16-njy sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy maslahaty resmi taýdan açylar. Onuň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýeti ýurdumyzyň ileri tutulýan garaýyşlaryny beýan eder we milli Liderimiziň esasy bäş ugurda oňyn halkara gatnaşyklaryny has-da ösdürmek boýunça anyk tekliplerde beýan edilen ählumumy we sebit meseleleri boýunça täze başlangyçlaryny hödürlär.
Olaryň hatarynda ählumumy parahatçylygy hem-de howpsuzlygy saklamak we pugtalandyrmak, energetika we ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek, gumanitar meseleler we adam hukuklary, ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri bar.
TDH bu ugurlar boýunça teswirnamalaryň tapgyrlaryny dowam edýär we şu gün olaryň ikinji hem-de üçünji ugurlary barada gürrüň bereris.
II. Energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk
Özygtyýarly ösüş ýyllary içinde ägirt uly halkara abraýyna eýe bolan Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistan dünýä bileleşigine häzirki zaman dünýäsiniň wajyp meselelerini çözmäge oňyn çemeleşmeleri teklip edip, düýbünden täze pikirleriň we teklipleriň başyny başlaýar. Geçen synymyzda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň öňümizdäki 69-njy maslahatynda beýan etjek ileri tutulýan garaýyşlarynyň hatarynda BMG tarapyndan kesgitlenen Üçünji müňýyllygyň ählumumy maksatlaryna ýetmekde halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge aýratyn orun berilýär. Olaryň wajyplarynyň biri-de ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek bilen baglanyşyklydyr.
Şu babatda ýurdumyzyň eýeleýän orny köpugurly häsiýete eýe bolan bu meseläni çözmäge toplumlaýyn çemeleşmäge esaslanýar. Ýokary derejedäki halkara maslahatlarynda we duşuşyklarynda eden çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ençeme gezek nygtaýşy ýaly, energetika howpsuzlygy ählumumy howpsuzlygyň esasy we kesgitleýji ugurlarynyň biri bolup durýar.
Häzirki wagtda energiýa çeşmeleriniň we olary eltmegiň serişdeleriniň ygtybarly, bökdençsiz hem-de kepillendirilen elýeterliligi bilen bagly meseleler bütin dünýä ähmiýetine eýe bolup, dünýädäki umumy ýagdaýa, halkara hyzmatdaşlygynyň häsiýetine we ugurlaryna, ol ýa-da beýleki döwletleriň we sebitleriň ösüş proseslerine goşulyşmagynyň derejesine barha uly täsirini ýetirýär. Bularyň ählisi şu meseläniň BMG-niň derejesine çykarylmagyny, onuň howandarlygynda energiýa serişdelerini öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriniň we sarp edijileriniň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrýan bitewi ýörelgeleri we kadalary işläp taýýarlamagy talap edýär.
Türkmenistan dünýäde energiýa serişdelerini uly möçberde iberýän ýurtlaryň biri bolmak bilen, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna iberilmeginiň durnukly ulgamlaryny döretmek, ählumumy energetika bazarlarynda özara gatnaşyklaryň netijeli ýollaryny we nusgalaryny işläp taýýarlamak, yklymara turbageçiriji düzümiň ygtybarlylygyny üpjün etmek ugrunda çykyş edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu mesele boýunça giň halkara gatnaşyklaryny ýola goýmak barada öňe süren başlangyjy hem-de 2008-nji ýylyň dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden "Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty" hakyndaky Rezolýusiýasy bu ugurda ýurdumyzyň äden ilkinji ädimleriniň biri boldy.
Şondan soňky ýyllarda türkmen paýtagty iri energetika forumlarynyň, şol sanda BMG-niň howandarlygynda gurulýan forumlaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrüldi. Şeýlelikde, 2009-njy ýylyň aprel aýynda Aşgabatda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça ýokary derejedäki halkara maslahaty geçirildi. Gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň we halkara guramalarynyň tekliplerini nazara almak bilen, energiýa serişdelerini durnukly ibermegiň halkara guralyny işläp taýýarlamak boýunça bilermenler toparyny döretmek meselesine garamak haýyşy bilen Birleşen Milletler Guramasyna ýüzlenmek teklibi şol maslahatyň aýdyň netijeleriniň biri boldy.
