16-njy sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy maslahaty resmi taýdan açylar. Onuň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýeti ýurdumyzyň ileri tutulýan garaýyşlaryny beýan eder we milli Liderimiziň esasy bäş ugurda oňyn halkara gatnaşyklaryny has-da ösdürmek boýunça anyk tekliplerde beýan edilen ählumumy we sebit meseleleri boýunça täze başlangyçlaryny hödürlär.
Olaryň hatarynda ählumumy parahatçylygy hem-de howpsuzlygy saklamak we pugtalandyrmak, energetika we ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek, gumanitar meseleler we adam hukuklary, ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri bar.
TDH-nyň bu ugurlar boýunça teswirnamalarynyň tapgyrynda şu gün olaryň birinjisi barada gürrüň ediler.
I. Ählumumy parahatçylygy hem-de howpsuzlygy saklamak we pugtalandyrmak
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň maslahatlarynyň wise-başlyklygyna birnäçe gezek saýlanylmagy parahatçylygyň we ählumumy abadançylygyň bähbidine türkmen döwletiniň bitaraplýyk derejesini yzygiderli durmuşa geçirýän, bütin dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak işine uly goşant goşýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň abraýynyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Milli Liderimiziň gozgaýan meseleleri BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňümizdäki maslahatynyň gün tertibi bilen berk baglanyşyklydyr. Bu maslahatyň gün tertibine syýasy, durmuş-ykdysady, ekologiýa we gumanitar ulgamlarda durnukly ösüşiň wajyp meseleleriniň birnäçesi girizildi. Şol möhüm meseleleriň hatarynda halkara ýaragly gapma-garşylyklaryň öňüni almak we parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek arkaly ýurtlaryň durnukly ösmegine ýardam etmek meseleleri-de bar.
Parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmekde halkara bileleşigine hemmetaraplaýyn ýardam etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanylan daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugrudyr. Bu strategiýa Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň işini işjeňleşdirmäge hem degişlidir.
Ysnyşykly we netijeli hyzmatdaşlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýäniň ylalaşykly nusgasyny döretmegiň ýolunda ýüze çykan oňyn ýörelgeleri berkitmek we ösdürmek maksady bilen halklaryň deňligi we özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda milletleri birleşdirmek boýunça umumydünýä prosesine ýolbaşçylyk eden gurama hökmünde BMG-niň abraýyny pugtalandyrmak pikiriniň tarapdary hökmünde çykyş edýär.
Türkmenistan 1992-nji ýylda bu abraýly guramanyň agzasy bolmak bilen, milletleriň dünýä bileleşigine girmegiň ýolunda möhüm ädim ätdi hem-de ählumumy bähbitlere açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk we işjeň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barmaga berk eýerýändigini tassyklady.
Şu geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistan bütin dünýäde ählumumy parahatçylygy we abadançylygy berkarar etmegi özüniň esasy maksatlarynyň biri hökmünde yglan eden möhüm halkara düzümi hökmünde BMG-niň tutýan ornuny pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýär. Ýurdumyzyň halkara konwensiýalarynyň 90-dan gowragyna goşulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol konwensiýalar bolsa deňlik, birek-birege ynanmak we özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýan uzakmöhletleýin strategiki hyzmatdaşlygyň ygtybarly esasy boldy.
Türkmenistanyň özboluşly bitaraplyk derejesiniň esasyny hut şu ýörelgeleriň düzmegi hem tötänden däldir. Bu dereje ýurdumyza 1995-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite kararnamasy bilen berildi. Häzirki wagtda bitaraplygymyz Merkezi Aziýa sebitinde howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň möhüm şerti bolup durýar.
Halkara diplomatiýasynyň taryhynda şeýle resminamalaryň ilkinji bolan we biragyzdan kabul edilen “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” kararnamasy bütin dünýä bileleşiginiň garaşsyz türkmen döwletiniň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny goldaýandygyna we ykrar edýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Ilkibaşdan bu syýasatyň esasy maksady howpsuzlygyň ählumumy ulgamyny saklamakdan we pugtalandyrmakdan, gapma-garşylyklaryň ýüze çykmak howpunyň öňüni almakdan, döwletleriň we halklaryň durnukly ösmegi, oňyn we özara gyzyklanma bildirilýän gatnaşyklar üçin şertleri üpjün etmekden ybarat bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar.
Islendik gapma-garşylyklary çözmegiň diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdelerini ulanmagyň tarapdary hökmünde çykyş edýän türkmen döwletiniň bitaraplygynyň halkara hukuk derejesi ýurdumyza köptaraplaýyn gepleşikleri geçirmek, sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalary amala aşyrmak, şeýle hem dünýäniň halklarynyň ýakynlaşmagyna we özara düşünişmegine ýardam edýän medeni-gumanitar gatnaşyklary ösdürmek arkaly häzirki zamanyň wajyp wezipelerini çözmäge işjeň gatnaşmaga mümkinçilik berýär.
Köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk däplerine wepaly bolan Türkmenistanyň täjigara we owganara gapma-garşylyklaryny kadalaşdyrmakdaky hem-de bu dostlukly ýurtlarda raýat parahatçylygyny we ylalaşygyny berkarar etmekdäki kesgitleýji orny munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyz tarapyndan şol döwletleriň durmuş-ykdysady taýdan ösmeginde häzire çenli yzygiderli kömek berlip gelinýär.
Dünýä bileleşigi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitiň ýurtlaryny iri ykdysady taslamalara işjeň çekmek baradaky halkara başlangyçlarynyň ägirt uly ähmiýete eýedigini ençeme gezek ykrar edipdi. Şol taslamalar bolsa bu ýurtlaryň sebit we ählumumy ykdysadyýetleriň düzümine doly goşulyşmagyna ýardam edýär.
Häzirki döwrüň syýasy, ykdysady, durmuş prosesleriniň häsiýeti we meýilleri umumy maksada—bütin dünýäde okgunly ösüşiň wajyp şerti hökmünde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek maksadyna ýetmegiň bähbidine döwletleriň we iri halkara guramalarynyň has ysnyşykly hem-de sazlaşykly gatnaşyk etmegini talap edýär.
Şu geçen ýyllaryň dowamynda ýurdumyz iş ýüzünde sazlaşykly döwletara gatnaşyklaryny ýola goýmaga ygrarlydygyny görkezip, öz üstüne alan halkara borçnamalaryna hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna ygrarly bolup geldi. BMG bilen hyzmatdaşlyk ilkibaşdan türkmen döwletiniň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky maslahatyna gatnaşmagy hem döwletimiziň parahatçylyk, ynsanperwerlik we bähbitleriň özara sazlaşygy esasynda guralýan netijeli hem-de köpugurly hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge we pugatalandyrmaga çalyşýandygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 22-nji awgustda bolan mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasy bilen köpýyllyk üstünlikli hyzmatdaşlygyň strategiki häsiýete eýedigini ýene-de bir gezek nygtap, ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak maksady bilen, ýola goýlan oňyn halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň ileri tutýan garaýyşlaryny we halkara başlangyçlarynyň many-mazmunyny dünýä jemgyýetçiligine düşündirmek boýunça alnyp barylýan işleriň wajypdygy nygtaldy. Şol başlangyçlar bolsa oňyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmegiň özara kabul ederlikli ýollaryny işläp taýýarlamaga hem-de ählumumy durnukly ösüş üçin has oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilendir.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň abraýly halkara guramalarynyň hem-de ýöriteleşdirilen düzümleriniň birnäçesiniň doly hukukly agzasy bolmak bilen, oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýär.
Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda syýasy-diplomatik parahatçylyk döredijiligiň tejribesine daýanyp, bu iş üçin zerur syýasy we guramaçylyk-tehniki şertleriň ählisini dünýä bileleşigine hödürlemäge taýýardygyny beýan edýär.
2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebit merkeziniň açylmagy däp bolan hyzmatdaşlygyň çäklerini giňeltmek, onuň anyk häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek boýunça möhüm başlangyçlaryň biri boldy. Bu merkez sebitde howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde çykyş edýän BMG-niň ygtybarly daýanjyna öwrüldi.
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebit merkeziniň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýurdy hökmünde Türkmenistan onuň işine hemmetaraplaýyn ýardam etmek meýilini ençeme gezek beýan etdi. Bu merkez netijelliligini iş ýüzünde görkezdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi 2012-nji ýylyň awgust aýynda geçirilen mejlisiniň barşynda gapma-garşylyklary öňünden kadalaşdyrmagyň möhüm ähmiýetini belledi hem-de Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebit merkeziniň tagallalaryny goldady. Häzirki döwürde bu merkeziň işi aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Türkmen döwleti transmilli howplar, terrorçylyk, ekstremizm, guramaçylykly jenaýatçylyk, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy, ekologiýa we serhetýaka suw-energiýa serişdelerini dolandyrmak, Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak ýaly derwaýys meselelere umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlamak babatda BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň halkara we sebit guramalary – Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy we beýleki guramalar bilen gatnaşyklaryny has-da işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýär.
Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistan Merkezi Aziýada hem-de Hazar sebitinde özara ynanyşmak we birek-birege düşünişmek ýagdaýyny kemala getirmek üçin ähli tagallalary edýär. Ýurdumyz ýaraglaryň ýaýradylmazlygyny hem-de ýaragsyzlanmagy üpjün etmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň işjeňleşdirilmegini halkara bileleşiginiň öňünde durýan wajyp wezipeleriň biri hasaplaýar.
