Ï Daşary ykdysady işini ösdürmegiň hukuk esaslary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşary ykdysady işini ösdürmegiň hukuk esaslary

view-icon 10981
Türkmenistanyň Mejlisiniň awgust aýynda bolup geçen nobatdaky mejlisinde “Daşary ykdysady iş hakynda” täze Kanun kabul edildi. Daşary ykdysady işi hukuk taýdan sazlaşdyrmaga Türkmenistan ýaňy garaşsyz döwlet bolan wagtynda synanyşyldy. 1992-nji ýylyň maý aýynda “Daşary ykdysady iş hakynda” Kanun kabul edildi. 1993-nji ýylda oňa üýtgeşmeler we goşmaçalar girizildi. Geçen ýyllaryň dowamynda dünýä ykdysadyýetinde epesli üýtgeşmeleriň bolandygyny, dünýä hojalygy ulgamynda täze akymlaryň dörändigini göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmenistanyň dünýähojalygy gatnaşyklary ulgamynda ykdysadyýetiniň ornuny ýokarlandyrmak maksady bilen, Mejlis täze kanuny işläp taýýarlady.

Kanun Türkmenistanyň dünýäniň ykdysadyýetine netijeli goşulmagy üçin şertleriň üpjün edilmeginiň, daşary ykdysady iş amala aşyrylan mahalynda milli ykdysadyýetiň ösdürilmeginiň höweslendirilmeginiň we ykdysady howsuzlygynyň üpjün edilmeginiň hukuk esaslaryny kesgitleýär.

Şeýle hem Kanun daşary ykdysady işiň subýektlerini, olaryň hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýär. Kanun daşary ykdysady işiň döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegini we usullaryny, Türkmenistanyň beýleki döwletler bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlaygyny ösdürmek boýunça onuň amala aşyrylmagy üçin aýratyn şertleri we çäreleri döretmegi reglamentleşdirýär. Şeýle hem täze Kanun bu ugurda umumy kabul dilen halkara kadalary we iş tejribelerini nazara almak bilen işlenilip taýýarlanyldy.

Kanunyň esasy maksatlary – Türkmenistanyň dünýäniň ykdysadyýetine netijeli goşulmagy üçin şertleriň üpjün edilmegi, daşary ykdysady iş amala aşyrylanda milli ykdysadyýetiň ösdürilmeginiň höweslendirilmegi we Türkmenistanyň ykdysady howpsuzlygynyň üpjün edilmegi bolup durýar. Döwletiň ykdysady bähbitleriniň berjaý edilmeginiň, daşyndan edilýän täsirler babatda birkemsizliginiň we garaşsyzlygynyň üpjün edilmeginiň kepili bolup durýar.

Milli ykdysadyýeti goramak bilen, daşary ykdysady işi sazlaşdyrmak boýunça ulgamy peýdalanmak bilen, döwlet şonuň bilen bir hatarda onuň ösüşini höweslendirýär. Bu ýerde bu çäreleriň içki bazarlara daşary ýyrt harytlarynyň getirilmegi üçin gadagan edilmeleriň ýokdugyny aýratyn aýdyp geçmelidiris. Importy döwlet tarapyndan sazlaşdyrmagyň esasy maksady – Türkmenistana getirilýän haryt gurluşlaryny rasionalizasiýa bolup durýar. Döwlet milli ykdysadyýetiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, ýurtda öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga itergi berýän daşary söwda işlerini geçirmek üçin amatly ykdysady şertleri döretmek arkaly daşary ykdysady işini sazlaşdyrmaga çalyşýar.

Daşary ykdysady işi hakyndaky Kanun ,şeýle hem, milli ykdysadyýetiň gatnaşyklaryny dünýä ykdysadyýeti bilen işjeňleşdirmek üçin şertler bilen üpjün edýär. Kanunyň 2-nji maddasynda Türkmenistanyň döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, beýleki ýuridik şahsalaryň, fiziki şahslarynyň daşary ýurt döwletleri, olaryň ýuridik we fiziki şahslary, halkara guramalary bilen özara bähbitli ykdysady gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna hem-de ösdürilmegine gönükdirilendir diýlip, aýdylýar.

Ýurduň daşary ykdysady işiniň häsiýetini köp babatda bu işiň esaslanýan ýörelgeleri kesgitleýär. Olaryň arasyndan kanun konstitusiýa bilen bagly umumy ýörelgeleri – adamyň we raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny berjaý etmek, şeýle hem eýeçiligiň ähli görnüşleriniň deňhukuklygy, umumy kabul edulen halkara hukuklaryny, ýörüte hukuklary hem berjaý etmekligi tapawutlandyrypdyr.

Daşary ykdysady işi döwlet tarapyndan sazlaşdyrmagyň çäreleriniň arasynda içki bazary we ýurduň önüm öndürijileriniň goramak, Türkmenistan getirilýän harytlara tehniki, farmakologiki, sanitar, weterinar, fitosanitar, ekologiki talaplary goýmak, şeýle hem eksport gözegçiligini goýmak aýratyn orny eýeleýär. Içki bazary we ýurduň önüm öndürijilerini goramak maksady bilen, kanun birnäçe import harytlaryna paç goýmaklygy girizmek, şeýle hem import harytlarynyň aýratyn görnüşlerini getirilmegine wagtlaýyn çäklendirme girizmäge mümkinçilik berýän ýaly çäreleri belleýär.Türkmenistana getirilýän harytlara bilidirlýän talaplar barada aýdylanda bolsa, onda olar hökmany sertifikasiýalaşdyrmaga degişli bolan Türkmenistanyň önümleri we hyzmatlary standartlaşdyrma baradaky kadalaşdyryjy resminamalaryna esaslandyrylandyr. Bu talaplar daşary ykdysady işine gatnaşyjylaryň ählisi üçin hökmanydyr.

Eksport gözegçiliginiň esasy maksady – ýaraglandyrma, harby tehnika, iki wezipeli harytlar we tehnologiýalar babatda daşary ykdysady iş amala aşyrylýan mahalynda Türkmenistanyň milli bähbitlerini goramak, şeýle hem Türkmenistanyň bu ulgamda halkara borçnamalaryny berjaý etmegi bolup durýar.

Kanun subýektleriň ählisiniň hukuklaryny we bähbitlerini, bu işi alyp barmakda özbaşdaklygy goraýar. Şonuň bilen bir hatarda hem, esasan hem, Türkmenistanyň kanunçylygyny, halkara hukuklaryň kadalaryny, halkara şertnamalaryny berjaý etmekde olaryň borçlaryny reglamentleşdirýär.

Şeýlelik bilen, kanun daşary ykdysady işine gatnaşyjylaryň giň köpçüligi üçin ähli şertleriň döredilmegi, olaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak bilen üpjün edýär. Daşary ykdysady işi hakyndaky Türkmenistanyň kanunyň kadalary bozulan halatynda bu iş bilen meşgullanýan subýektiň işini ýatyrylamgy ýaly çäreler göz öňünde tutulandyr.