Şeýlelikde, ýurdumyz BMG-niň çäklerinde netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň wajypdygyny nygtap, bu ugurda anyk ädimleri ätmegi, energetika howpsuzlygyny hem-de bu strategiki ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy üpjün etmäge gönükdirilen täze halkara-hukuk guralyny döretmegi teklip edýär.
2013-nji ýylyň 17-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň "Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty" hakyndaky ikinji Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýangyç-energetika toplumynda giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak babatda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ozalky maslahatlarynda beýan eden başlangyçlarynyň wajypdygyny hem-de uly ähmiýete eýedigini tassyklady. BMG-niň agzasy bolan döwletleriň 71-si bu resminamanyň ko-sponsory hökmünde çykyş etdi.
Ýurdumyzyň bu ugurda alyp barýan işleri şol möhüm resminamanyň düzgünleriniň takyk we hemmetaraplaýyn ýerine ýetirilmegine gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan durnukly energetika we energiýa howpsuzlygy meseleleri boýunça köptaraplaýyn gatnaşyklary ilerletmek boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň agzasy bolan döwletler we BMG-niň Sekretariaty bilen özara gatnaşyklary dowam etmegi göz öňünde tutýar.
Hususan-da, gürrüň energetika ulgamynda dünýä derejesidäki netijeli hyzmatdaşlygy üpjün etmäge gönükdirilen täze halkara-hukuk guralyny taýýarlamak boýunça halkara bilermenler toparyny döretmek barada barýar. Ýokarda görkezilen rezolýusiýanyň kabul edilmegi bilen, bu pikir iş ýüzünde durmuşa geçirilip başlandy. Munuň özi energetika ulgamynda giň halkara hyzmatdaşlygyny ilerletmekde täze tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrdy.
Şeýlelikde, BMG-niň derejesinde ýokarda agzalyp geçilen köpugurly guraly taýýarlamak bilen baglanyşykly işler has anyk hukuk esasyna eýe bolýar. Şu babatda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletlere, BMG-niň Sekretariatyna, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisine kabul ederlikli möhletlerde halkara bilermenler toparynyň işi boýunça öz maslahatlaryny bermek, şeýle hem onuň düzümine we degişli wekillerini ibermek teklibi bilen ýüzlener.
Şeýle hem, rezolýusiýanyň düzgünlerine laýyklykda, Türkmenistan BMG-niň Baş sekretaryna agza döwletleriň hem-de BMG-niň degişli düzümleriniň, şol sanda sebitleýin toparlaryň energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegine, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygynyň mümkin bolan usullaryna degişli meseleler babatdaky pikirlerini bilmek hem-de bu pikirleri Sekretariatyň umumylaşdyrylan hasabaty hökmünde Baş Assambleýa ibermek boýunça işleri işjeňleşdirmegi teklip eder.
Şeýlelikde, Türkmenistan BMG-niň agzasy bolan döwletler, ilkinji nobatda, rezolýusiýanyň ko-sponsorlary bolan ýurtlar bilen bilelikde bu ugurda işleri işjeňleşdirmegi göz öňünde tutýar we halkara bilermenler toparynyň işini kadalaşdyrmak hem-de ählumumy gün tertibiniň möhüm meselesi hökmünde energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi bilen bagly meseleler boýunça giň mazmunly gepleşikleri ýola goýmak babatda anyk ädimleri ätmäge çalyşýar.
Birnäçe ýagdaýlar, ilkinji nobatda, ýangyç serişdeleriniň ägirt uly gorlarynyň bardygy, şeýle hem ýurdumyzyň özüniň ägirt uly energetika kuwwatyny bütin adamzadyň hyzmatynda goýmak meýli ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek meselesini Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýetli meselä öwürýär. Ýurdumyzyň ýangyç serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýedigini garaşsyz halkara bilermenleri hem tassykladylar. Hut şoňa görä-de, ýangys serişdeleriniň eksport ugurlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, şunuň netijesinde, ösen hem-de köpugurly turbageçiriji düzümiň döredilmegi Türkmenistanyň üstünlikli durmuşa geçirýän energetika strategiýasynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.
Şu nukdaýnazaryndan soňky ýyllarda durmuşa geçirilen giň möçberli taslamalara, hususan-da, Hytaýa we goňşy Eýrana täze gaz geçirijileriniň gurulmagyna Türkmenistanyň halkara energetika hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga saldamly goşandy hökmünde garamak bolar. Bu hyzmatdaşlyk bolsa sebitdäki umumy ýagdaýa we onuň ösmegine oňyn täsir etmäge, sebiti dünýäniň möhüm ähmiýetli energetika merkezleriniň birine öwürmäge ýardam eder.
Häzirki wagtda ykdysady babatda hem, syýasy nukdaýnazaryndan hem sebitiň çäklerinden çykýan ýene-de bir ägirt uly energetika taslamasynyň üstünde işlenilýär. Bu taslama Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini gurmak bilen baglanyşyklydyr. Bu gaz geçirijisi taslama gatnaşýan ýurtlaryň milli ykdysadyýetlerini ösdürmäge hem-de tutuş sebitde syýasy durnuklylygy berkitmäge ýardam eder.
Türkmen tarapynyň pikirine görä, ähmiýeti boýunça deňi-taýy bolmadyk bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Merkezi we Günorta Aziýadaky umumy ýagdaýy gowulandyrmagyň möhüm şerti bolup biler, dünýäniň şu böleginde bolup geçýän geosyýasy we ykdysady ýagdaýlaryň täze many-mazmuna eýe bolmagyny üpjün eder. TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilen ýagdaýynda, bu taslama oňa gatnaşýan ýurtlar üçin ykdysady bähbitlerden başga-da, ygtybarly we sarpaly hyzmatdaş, häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň gatnajyşy hökmünde Owganystanyň ählumumy ykdysady ulgama goşulyşmagyna ýardam edip biler.
Ýurdumyz täze transmilli gaz geçirijisiniň goňşy owgan halkynyň ykbaly üçin ägirt uly ähmiýete eýedigini nazara almak bilen, bu geljegi uly taslamany durmuşa geçirmek babatda halkara bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmek, munuň üçin zerur bolan syýasy, maliýe-ykdysady we guramaçylyk şertlerini döretmek boýunça işleri dowam etmegi göz öňünde tutýar.
Şeýlelikde, energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna ibermek we üstaşyr geçirmek meselesi Merkezi Aziýa, has takygy, Türkmenistan üçin häzirki wagtda möhüm wezipeleriň biri bolupdy we şeýle bolmagynda galýar. Uglewodorod çig malyny dünýä bazarlaryna ibermegiň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak bu işiň wajyp ugurlarynyň biridir. Şu babatda alternatiw turbageçirijiler ulgamlaryny döretmek we türkmen tebigy gazyny günbatar ugry boýunça ibermek baradaky täze taslamalar örän wajyp we geljegi uly hasaplanylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz mundan beýläk hem bu meseläniň üstünde işjeň işlemegi hem-de gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen hyzmatdaşlyk etmegi göz öňünde tutýar.
III. Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk
Ýurdumyz dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri bolan ulag-aragatnaşyk ulgamynda halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge saldamly goşant goşýar. Köp şahaly, şol bir wagtyň özünde howpsuz halkara ulag düzüminiň döredilmegi ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şertleriniň biri, dünýä ösüşiniň wajyp ugry bolup durýar. Munuň özi Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň aýratyn uzakmöhletleýin ugry hökmünde bu meseläni ara alyp maslahatlaşmagy BMG-niň derejesine çykarmagyň wajypdygyny şertlendirýär.