Bu sebitlerde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek meselelerine umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlamak, gapma-garşylykly ýagdaýlaryň döremek howpunyň öňüni almak üçin syýasy geňeşmeleriň hemişelik hereket edýän guralyny döretmek bu möhüm ugurdaky täze ädim hökmünde kabul edilýär. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy maslahatynda türkmen tarapy BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýa sebitinde howpsuzlyk we parahatçylyk boýunça forumy çagyrmak baradaky pikire içgin garamak hem-de ony 2015-nji ýylda Aşgabatda geçirmek teklibi bilen çykyş etmegi göz öňünde tutýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pikirine görä, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak işine saldamly goşant goşmaga gönükdirilen bu forumyň esasy maksatlary sebitiň wajyp meseleleri boýunça köptaraplaýyn gepleşikleri ýola goýmak üçin amatly syýasy şertleri kemala getirmekden, şeýle gepleşikleri yzygiderli geçirmek üçin guramaçylyk binýadyny döretmekden, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisiniň we gyzyklanma bildirýän halkara düzümleriniň gatnaşmagynda syýasy geňeşmeleriň hemişelik hereket edýän guralyny kemala getirmäge umumy syýasy we usulyýet çemeleşmelerini işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň esasy halkara ylalaşyklaryna we konwensiýalaryna, hususan-da, Ýadro ýaragynyň ýaýradylmazlygy hakyndaky ylalaşyga, Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek hakyndaky ylalaşyga, Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolagy döretmek hakyndaky ylalaşyga we beýleki köptaraplaýyn resminamalarynyň birnäçesine gatnaşmak bilen, sebitde hem-de bütin dünýäde ýaragsyzlanmak işine mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ýardam bermegi göz öňünde tutýar. Şunuň bilen baglylykda, ýadro ýaraglarynyň ýaýradylmazlygy we ýaragsyzlanmak ulgamynda bilelikde tagallalary işjeňleşdirmek dünýä bileleşiginiň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biri hasaplanylýar.
Ýadro ýaragynyň ýaýradylmazlygy hakyndaky ylalaşygyň hereket etmegine garamak boýunça 2015-nji ýylyň Syn beriş maslahatyna Taýýarlyk görmek baradaky komitetiň 2012-nji ýylda Wenada geçirilen 1-nji mejlisiniň tapgyrlaýyn häsiýete eýedigini nygtap, Türkmenistan köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmazlygy ulgamyndaky işiň halkara –hukuk binýadyny giňeltmäge gönükdirilen çäreleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça gepleşikleri dowam etmegi wajyp hasaplaýar.
Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolagy döretmek hakyndaky ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça anyk ädimleri ätmek bilen baglylykda hem şeýle gepleşikleriň wajypdygy bellenilýär. Biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýaragsyzlanmak baradaky orunbasarynyň edarasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge hem-de degişli başlangyçlaryň birnäçesini durmuşa geçirmäge gatnaşmaga taýýardyr.
BMG-niň degişli düzümlerini has-da kämilleşdirmek bu ulgamda yzygiderli çäreleri görmekde iş ýüzündäki ädimleriň biri bolup biler. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň degişli edaralarynyň çäklerinde oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny beýan edip, BMG-niň Aziýada ýaragsyzlanmak boýunça Sebitara merkezini döretmek baradaky meselä garamagy maksadalaýyk hasaplaýar. Bu merkez howpsuzlyk ulgamynda täze bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň hem-de netijeli gatnaşyklaryň wajyp meselelerini mundan beýläk-de ara alyp maslahatlaşmak üçin ygtybarly binýada öwrüler.
Türkmen tarapynyň bütindünýä forumynyň belent münberinden öňe sürjek teklipleriniň ählisi özüni BMG-niň ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaşy hökmünde görkezen Türkmenistanyň häzirki zamanyň meseleleriniň oňyn, özara kabul ederlikli çözgütlerini gözlemäge saldamly goşandynyň nobatdaky subutnamasydyr. Şol meseleleriň çözülmegine bolsa dünýä bileleşiginiň ýurtlarynyň ählisi jogap berýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň ählumumy we sebit meseleleri boýunça täze başlangyçlarynyň öňe sürülmegi göz öňünde tutulýan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy maslahatyna ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşmagynyň, şeýle hem Nýu-Ýorka saparyň çäklerinde meýilleşdirilen duşuşyklaryň, gepleşikleriň we syýasy geňeşmeleriň umumy maksatlara ýetmekde has netijeli ädimleriň ädilmegine kuwwatly itergi berjekdigi şübhesizdir. Şol maksatlaryň hatarynda bolsa parahatçylygy, durnuklylygy we abadançylygy üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýär.