziklikden doly bolup, türkmen enesiniň keşbini beýan edýär. Sazyň astynda emaý bilen akýan suw çüwdürimi we onuň altyn damjalary örän uly suw çüwdüriminiň gülünden emele gelýän ýaly bolup görünýär.
Halk arasynda “dünýä poeziýasynyň bagynyň bagbanlary” diýen ady alan türkmen şahyrlarynyň ýadigärlikleri baý ruhy mazmunylygy bilen tapawutlanýar. Olardan Nesiminiň (heýkeltaraş J.Jumadurdyýew), Magtymgulynynyň, Andalybyň (heýkeltaraş N.Ataýew), Garajaoglanyň (heýkeltaraş B.Annamyradow), Baýram hanyň (heýkeltaraş M.Seýitmyradow) ýadigärliklerini görkezmek bolar.
Saragt Babaýewiň döreden “Sungat” atly monumenti halk döredijiliginiň senasy hökmünde ýaňlanýar. Heýkeltaraş özüniň monumental kompoziýasynyň esasy hökmünde gadymy saz guraly bolan, türkmen halkynyň ruhy we saz medeniýetiniň nyşanyna öwrülen dutary ulanypdyr. Bu günki gün “Sungat” monumenti Döredijilik şäherçesiniň arhitektura gurluşuna sazlaşykly goşulyp, bize bagşylaryň sazdyr aýdymlaryny ýatladyp, onsuz türkmen halkynyň durmuşyny we medeniýetini göz öňüne getirip bolmajakdygy aňladyp, türkmeniň esasy gymmatlygy barada baş taglymy nygtaýar.
“Ylham” seýilgähinde ýaňlanýan saz ylhamyňy joşdurýar. Gün şöhleleriniň astynda ýalkym saçyp duran “Ak şäherim Aşgabat” binasy paýtagt şäherimize bolan uly buýsanjy döredip, şatlykly dabaralaryň geçirilýän ýerine öwrüldi.
Türkmenistanyň ak mermerli paýtagty ösýär hem-de onuň çäkleri barga giňeýär. Biziň gözümiziň alnynda täze etrapçalar döreýär, onuň köçeliridir şaýollarynyň we meýdançalarynyň durky täzelenilýär. Olary bezeýän ajaýyp heýkellerdir ýadigärlikler milli medeniýetiň özboluşlylygyny beýan edýärler, beýik taryhy we täze eýýämi wasp edýärler.