Türkmenistan bu ulgamda ägirt uly kuwwata eýe bolmak bilen, iri halkara we sebit taslamalarynyň birnäçesiniň başyny başlady. Bu ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilimegi Merkezi Aziýa ýurtlaryň we goňşy sebitleriň arasyndaky ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga, uzak geljegi üçin sebitara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine kuwwatly itergi bermäge, Merkezi Aziýany, Hazar, Gara deňiz we Baltika sebitlerini, Orta we Ýakyn Gündogary, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýany birleşdirýän täze geoykdysady giňişligiň binýadyny goýmaga mümkinçilik berer.
Halkara ulag düzümini okgunly ösdürmek babatda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri, ilkinji nobatda, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy hem-de Aziýa we Ýuwaş ummany üçin ykdysady we durmuş komissiýasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýar. Şeýle oňyn, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ägirt uly tebigy serişdelere eýe bolan we Ýewraziýa giňişliginiň ulag ýollarynyň çatrygynda amatly ýerleşen Merkezi Aziýa sebitini ösdürmegiň maksadyna laýyk gelýär.
Ýurdumyz halkara guramalarynyň, şol sanda Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň hem-de Ýewropa ykdysady komissiýasynyň we Aziýa we Ýuwaş ummany üçin ykdysady we durmuş komissiýasynyň tejribesine daýanyp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňümizdäki hepdede açyljak 69-njy maslahatynyň barşynda Merkezi Aziýa üçin Modal ýoluny döretmegiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmagy teklip edýär we bu ägirt uly taslamany amala aşyrmaga işjeň gatnaşmaga taýýardygyny beýan edýär.
Türkmenistan giň halkara hyzmatdaşlygyny we ähli ýurtlaryň we halklaryň jana-jan bähbitlerine doly laýyk gelýän gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen täze başlangyçlary öňe sürmek bilen, olaryň iş ýüzünde yzygiderli durmuşa geçirmegi üçin anyk ädimleri ädýär. Şu aýyň başynda Aşgabat şäherinde halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň tutýan ornuna bagyşlanan ýokary derejedäki halkara maslahatynyň geçirilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Mälim bolşy ýaly, bu wekilçilikli forumy geçirmek baradaky teklip bilen türkmen tarapy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 68-nji maslahatynda çykyş edipdi. Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly seslenme döredilmegi we bu maslahata iri halkara guramalarynyň we ulag düzümleriniň birnäçesinden wekilleriň, şeýle hem dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan wekiliýetleriň gatnaşmagy türkmen Lideriniň oňyn syýasatynyň we döredijilik başlangyçlarynyň ýylsaýyn has uly halkara goldawyna mynasyp bolýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejeli maslahatda çykyş edip, Türkmenistan XXI ýüzýyllygyň ählumumy ulag strategiýasynyň döwletleriň we sebitleriň okgunly goşulyşmagynyň, geografiki we düzümleýin mümkinçilikleriniň, tehniki we tehnologiki kuwwatynyň birleşdirmeginiň strategiýasyna ynanýar diýip nygtady. Milli Liderimiziň pikirine görä, geljek iri halkara we sebitleýin deňiz, derýa, awtomobil, demir ýol we howa ýollaryna çykmak arkaly ulag gatnawlarynyň utgaşykly ulgamy, olaryň her biriniň artykmaçlyklaryndan netijeli peýdalanylmagy bilen baglanyşyklydyr.
Dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmagyň hem-de Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlaryny baglanyşdyrýan esasy ýollaryň ugry boýunça milli düzümi has-da giňeltmegiň ýakyn geljegi üçin esasy wezipeleriň hatarynda görkezilmegi tötänden däldir. Bu ugurda möhüm ulag geçelgelerini döretmek Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmegiň maksatlaryny durmuşa geçirmek we Ýewraziýanyň iki ykdysady giňişligini birleşdirmek babatda bu ugurlarda möhüm ulag geçelgeleriniň döredilmegi ägirt uly ähmiýete eýedir.
Gürrüň, ilkinji nobatda, Gara deňiz we Baltika sebitleriniň, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň deňiz terminallaryna çykmak arkaly Ýewraziýa yklym giňişligini öz içine alýan ulag gatnawlarynyň hem-de üstaşyr geçirmegiň köp şahaly, toplumlaýyn we utgaşykly düzümini gurmak barada barýar. Bu taslama şeýle hem geljekde Hytaý, Hindistan, Pakistan ýaly kuwwatly ykdysady merkezlere, Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlaryna çykmak arkaly günorta we gündogar ugurlarda halkara ulag düzümine birleşdirmegini göz öňünde tutýar. Hyzmatdaşlygyň täze, has giň möçberli görnüşini döretmek baradaky pikiriň özi ählumumy geoykdysadyýetde täzeçe pikirlenmäniň aýdyň subutnamasydyr.
Ulag-aragatnaşyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmek babatda ähli tagallalary edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pikirine görä, sebitde demir ýol we awtomobil gatnawlarynyň, kommunikasiýalar ulgamynyň döwrebap düzüminiň döredilmegi sebitiň ýurtlarynyň ählumumy ykdysady ösüş işine üstünlikli goşulyşmagyna kuwwatly itergi berer.
Şeýlelikde, şu maslahatyň çagyrylmagyna ulag meselesi boýunça ulgamlaýyn we özara gyzyklanma bildirilýän köptaraplaýyn gatnaşyklaryň başyny başlan, bu ulgamdaky hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmakda, anyk çözgütleri kabul etmäge girişmekde uly ähmiýete eýe bolan möhüm waka hökmünde garamak bolar.
Aşgabatda geçirilen halkara forumynyň maksatnamasyna köpsanly möhüm duşuşyklaryň, şol sanda Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman ulag geçelgesini döretmek we onuň netijeli işlemegini üpjün etmek meselesi boýunça dörttaraplaýyn duşuşygyň geçirilmegi tötänden däldir. Mälim bolşy ýaly, “Orta Aziýa—Ýakyn Gündogar” halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Eýranyň, Omanyň, Kataryň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşyga 2011-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabatda gol çekilipdi. Bu giň möçberli taslama Merkezi Aziýa, Ýakyn we Orta gündogar ýurtlarynyň arasyndaky özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem, sebit we halkara möçberinde durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biri bolmalydyr.
Forumyň çäklerinde Owganystan--Türkmenistan –Azerbaýjan—Gruziýa ulag geçelgesini döretmek meselesi boýunça hem dörttaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Taslama gatnaşýan ýurtlaryň we sebitiň beýleki döwletleriniň dünýä bazarlaryna çykmagy üçin täze mümkinçilikleri üpjün etmäge gönükdirilen bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Ýewraziýa giňişliginde söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge ýardam eder. Şeýle hem bu taslamanyň Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine, onuň TRASEKA ýaly iri sebit we halkara düzümleýin taslamalaryna birikdirilmegine, goňşy ýurduň dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagyna ýardam etjekdigi şübhesizdir.
Iki günlük maslahatyň çäklerinde birnäçe resminamalara, şol sanda Türkmenistanyň çägi arkaly Ýewraziýa awtoulag gatnawlaryny ösdürmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilendigini ýatlatmalydyrys. Şeýle hem biziň ýurdumyz Ýewraziýada demir ýol gatnawlaryny ösdürmek we bitewi demir ýol hukugyny döretmek boýunça iş hakynda Bilelikdäki Jarnama hem-de 2013-nji ýylyň fewralynda Ženewada kabul edilen Ýewraziýa ulag gatnawlarynyň geljekki ösüşi boýunça Bilelikdäki Beýannama goşuldy.
Wekilçilikli forumyň netijeleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň tutýan orny hakyndaky Aşgabat Jarnamasy kabul edildi. Ol möhüm bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge kuwwatly itergi berer, diýmek, ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine köpugurly gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge ýardam eder.
Bularyň ählisi durnukly ösüşiň we giň möçberli halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň möhüm şerti hökmünde ulag ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň tarapdary bolup durýan Türkmenistanyň oýlanyşykly we öňdengörüjilikli syýasatynyň üstünlige eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Häzirki wagtda Türkmenistan täze sebit we sebitara ulag-aragatnaşyk düzümini döretmekde möhüm ähmiýetli merkezi bolup durýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan we üstünlikli durmuşa geçirilýän uzakmöhletleýin milli maksatnamalar munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol maksatnamalar bolsa ulag pudagyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga, häzir hereket edýän ulag-aragatnaşyk ulgamyny giňeltmäge we olaryň täzelerini döretmäge gönükdirilendir. Bu çäreleriň ählisi ýurdumyzyň ulag ulgamynyň halkara aragatnaşyk düzümine işjeň goşulyşmagyna, ýurdumyzyň geografiki taýdan amatly ýerleşişini nazara almak bilen, döwletimizde sebitleýin multimodal gatnawlaryny üpjün edýän iri logistiki merkezleriň döredilmegine ýardam eder.
Dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň esasy şertleriniň birine öwrülýän ulag ulgamyny toplumlaýyn ösdürmegiň wajypdygyna göz ýetirmek bilen, Türkmenistan döwrebap ulag düzümini döretmäge uly üns berýär hem-de gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar – aýry-aýry döwletler, şeýle hem abraýly halkara düzümleri bilen bilelikde sebit we yklymara ähmiýetli iri taslamalaryň başyny başlaýar hem-de olary yzygiderli durmuşa geçirýär.
Gazagystan--Türkmenistan –Eýran demir ýolunyň gurluşygyny muňa mysal hökmünde getirmek bolar. Onuň türkmen böleginiň gurluşygy golaýda tamamlandy. Täze demir ýol häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän döwrebap ulag düzüminiň möhüm bölegi bolar. Ol Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de goňşy sebitleriň arasyndaky ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga, sebitara gatnaşyklara kuwwatly itergi bermäge mümkinçilik berer.
Beýleki bir giň möçberli taslama bolsa Türkmenistan –Owganystan—Täjigistan demir ýolunyň gurluşygy bilen baglanyşyklydyr. Bu taslama Merkezi Aziýa sebitiniň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryny iri halkara bazarlaryna çykarmak maksady bilen amala aşyrylar.
Türkmenistanyň deňiz flotuny we tutuş degişli düzümi, hususan-da, onuň möhüm bölegi bolan Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portuny ösdürmäge hem uly ähmiýet berilýär. Türkmenbaşydaky deňiz portunyň gurluşygyna 2013-nji ýylyň awgust aýynda badalga berildi. Hazaryň kenarynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde gurulýan bu port deňiz gatnawlarynyň döwrebap ulgamyny kemala getirmegiň möhüm bölegine öwrülip, Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze derejä çykarar.
Ýokarda aýdylanlary jemläp, Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň esasynda Merkezi Aziýa we Hazar sebitini Ýewraziýanyň günorta guşagyndaky strategiki durnuklylygyň ygtybarly merkeze, Ýewropa we Aziýa ýurtlar üçin uzakmöhletleýin hem-de geljegi uly ykdysady hyzmatdaşa, yklym ähmiýetli iri energetika we ulag-üstaşyr merkeze öwürmäge saldamly goşant goşmak meýliniň durýandygyny bellemelidiris. Türkmenistan möhüm halkara başlangyçlarynyň ençemesiniň, şol sanda ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda iri taslamalaryň durmuşa geçirmegiň başyny başlap, häzirki zamanyň ählumumy ösüşiniň ýörelgelerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň täze geoykdysady giňişligini döretmäge saldamly goşant goşýar.